Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/1 sah. 9—13
  • Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • WAGYZ BABATDA GÖRKEZMÄ EÝERIP, OÝA BOLDULAR
  • «HÜŞGÄRLIK BILEN DOGA EDIŇ»
  • PÄSGELÇILIGE GARAMAZDAN, WAGYZ EDIŇ
  • «Ýehowanyň sözi... ähli ýere ýaýraýar»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Makedoniýa gel»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • «Bütin ýer ýüzünde... wagyz edersiňiz»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Pawlus «birkemsiz wagyz etdi»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/1 sah. 9—13

Isanyň resullaryndan oýa bolmagy öwreneliň

«Meniň bilen bile oýa boluň» (MAT. 26:38).

BIZ NÄME BILERSIŇIZ?

  • Wagyz babatda görkezmä eýerip, nädip oýa bolmaly?

  • Nädip hüşgärlik bilen doga etmeli?

  • Päsgelçilige garamazdan, nädip wagyz etmeli?

1—3. Isanyň ýerdäki ömrüniň soňky gijesi resullar näme ýalňyşlyk etdiler we olar mundan nähili sapak edindiler?

ISANYŇ ýerdäki ömrüniň soňky gijesini göz öňüne getiriň. Isa halaýan ýerine, ýagny Iýerusalimiň gündogarynda ýerleşýän Getsemani bagyna barýar. Ol ýany bilen resullaryny hem alýar. Isa käbir wajyp zatlar barada oýlanmalydy, şonuň üçin ýekelikde doga eder ýaly bir çola ýere gidýär (Mat. 26:36; Ýahýa 18:1, 2).

2 Isa Petrus, Ýakup we Ýahýa resullar bilen bagyň içine girýär. Isa olara: «Bu ýerde galyp, Meniň bilen bile oýa boluň» diýip, doga etmäge gidýär. Ol yzyna gelende, onuň dostlary uklap ýatyrdy. Ol ýene-de: «Oýa boluň» diýýär. Şeýle ýagdaý iki sapar gaýtalanýar! Şol gije resullarynyň hiç biri-de oýa bolup bilmedi. Olar hatda Isany taşlap gaçdylar! (Mat. 26:38, 41, 56).

3 Elbetde, resullar oýa bolmandygy üçin ökündiler. Olar öz ýalňyşlyklaryndan derrew sapak edindiler. Resullaryň işlerinde olaryň oýa bolup, gowy görelde galdyrandygy aýdylýar. Olaryň gowy göreldesi imandaşlaryna täsir eden bolmaly. Şu günler oýa bolmak has-da wajyp (Mat. 24:42). Geliň, Resullaryň işleri kitabyna göz aýlap, oýa bolmak babatda üç sapaga seredeliň.

WAGYZ BABATDA GÖRKEZMÄ EÝERIP, OÝA BOLDULAR

4, 5. Mukaddes ruh Pawlusa we ýoldaşlaryna nädip görkezme berdi?

4 Birinjiden, resullar wagyz etmek babatda görkezmä eýerip, oýa boldular. Bir gezek Isa Ýehowanyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen Pawlusa we onuň ýoldaşlaryna wagyz syýahatynda ýol görkezdi (Res. iş. 2:33). Geliň, şol waka barada okalyň (Resullaryň işleri 16:6—10-njy aýatlary okaň).

5 Pawlus, Silas we Timoteos Galatýanyň günortasynda ýerleşýän Listra şäherinden çykyp, ýola düşdüler. Olar birnäçe günden Aziýa welaýatynyň köp ilatly ýerlerine eltýän rim ýoluna baryp ýetdiler. Olar şol ýol boýunça gidip, Mesih barada eşitmedik müňlerçe adamlara wagyz etmekçidiler. Emma bir zat olaryň syýahatyna bökdenç boldy. 6-njy aýatda: «Sözi Aziýada wagyz etmeleri Mukaddes Ruh tarapyndan bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler» diýilýär (Res. iş. 16:6—10). Hudaýyň Sözünde mukaddes ruhuň olara Aziýa welaýatynda wagyz etmäge nädip päsgel berendigi aýdylmaýar. Megerem, Isa Hudaýyň ruhunyň kömegi bilen, Pawlusy we ýoldaşlaryny başga ýere iberjek bolandyr.

