Hödürleriň nusgasy
Fewral aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
«Adamlaryň köpüsi bu dünýäde zalymlygyň Iblisdendigini bilýärler. Emma olar: «Iblis nädip peýda boldy? Ony Hudaý ýaratdymyka?» diýip geň galýarlar. Siz şu soraglara nähili jogap bererdiňiz? (Jogap bersin). Şu ýerde aýdylanlara üns beriň». «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji fewral aýynda çykan sanynyň soňky sahypasyndaky makalany görkeziň we birinji abzasa we gitirilen aýada serediň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
«Garawul diňi», 1-nji fewral
«Biz hristianlaryň, ýewreýleriň we musulmanlaryň hormat goýýan adamy Musa pygamber barada pikiriňizi bilesimiz gelýär. Onuň adyny eşiden badyňyza näme ýadyňyza düşýär? (Jogap bersin). Musa pygamber köp ýalňyşsa-da, Töwratda ol barada şeýle diýilýär (Kan. tag. 34:10—12-nji aýatlary oka). Bu žurnalda onuň üç gowy häsiýeti we ondan nädip görelde alyp bolýandygy barada aýdylýar».
«Oýanyň!», fewral
«Şu günler adamlar gowy ýaşajak bolup başga ýurtlara göçýärler. Siziň pikiriňizçe, olar gözlän gowy ýaşaýşyny hemişe tapýarmyka? (jogap bersin). Başga ýurda göçmek bu täzelik däl. Bu barada Mukaddes Ýazgylaryň ilkinji kitabynda aýdylýar (Gelip çykyş 46:5, 6-njy aýatlary oka). Bu žurnalda şu soraglara jogap berilýär». Birinji makalanyň soňunda berilýän soraglary adama görkez.