Gowy güwälik geçiler
1. Ýatlama agşamyna gelen adamlary dokladdan başga ýene näme ruhlandyryp biler? Düşündiriň.
1 Haçan? Ýatlama agşamynda. Bu baýramçylyga gelen adamlara diňe bir diňlän zatlary däl-de, gören zatlary-da täsir edýär. Bir aýal Rebbiň Ýatlama agşamyna gelende, ol ýerdäki mähirli adamlary, owadan hem arassa jaýy görüp, örän ruhlanýar. Diýmek, Ýatlama agşamynda dokladçy-da, biziň her birimiz-de gowy güwälik berip bileris (Efes. 4:16).
2. Biziň her birimiz baýramçylyga gelenlere nädip ünsli bolup bileris?
2 Mähirli garşylaň. Ýatlama agşamyna gelenleri güler ýüz bilen mähirli garşy alsak, gowy güwälik bereris (Ýahýa 13:35). Sen gelen adamlaryň ählisi bilen gürrüňdeş bolup bilmeseň-de, ýanyňda oturanlar bilen mähirli salamlaşyp, olar bilen tanşyp bilersiň (Ýew. 13:1, 2). Ilkinji sapar gelen adamlara has-da ünsli bolmaly. Olary ýanyňda oturmaga çagyr we soraglaryna jogap ber. Eger siziň ýygnanan ýeriňizde başga topar hem baýramçylygy geçirmeli bolup, siz gaýtmaly bolsaňyz, onda sen tanşan adamyňa şeýle diýip bilersiň: «Men bu baýramçylyk barada siziň pikiriňizi bilesim gelýär. Siziň bilen nädip habarlaşyp bolar?»
3. Biz yhlasy gowşan wagyzçylary nädip garşylap bileris?
3 Yhlasy gowşan wagyzçylary garşylaň. Elbetde, baýramçylyga yhlasy gowşan hem-de her ýyl diňe Ýatlama agşamyna gatnaşýan wagyzçylar hem geler. Olary göreniňizde, ýürekden begenýändigiňizi bildiriň (Rim. 15:7). Ýygnak ýaşululary baýramçylykdan soň, olary derrew ideg edip, ýygnak duşuşyklaryna gelmäge höweslendirip biler. Ýatlama agşamyna gelenler diňe bir eşiden zatlary üçin däl-de, eýsem, «oňat işlerimizi görüp... Hudaýy şöhratlandyrarlar» diýen umyt bilen doga edýäris (1 Pet. 2:12).