6, 7. a) Bitiniýanyň golaýynda Pawlusa we ýoldaşlaryna näme boldy? b) Şägirtler näme karara geldiler we netijede näme boldy?

6 Indi bu yhlasly wagyzçylar nirä gitdiler? 7-nji aýatda: «Olar Misiýa serhetlerine gelip, Bitiniýa gitjek bolanlarynda, Isanyň Ruhy muňa rugsat etmedi» diýilýär. Aziýada wagyz etmek rugsat berilmänsoň, Pawlus ýoldaşlary bilen demirgazyk tarapa ýola düşüp, Bitiniýanyň şäherlerinde wagyz etmek islediler. Emma Bitiniýa golaýlanda welin, Isa ýene-de olara mukaddes ruh arkaly päsgel berdi. Doganlar muňa haýran galan bolsa gerek. Olar näme hakda, nädip wagyz etmelidigini bilseler-de, nirede wagyz etmelidigini bilmeýärdiler. Başgaça aýtsak, Aziýa eltýän gapyny kakýarlar, hiç açylmaýar. Soňra Bitiniýa eltýän gapyny kakýarlar, ýene-de açylmaýar. Eýsem, olar gapy kakmagy bes etdilermi? Ýok, bu yhlasly wagyzçylaryň eli sowaşmady!

7 Şonda doganlar täsin bir karara gelýär. 8-nji aýatda: «Misiýadan geçip, Troasa indiler» diýilýär. Diýmek, wagyzçylar günbatar tarapa öwrülýär-de, şäherleriň deňinden geçip, takmynan 550 kilometr ýöreýär we Troasyň gämi duralgasyna barýar. Şol ýerde Pawlus we ýoldaşlary gapyny ýene-de kakdylar welin, ol giňden açyldy! 9-njy aýatda näme bolandygy aýdylýar: «Şol gije Pawlus görnüş gördi: makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup, ýalbaryp: «Makedoniýa gel, bize ýardam et!» diýdi». Ahyry, Pawlus nirede wagyz etmelidigini bildi. Olar haýal etmän gämä münüp, Makadoniýa gidýärler.

8, 9. Pawlusyň wagyz syýahaty baradaky wakadan näme öwrenýäris?

8 Biz şu wakadan näme öwrenip bileris? Üns beren bolsaň, Pawlus Aziýa tarap ýola çykandan soň, Hudaýyň ruhy görkezme berip başlady. Şeýle-de Pawlus Bitiniýanyň golaýyna barandan soň, Isa näme etmelidigini aýtdy. Ahyrynda bolsa, Pawlus Troasa barandan soň, Isa oňa Makedoniýa tarap ýol görkezdi. Ýygnagyň başy Isa bize-de şeýle görkezme berip biler (Kol. 1:18). Aýdaly, sen pioner bolmak ýa-da wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmek barada pikir edýänsiň. Sen maksadyňa ýetmek üçin ilkinji ädimleri ädeniňden soň, Isa mukaddes ruh arkaly saňa ýol görkezer. Meselem, sürüji diňe hereketdäki maşyny saga ýa çepe sürüp biler. Şonuň ýaly bizem hereketde bolsak, ýagny ruhy maksadymyza ýetmek üçin tagalla etsek, Isa bize görkezme berer.

9 Eger seniň edýän tagallaň derrew netije bermese näme? Hudaýyň ruhy maňa ýol görkezenok diýip, eliň sowaşmalymy? Pawlusyň hem şowsuzlyga uçrandygyny unutma. Şonda-da ol açyljak gapyny tapýança, agtarmagy we kakmagy bes etmedi. Sen hem «uly, iş bitiriji bir gapyny» yhlas bilen agtarsaň, onda hökman gullukda köp bereketler alarsyň (1 Kor. 16:9).

