Olary güler ýüz bilen garşy alyň!
1. Haýsy baýramçylyk güwä geçmäge gowy mümkinçilik berýär we näme üçin?
1 Her ýyl bellenilýän Ýatlama agşamynda güwä geçmäge gowy mümkinçilik bolýar. Şu ýyl Ýatlama agşamyna geljek 10 milliondan gowrak adam töleg gurbany arkaly Ýehowanyň we Isa Mesihiň görkezen uly söýgüsi barada eşider (Ýahýa 3:16; 15:13). Şeýle-de Ýehowanyň sowgady arkaly aljak bereketlerini biler (Iş. 65:21—23). Emma baýramçylykda diňe bir doklad bilen çykyş edýän dogan güwä geçmeýär. Dogan-uýalaryň ählisi Ýatlama agşamyna gelen adamlary güler ýüz bilen garşy alyp, gowy güwä geçip biler (Rim. 15:7).
2. Biz Ýatlama agşama gelenleri nädip mähirli garşy alyp bileris?
2 Oturmaga ýer tapyp, programmanyň başlanmagyna ümsüm garaşyp oturman, ýanyňyzda oturanlar bilen tanyşsaňyz gowy bolardy. Gelen adamlar näme boljagyny bilmän çekinmegi mümkin. Biz olary güler ýüz bilen garşy alsak, olar özüni rahat duýarlar. Çakylyk boýunça gelen adamdan: «Duşuşygymyza birinji gezek geldiňizmi ýa-da ýygnakdan kimdir birini tanaýaňyzmy?» diýip sora. Belki, oňa ýanyňda oturmagy, Mukaddes Ýazgylaryňdan bile yzarlamagy, aýdym kitabyňdan bile aýdym aýtmagy teklip edersiň. Baýramçylyk Patyşalyk zalynda geçirilýän bolsa, oňa gysgaça ekskursiýa etmegi teklip et. Doklad gutarandan soň ondan: «Soraglaryňyz barmy?» diýip sorap bilersiň. Eger başga ýygnak üçin zaly boşatmaly bolsa, sen: «Dokladda nämäniň göwnüňize ýarandygyny bilesim gelýär. Siz bilen nädip görşüp bolarka?» diýip bilersiň. Soňra başga bir güni görüşmek üçin wagt belleş. Ýaşulular bolsa, esasanam, baýramçylyga gelen yhlassyz wagyzçylary ruhlandyrjak bolar.
3. Näme üçin Ýatlama agşamyna gelenleri güler ýüz bilen garşy almagymyz wajyp?
3 Baýramçylyga gelenleriň köpüsi birinji gezek Ýehowanyň halkynyň arasyndaky şatlygy, parahatlygy we agzybirligi görer (Zeb. 29:11; Iş. 11:6—9; 65:13, 14). Bu olara nähili täsir eder? Elbetde, köp zat olary güler ýüz bilen garşy almagymyza bagly bolar.