«Hudaýyň hoş habary» diýen broşýurany nädip geçmeli?
Täze broşýura ikilenç ideg etmäge we okuw geçip başlamaga kömek etmek üçin niýetlendi
1. «Ýüregiňi gora!» atly welaýat kongresinde ikilenç ideg etmäge we okuw geçip başlamaga kömek edýän nähili täze broşýura aldyk?
1 Biz «Ýüregiňi gora!» atly welaýat kongresinde ikilenç ideg etmäge we okuw geçip başlamaga kömek edýän täze broşýurany aldyk. «Hudaýyň hoş habary» (rus.) atly gysga sapakly broşýura «Talap» broşýuranyň deregine çykaryldy. Bu broşýuranyň kömegi bilen gapynyň agzynda Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlasa bolýar. «Talap» broşýuradaky mesihçiler üçin talaplar okuw geçýän adama durmuşyny üýtgetmäge kömek edýärdi. Bu täze broşýurada bolsa, esasanam, Mukaddes Ýazgylardaky hoş habara üns berilýär (Res. iş. 15:35).
2. «Hudaýyň hoş habary» atly broşýura näme üçin çap edildi?
2 Näme üçin bu broşýura çykaryldy? Bütin dünýädäki doganlar «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitap boýunça okuw geçip başlar ýaly, adamlary hakykata çekmek üçin ýönekeý broşýurany çap etmegi haýyş etdiler. Kitapdan okuw geçmäge gorkýan adamlar köplenç broşýuradan höwes bilen geçýärler. Onsoňam, bu broşýurany köp dillere terjime etmek hem örän aňsat.
3. Bu broşýuranyň beýleki edebiýatlardan näme tapawudy bar?
3 Broşýuranyň mazmuny. Okuw geçilýän edebiýatlarymyzyň köpüsi adamlar özbaşdak okap, düşüner ýaly ýazylýar. Bu broşýura bolsa beýleki edebiýatlardan tapawutlanýar. Ol Mukaddes Ýazgylar okuwyny mugallym bilen geçmek üçin ýazyldy. Şol sebäpli ony birine hödür edende, bir ýa iki abzasa seredilse gowy bolar. Abzaslar şeýle kiçi bolandygy üçin, olary gapynyň agzynda ýa-da işlenilýän ýerde hem seretse bolýar. Broşýurany birinji sapakdan ýa-da islendik ýerinden hem geçip başlasa bolýar.
4. Broşýura göni Mukaddes Ýazgylardan öwretmäge nädip kömek edýär?
4 Edebiýatlarymyzyň köpüsinde berilýän soraglaryň jogabyny abzaslardan tapsa bolýar. Emma bu broşýurada jogaplary, esasanam, Mukaddes Ýazgylardaky aýatlardan tapyp bolýar. Adamlaryň köpüsi edebiýatlarymyzy däl-de, Mukaddes Ýazgylary öwrenmek isleýär. Şol sebäpli hiç bir aýatdan sitata getirilmeýär. Olary göni Mukaddes Ýazgylardan okaň. Bu okuw geçýän adama Hudaýyň Sözüni öwrenýändigine düşünmäge kömek edýär (Iş. 54:13).
5. Näme üçin okuw geçirýän dogan ýa uýa her bir sapaga öňünden gowy taýýarlyk görmeli?
5 Broşýurada ähli aýatlar düşündirilmeýär. Näme üçin? Bu okuw geçýän adama sorag bermäge höweslendirýär, okuw geçirýäne bolsa mugallymçylyk ukybyny ulanmaga mümkinçilik berýär. Şol sebäpli her sapaga öňünden taýýarlyk görmek örän wajyp. Ýöne kän gürlemekden seresap boluň. Biz aýatlary özümiz düşündirmegi gowy görýäris. Emma aýadyň manysyna nähili düşünendigini köplenç okuw geçýän adamdan soramaly. Biz sypaýyçylyk bilen soraglar berip, oňa her bir aýadyň manysyna düşünmäge kömek edýäris (Res. iş. 17:2).
6. Broşýurany: a) Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara ynanmaýan adamlara wagyz edende; b) öýden-öýe wagyz edende; ç) Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak üçin göni teklip edende; d) ikilenç ideg edende, nädip ulanyp bileris?
6 Her aý nähili edebiýat ýaýradylsa-da, okuw geçirilýän başga edebiýatlar ýaly, broşýurany islendik wagt hödür etse bolýar. Dogan-uýalaryň köpüsi bu broşýurany Mukaddes Ýazgylar okuwyny gapynyň agzynda başlamak üçin göni teklip edýärler. Şeýle-de welaýat kongresinde aýdylyşy ýaly, şu broşýura arkaly gyzyklanan adamlara ikilenç ideg etmek örän aňsat! 5—7-nji sahypalardaky bukjalara seret.