«HÜŞGÄRLIK BILEN DOGA EDIŇ»

10. Oýa bolup, hüşgärlik bilen doga etmegiň wajypdygy nämeden görünýär?

10 Geliň, indi birinji asyrdaky mesihçilerden öwrenip biljek ikinji sapaga seredeliň: olar hüşgärlik bilen doga etdiler (1 Pet. 4:7). Oýa bolmak üçin erjellik bilen doga etmek wajyp. Ýadyňyzda bolsa, Isa Getsemani bagynda tussag edilmezinden öň, üç resulyna: «Synaga düşmez ýaly oýa boluň, doga ediň» diýdi (Mat. 26:41).

11, 12. Hirodes mesihçileri, şol sanda Petrusy näme üçin we nädip yzarlaýardy?

11 Şol wakadan biraz wagt soň, Petrus ýürekden edilen doganyň güýjüni gördi (Resullaryň işleri 12:1—6-njy aýatlary okaň). Şu babyň ilkinji aýatlaryndan görnüşi ýaly, Hirodes ýehudylaryň göwnünden turmak üçin mesihçileri yzarlaýar. Ol Ýakubyň Isa has-da ýakyn resul bolandygyny bilýärdi. Şeýlelikde, Hirodes Ýakuby «gylyç bilen öldürtdi» (2-nji aýat). Dogan-uýalaryň gowy görýän resuly öldürildi. Bu doganlar üçin agyr synag boldy.

12 Soňra Hirodes näme etdi? 3-nji aýatda şeýle düşündirilýär: «Ol munuň ýehudylaryň göwnüne ýaranyny görüp, soňra Petrusy-da tutdy». Emma mundan öň käbir resullar, şol sanda Petrus hem türmeden gudrat arkaly boşadylypdy (Res. iş. 5:17—20). Hirodes mundan habarlydy. Mekir syýasatçy elinden gelenini gaýgyrmady. Ol Petrusy «Pesahdan soň halk öňüne çykarmak niýeti bilen zyndana saldy-da, her biri dört esgerden ybarat bolan dört topary oňa garawul goýmagy tabşyrdy» (4-nji aýat). Muny göz öňüne getiriň! Petrus gaçmaz ýaly, Hirodes ony iki esgeriň arasynda zynjarlaýar hem-de 16 esgeri gije-gündiz gezekli-gezegine garawul goýýar. Hirodes Petrusy Pesah (Pasha) baýramyndan soňra halkyň öňüne çykaryp, olaryň göwnünden turmak üçin öldürmekçidi. Şeýle çykgynsyz ýagdaýda Petrusyň imandaşlary näme etdi?

13, 14. a) Petrus türmä basylanda, ýygnakdaky dogan-uýalar näme etdi? b) Biz mundan näme öwrenip bileris?

13 Ýygnakdaky dogan-uýalar näme etmelidigini gowy bilýärdi. 5-nji aýatda şeýle diýilýär: «Petrus zyndanda saklanýardy, ýöne ýygnak onuň üçin Hudaýa jan çekip doga edýärdi». Dogan-uýalar Petrus üçin ýürekden we erjellik bilen doga edýärdi. Olar Ýakup öldürildi, indi doga etmegiň hiç hili peýdasy ýok diýip, umydyny üzmediler. Olar wepaly gullukçylarynyň dogalarynyň Ýehowa ýaraýandygyny bilýärdi. Ýehowa olaryň dogalaryna jogap berdi, çünki onuň islegine gabat gelýärdi (Ýew. 13:18, 19; Ýakup 5:16).

