Wagyz etmegi bes etmelimi?
Käbir wagyzçylar belli bir wagta, belki günortana çenli wagyz edýändir. Elbetde, käbirleri dürli sebäplere görä, belli bir wagta çenli wagyz edip bilýändir. Emma sen toparda başga dogan-uýalaryň wagyz etmegini goýandygy ýa-da özüň belli bir wagta çenli wagyz etmegi endik edendigiň üçin wagyz etmegiňi bes edermiň? Sen wagzyň başga görnüşlerine gatnaşyp, meselem, köçede wagyz edip, ýene-de birnäçe minut wagyz etmegiňi dowam edip bilermiň? Sen ikilenç ideg edip bilermiň ýa-da meýdançaňa ýene-de baryp bilermiň? Sen gyzyklanan adamy öýünde tapsaň ýa-da ýene-de köçede adamlara žurnallary hödür etseň, gör, nähili ýagşylyk edersiň! Sen wagyz etmegi bes etmän, ýene-de birnäçe minut wagyz etseň, ýönekeý usul bilen köp «öwgi gurbanlaryny» berersiň (Ýew. 13:15).