7. Broşýura arkaly nädip okuw geçirip bilersiňiz?
7 Nädip okuw geçirmeli? Biz goýy ýazylan soraglary okap, sapaga başlap bileris. Soňra abzasy we kursiw, ýagny gyýakhat bilen ýazylan aýatlary okamaly. Adama aýatlaryň manysyna düşünmäge kömek eder ýaly, sypaýyçylyk bilen soraglar beriň. Soňra indiki bölüme geçmänkä, onuň düşünendigini bilmek üçin goýy ýazylan soragy beriň. Başda birnäçe ideg edeniňizde, iň gowusy, goýy ýazylan soraglaryň diňe birine serediň. Käwagt köpräk pikir alşyp, sapagy doly geçip bilersiňiz.
8. Biz nädip aýatlara salgylanmaly we näme üçin?
8 Köplenç «okaň» diýlen sözden soň getirilen aýatlarda goýy ýazylan soraglara göni jogap berilýär. Aýatlara salgylananyňyzda, «Pawlus resul ýazdy» ýa-da «Ýeremiýanyň pygamberlik edişine üns beriň» diýmäň. Ýogsam, adam biz ynsan sözlerini okaýandyrys öýder. Oňa derek, «Hudaýyň Sözünde diýilýär» ýa-da «Mukaddes Ýazgylarda pygamberlik edilişine üns beriň» diýsek gowy bolar.
9. Sapak geçende, getirilýän ähli aýatlary okamalymy?
9 Biz ähli aýatlary ýa-da diňe «okaň» diýen aýatlary okamaly? Ýagdaýa görä bolmaly. Ähli aýatlar ýöne ýere getirilmän, eýsem Mukaddes Ýazgylardan pikirler bolany üçin getirilýär. Olaryň her birinde pikir alyşmak üçin wajyp maglumat bar. Emma käbir ýagdaýlarda okuw geçýän adamyň wagty, kän bir höwesi bolmasa ýa-da gowy okap bilmese, diňe «okaň» diýlen aýatlara seredip bilersiňiz.
10. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyna haçan geçip bileris?
10 «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyna haçan geçmeli? Birnäçe gezek pikir alşyp, yzygider sapak geçip başlanda, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyndan ýa-da «Hoş habar» atly broşýuradan tä gutarýança geçip bileris. Kitaba haçan geçmelidigini wagyzçynyň özi çözýär. «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyna geçensoň, ony başdan geçip başlamalymy? Ýok, bu hökman däl. Her bir adam bir-birinden tapawutlanýar. Emma öwrenýänleriň köpüsi üçin «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyndan şol bir temalara ýene-de jikme-jik seredilse, peýdaly bolar.
11. Biz näme üçin täze broşýurany ökdelik bilen hödür etmeli?
11 Gowy habara zar dünýäde, iň oňat habary — Hudaýyň Patşalygynyň we tizden täze dünýäde dogrulygyň höküm sürjekdigini wagyz etmek biziň üçin uly hormatdyr! (Mat. 24:14; 2 Pet. 3:13). Biz bu habary eşidenleriň köpüsiniň şu ylhamlanan sözlere goşuljakdygyna ynanýarys: «Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siýona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär» (Iş. 52:7). Biz täze broşýura arkaly ýaşaýan ýerimizdäki hakykata suwsaýan adamlara Hudaýyň hoş habaryny ýetirýäris!
[5-nji sahypadaky çarçuwa]
Hudaýa we Mukaddes Ýazgylara ynanmaýan adamlara wagyz edende:
● Käbir ýerlerde wagyzçylar «Hudaý» we «Mukaddes Ýazgylar» diýende, sözüni bölýändiklerine göz ýetirdiler. Şol sebäpli, ilkinji idegde, iň gowusy ýerli kynçylyklar barada, meselem, gowy hökümetiň gerekdigi, maşgalalara peýdaly maslahatlary nireden almalydygy we nähili gelejek garaşýandygy ýaly temalar hakynda gürrüň etmeli. Biz näme üçin Hudaýyň bardygy we Mukaddes Ýazgylara ynanyp bolýandygy hakynda birnäçe gezek gürrüň edensoň, «Hoş habar» atly broşýurany teklip edip bileris.