14 Biz bu mesihçilerden näme öwrenip bileris? Biz oýa bolmak islesek, diňe özümiz üçin däl-de, eýsem, dogan-uýalar üçin hem doga etmeli (Efes. 6:18). Siz synaga uçran dogan-uýalary tanaýarsyňyzmy? Belki, olaryň käbiri yzarlanýandyr ýa-da tebigy betbagtçylykdan ejir çekýändir. Käbir dogan-uýalar hoş habary wagyz etmek gadagan edilen ýurtda ýaşaýarlar. Şol dogan-uýalar üçin erjellik bilen doga etsek gowy bolardy. Belki, siz derrew göze ilmeýän kynçylyk çekýän dogan-uýalary tanaýansyňyz. Olar ýarawsyzdyr ýa-da maşgalasynda kynçylyklary bardyr ýa-da göwnüçökgünlikden ejir çekýändir. Şeýle dogan-uýalar barada oýlanyp, «dogalary eşidýän» Ýehowa olaryň adyny tutup doga etsek, gowy bolardy (Zeb. 65:2).

15, 16. a) Ýehowanyň perişdesi Petrusy nädip türmeden boşatdy? b) Ýehowanyň Petrusy azat edişi barada oýlansak, näme üçin imanymyz berkär?

15 Soňra Petrusa näme bolduka? (Resullaryň işleri 12:7—11-nji aýatlary okaň). Göz öňüne getir, Petrusa ölüm jezasy berilmelidi. Türmede iň soňky gije Petrus iki garawulyň arasynda uklap ýatyrka, birdenkä, nur ýalpyldaýar. Peýda bolan perişdäni Petrus görse-de, iki garawul görmeýär. Perişde oňa tiz tur diýen badyna Petrusyň zynjyrlary üzülip, elinden ýere gaçdy! Perişde ony türmeden çykaryp, daşynda duran garawullaryň ýanyndan geçirensoň, şähere çykylýan uly demir derwezä eltýär. Derweze «öz-özünden açylýar». Olar türmeden çykanda, perişde birdenkä ýitirim boldy. Petrus indi azatlyga çykdy!

16 Ýehowanyň gullukçylaryny azat etmäge güýji ýetýändigi barada oýlananymyzda, imanymyz berkeýär. Elbetde, şu günler Ýehowa bizi şeýle gudrat arkaly halas eder öýtmeýäris. Emma biziň günlerimizde Ýehowa halkynyň bähbidi üçin güýjüni gaýgyrmaýar (2 Tar. 16:9). Ol kuwwatly mukaddes ruhy arkaly islendik synaga döz gelmäge kömek edýär (2 Kor. 4:7; 2 Pet. 2:9). Tizden Ýehowa millionlarça adamlary berk türmeden, ýagny ölümden azat etmäge Ogluna güýç berer (Ýahýa 5:28, 29). Şu günler Hudaýyň wadasyna bolan imanymyz synaglara döz gelmäge güýç-kuwwat berýär.

PÄSGELÇILIGE GARAMAZDAN, WAGYZ EDIŇ

17. Pawlus resul yhlasly we gaýragoýulmasyz wagyz edip, nähili gowy görelde görkezdi?

17 Üçünjiden, biz oýa bolmak üçin resullardan ýene-de bir sapak edinip bileris. Olar päsgelçilige garamazdan, her bir mümkinçilikden peýdalanyp, ökde wagyz edýärdi. Oýa bolmak üçin yhlasly we gaýragoýulmasyz wagyz etmeli. Pawlus resul bu babatda gowy görelde görkezdi. Ol güýjüni gaýgyrman, köp ýerlere aýlanyp wagyz edip, ençeme ýygnaklar döretdi. Pawlus ençeme kynçylyklara duş gelse-de, yhlasly we gaýragoýulmasyz wagyz edýärdi (2 Kor. 11:23—29).

