«Şu günler Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?» diýen broşýurany nädip geçmeli?
Täze broşýura okuw geçýänleri gurama bilen tanyşdyrmak üçin niýetlendi
1. «Ýehowanyň islegi» diýen broşýura näme maksat bilen çykaryldy?
1 Sen «Şu günler Ýehowanyň islegini kim ýerine ýetirýär?» (rus.) diýen broşýurany geçip başladyňmy? Onuň maksady: 1)okuw geçýänleri Ýehowanyň Güwäçileri bilen tanyşdyrmak; 2) olara edýän işlerimiz barada bilmäge kömek etmek; 3) olary guramanyň edýän işleri bilen tanyşdyrmak. «Ýehowanyň islegi» diýen broşýuranyň her sahypasynda bir sapak ýerleşip, ony Mukaddes Ýazgylar okuwynyň soňunda 5—10 minut geçse bolýar.
2. Broşýuranyň mazmunyny we aýratynlyklaryny gürrüň ber.
2 Broşýuranyň mazmuny. Ýokarda belläp geçilişi ýaly, broşýura üç bölümden ybarat bolup, onda Ýehowanyň guramasy ähli taraplaýyn seredilýär. 28 sapagyň ady-da, sorag sözlemi bilen başlanyp, şol soraga goýy harply sözbaşylar bilen jogap berilýär. Bütin dünýäde biziň edýän işlerimiz 50-den gowrak ýurduň suratlarynda görkezilýär. Käbir sapaklarda «Goşmaça maglumat» diýen bukja bar. Sen okuw geçýäniňe ondaky maslahatlara eýermäge kömek edip bilersiň.
3. «Ýehowanyň islegi» diýen broşýurany nädip geçip bileris?
3 Ony nädip geçmeli? Sapagyň adyndaky soragy berip, sapaga başlap bilersiň. Soňra sapagy bile okap, goýy harply sözbaşylara üns beriň. Ahyrynda, sapagyň aşagyndaky soraglara seredip geçiň. Sen sapagy başdan-aýak okap bilersiň ýa-da bölekleýin okap, pikir alyş. Haýsy aýatlary okamalydygyny özüň çözüp bilersiň. Suratlara we «Goşmaça maglumat» diýen bukja seretmegi unutma. Köplenç sapaklary yzygider geçmeli. Emma okuw geçýäni başga bir sapak gyzyklandyrsa, arkaýyn ony geçip bilersiň. Meselem, etrap ýa-da welaýat kongresi bolmaly bolsa, sen 11-nji sapagy geçip bilersiň.
4. Sen näme üçin täze broşýura begenýärsiň?
4 Biz kimdir biri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçenimizde, oňa gökdäki Atamyz bilen tanyşmaga kömek edýäris. Emma biz oňa Ýehowanyň guramasy barada hem öwretmeli (Sül. tym. 6:20). Biz şeýle aňsat geçip bolýan täze broşýuranyň bardygyna begenýäris!