[6-njy sahypadaky çarçuwa]
Öýden-öýe wagyz edeniňde:
● «Men size adamlaryň gelejegi barada Hudaýyň niýetini bilip bolýandygyny görkezmäge geldim. Siz özüňize: «Hudaý horluklary aýrarmyka?» diýen soragy beripdiňizmi? (Jogap bersin). Şu soragyň jogabyny Mukaddes Ýazgylardan tapyp bolýandygy bu broşýurada görkezilýär. (Broşýurany oňa berip, 1-nji sapakdaky birinji abzasy we Ýermeýa 29:11-i oka). Indi siz, Hudaýyň bize has gowy gelejek isleýändigine göz ýetirdiňizmi? (Jogap bersin). Eger broşýura göwnüňize ýaran bolsa alaýyň. Indiki sapar ikinji abzasa seredip, Mukaddes Ýazgylardan «Hudaý horluk çekýän adamlara nädip kömek eder?» diýen soragyň jogabyny bileris». Eger-de adamyň wagty bolsa, onda ikinji abzasa we Mukaddes Ýazgylardan üç aýada serediň. Şol sapagyň ikinji soragyna seretmek üçin ikilenç idege gürleşiň.
● «Adamlaryň köpüsi, esasasanam, kynçylyga uçranda, Hudaýa doga edýärler. Siz hem käwagt doga edýärsiňizmi? (Jogap bersin). Siziň pikiriňizçe, Hudaý ähli dogalary eşidýärmikä ýa-da käbir dogalar oňa ýaramaýarmy? (Jogap bersin). Şu soraglaryň jogabyny Mukaddes Ýazgylardan nädip tapyp bolýandygy broşýurada görkezilýär (Broşýurany oňa berip, 12-nji sapakdaky birinji abzasy we «okaň» diýen aýatlary oka). Eýsem, Hudaýyň dogalarymyzy eşidýändigi täsin dälmi? Emma biz doganyň güýjüni duýar ýaly Hudaýy gowy tanamaly (2-nji sapagy açyp, sözbaşylara üns ber). Eger isleseňiz, men size broşýurany berip bilerin, indiki sapar bolsa Mukaddes Ýazgylardan şu wajyp soraglaryň jogabyny okarys».
● «Adamlar dünýäniň soňy näme bolar diýip biynjalyklanýar. Siziň pikiriňizçe, dünýäniň ýagdaýy gowulaşarmyka? (Jogap bersin). Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylarda umyt berýän hoş habaryň bardygyna geň galýarlar. Şu broşýurada käbir soraglara Mukaddes Ýazgylardan jogap berilýär». Broşýurany oňa berip, soňky sahypadaky soraglaryň haýsysy gyzyklandyrandygyny soraň. Soňra sapagy açyp, okuw geçilişini görkeziň. Şol sapagyň indiki soragynyň jogabyny bilmek üçin ikilenç idege gürleşiň.
[7-nji sahypadaky çarçuwa]
Göni teklip edeniňde:
● «Men sizi täze broşýura boýunça Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmegi teklip etmek üçin sakladym. Bu broşýura 15 sapakdan ybarat we Mukaddes Ýazgylardan wajyp soraglara jogap berilýär. (Oňa broşýuranyň birinji we soňky sahypasyny görkez). Siz haçanam bolsa Mukaddes Ýazgylara düşünesiňiz gelipmidi? (Jogap bersin). (3-nji sapakdaky üçünji soragyň birinji abzasyna serediň we Ylham 21:4, 5-nji aýatlary okaň. Ýerlikli bolsa, indiki abzasa we «okaň» diýen aýatlara hem serediň). Isleseňiz men size broşýurany berip bilerin. Biz size iň bolmanda bir sapar Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip görmegi maslahat berýäris. Eger göwnüňize ýarasa, dowam edip bilersiňiz. Indiki gezek biz 1-nji sapaga serederis. Üns berseňiz, 1-nji sapak ýekeje sahypada ýerleşýär».
[7-nji sahypadaky çarçuwa]
Ikilenç ideg edeniňde:
● Biz gyzyklanan adamy ikilenç ideg edenimizde, şeýle diýip bileris: «Ýene-de sizi görmäge örän şat. Men size köp gyzykly soraglara Mukaddes Ýazgylar esasynda jogap berilýän broşýura getirdim (Broşýurany oňa berip, soňky sahypasyna seretmegi haýyş et). Şu temalaryň haýsysy sizi has gyzyklandyrýar? (Jogap bersin. Soňra onuň saýlan sapagyny açyp bilersiň). Geliň, men size şu broşýura arkaly Mukaddes Ýazgylardan nädip jogap tapyp bolýandygyny görkezeýin». Bir ýa iki abzasa we «okaň» diýlen aýatlara seredip, sapak geçilişini görkeziň. Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak, gör, nähili aňsat! Broşýurany oňa goýup gidip, ýene-de bir gezek görüşmegi gürleş. Şu sapagy gutaransoň, onuň saýlan sapagyny ýa-da broşýuranyň başyndan geçip bilersiň.