18. Pawlus resul tussagdaka nädip wagyz edýärdi?

18 Indi Resullaryň işleri kitabynyň 28-nji babyna seredeliň. Şol bapda Pawlus resul barada iň soňky sapar aýdylýar. Pawlus resul Rime baryp, Neronyň huzurynda durmalydy. Ol tussagda zynjyra baglanan bolsa-da, yhlasly resuly hiç zat dymdyryp bilmedi! Pawlus resul adamlara wagyz etmek üçin her bir mümkinçilikden peýdalanýardy (Resullaryň işleri 28:17, 23, 24-nji aýatlary okaň). Ol Rime baryp, üç gün geçensoň, ýehudylaryň abraýly adamlaryny çagyryp, wagyz etdi. Soňra ol has köp wagyz etmek üçin bir gün belledi. 23-nji aýatda şeýle diýilýär: «Bir güni belläp, köp adamlar onuň ýanyna, bolýan ýerine geldiler. Ol hem Hudaýyň Patyşalygyna güwä geçmek bilen, olara hakykaty düşündirdi. Ir ertirden giç agşama çenli Musanyň kanunyna, pygamberler ýazgysyna salgylanyp, olary Isa ynandyrmaga çalyşdy».

19, 20. a) Pawlus resul näme üçin ökde wagyz edýärdi? b) Adamlaryň hemmesi hoş habary kabul etmese-de, bu Pawlusa nähili täsir etdi?

19 Näme üçin Pawlus resul şeýle gowy wagyz edýärdi? 23-nji aýatda munuň birnäçe sebäbi düşündirilýär. 1) Ol Hudaýyň Patyşalygyna we Isa Mesihe üns berýärdi; 2) ol gowy deliller arkaly diňleýjilerini ynandyrmaga çalyşdy; 3) ol Mukaddes Ýazgylara salgylanyp düşündirýärdi; 4) ol «ir ertirden giç agşama çenli» janaýaman wagyz etdi. Pawlus resul ökde wagyz etse-de, adamlaryň hemmesi hoş habary kabul etmedi. 24-nji aýatda: «Aýdylan zatlara käbiri ynandy, käbiri ynanmady» diýilýär. Adamlar özara ylalaşman gitdiler.

20 Adamlaryň hemmesi hoş habary kabul etmändigi üçin, Pawlus resul lapykeç boldumyka? Elbetde, bolmady! Resullaryň işleri 28:30, 31-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Pawlus tutuş iki ýyllap öz kireýine tutan jaýynda bolup, ýanyna gelenleriň baryny kabul etdi. Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edip, Reb Isa Mesihe degişli zatlary bütin gaýratlylyk bilen bökdençsiz öwretdi». Resullaryň işleri kitaby şeýle ýakymly sözler bilen tamamlanýar.

21. Pawlus resulyň öý tussagyndaka, görkezen göreldesinden näme öwrenip bileris?

21 Biz Pawlusyň göreldesinden näme öwrenip bileris? Pawlus öý tussagyndaka, öýden-öýe wagyz edip bilmeýärdi. Emma ol ruhdan düşmän, ýanyna gelen ähli adamlara wagyz edýärdi. Şonuň ýaly häzirem Hudaýyň halky imany üçin türmä nähak basylsa-da, şatlygyny ýitirmän öňküsi ýaly wagyz edýärler. Käbir gadyrly dogan-uýalar garrylygy ýa-da ýarawsyzlygy sebäpli öýünden çykyp bilmeýär ýa-da garrylar öýünde ýaşaýar. Muňa garamazdan, olar lukmanlara, işgärlere, görmäge gelýän adamlara we başgalara wagyz edýärler. Olar Hudaýyň Patyşalygy barada ýürekden wagyz etmek isleýärler. Biz olaryň şeýle gowy göreldesiniň gadyryny bilýäris!

22. Sen dünýäniň soňuna garaşyp, näme etmegi ýüregiňe düwdüň?

22 Resullaryň işleri kitabyndaky resullardan we beýleki birinji asyrda ýaşan mesihçilerden oýa bolmak barada köp zatlary öwrendik. Şu dünýäniň soňuna garaşyp, geliň, olaryň göreldesine eýerip, batyrgaý we yhlasly wagyz edeliň. Şu günler Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz etmek ýaly hormatly iş ýokdur! (Res. iş. 28:23).

[12-nji sahypadaky surat]

Perişde Petrusy uly demir derwezeden çykardy

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş