Biz näme üçin wagyz edýäris?
1. Hudaýa edilýän gulluk bilen söýginiň näme baglanyşygy bar?
1 Şu günler biz hoş habary wagyz edip, iň wajyp işi ýerine ýetirýäris. Şeýdip, iň uly iki tabşyrygy berjaý edýäris, ýagny Ýehowa we adamlara bolan söýgimizi bildirýäris (Mar. 12:29—31). Biz Hudaýy güýçli söýýändigimiz üçin yhlasly gulluk edýäris (1 Ýahýa 5:3).
2. Biz wagyz edip, Ýehowa bolan söýgimizi nädip görkezýäris?
2 Ýehowa bolan söýgi. Biz gadyrly Dostumyz Ýehowany söýýändigimiz üçin onuň tarapyny tutýarys. Şeýtan 6 müň ýyl gowrak mundan öň oňa töhmet atdy (2 Kor. 4:3, 4). Şol sebäpli adamlar Hudaýyň üç ýüzli Hudaýdygyna, günäli adamlary dowzah odunda gynaýandygyna we ynsanlara biparh garaýandygyna ynanýarlar. Hatda adamlaryň köpüsi Hudaý ýok diýýärler. Biz adamlaryň gökdäki Atamyz barada hakykaty bilmegini örän isleýäris! Biz Hudaý barada yhlasly wagyz edip, ony has şatlandyrýarys, Şeýtany bolsa gynandyrýarys (Sül. tym. 27:11; Ýew. 13:15, 16).
3. Biz wagyz edip, adamlary söýýändigimizi nädip görkezýäris?
3 Adamlara bolan söýgi. Biz her sapar birine wagyz edenimizde, şol adama bolan söýgimizi bildirýäris. Şu soňky kyn günlerde adamlar hoş habary eşitmäge örän mätäç. Olaryň köpüsi Ýunus pygamberiň günlerindäki «sagyny-soluny saýgaryp bilmeýän» adamlara meňzeýär (Ýunus 4:10). Biz Hudaýa gulluk edip, olara gowy we bagtly ýaşamagy öwredýäris (Iş. 48:17—19). Bu olara umyt berýär (Rim. 15:4). Eger olar diňläp, öwrenen zatlaryna durmuşynda eýerseler «gutular» (Rim. 10:13, 14).
4. Ýehowa nämäni hiç haçan unutmaz?
4 Gowy çagalar ene-atasyny diňe bir belli wagt däl-de, hemişe söýýärler. Şonuň ýaly Hudaýy we adamlary güýçli söýýändigimiz üçin diňe wagyzda däl, eýsem her mümkinçilikden peýdalanyp, wagyz ederis. Biz wagyz etmegimiziň yzyny üzmeris (Res. iş. 5:42). Ýehowa şeýle söýgini hiç haçan unutmaz (Ýew. 6:10).