Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/13 sah. 3
  • Sapak geçeniňde, wideofilmleri görkez

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sapak geçeniňde, wideofilmleri görkez
  • Hudaýa gullugymyz — 2013
  • Meňzeş maglumat
  • Hakykaty öwretmek üçin wideofilmleri ulan
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Okuw geçýänleriňize wideolar arkaly öwrediň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2019
  • Wagyz etmek tejribäňizi artdyryň. Wideolar arkaly öwredýäris
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
  • «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişini görkezip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2013
km 5/13 sah. 3

Sapak geçeniňde, wideofilmleri görkez

Ýehowa Ybraýym we Ýermeýa pygambere wajyp habary aýdanda, diňe bir söz arkaly aýtman, eýsem, mysal arkaly hem görkezýärdi (Gel. çyk. 15:5; Ýer. 18:1—6). Biz hem Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adama hakykaty doly düşündirer ýaly, wideofilmleri görkezsek gowy bolar. Aşakda haýsy wideofilmleri haçan görkezip bolýandygynyň tertibi berilýär. Bu düzgün däl-de, ýöne maslahatdygyny unutmaň.

«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby

□ 1-nji babyň 17-nji abzasyndan soň: «Täsin ýaradylan zatlar Hudaýy şöhratlandyrýar» (rus.) wideofilmi görmeli

□ 2-nji babyň soňunda: «Mukaddes Ýazgylar — adamzadyň iň gadymy döwrebap kitaby» (rus.) wideofilmi görmeli

□ 9-njy babyň 14-nji abzasyndan soň: «Ýehowanyň Güwäçileri hoş habary guramaçylykly wagyz edýärler» (rus.) wideofilmi görmeli

□ 14-nji babyň soňunda: «Mukaddes Ýazgylar — durmuşy özgerdýän kitap» (rus.) wideofilmi görmeli

□ 15-nji babyň 10-njy abzasyndan soň: «Biziň bütindünýä doganlygymyz» (rus.) wideofilmi görmeli

«Hudaýyň söýgüsi» kitaby

□ 3-nji babyň 15-nji abzasyndan soň: «Ýaşlaryň sowallary. Hakyky dosty nädip tapmaly?» (rus.) wideofilmi görmeli

□ 4-nji babyň soňunda: «Ýehowanyň häkimiýetine hormat goýuň» (rus.) wideofilmi görmeli

□ 7-nji babyň 12-nji abzasyndan soň: «Gansyz bejeriş — medisina garşy däl» (rus.) wideofilmi görmeli

□ 9-njy babyň 6-njy abzasyndan soň: «Häzirki Hudaýyň gullukçylary üçin duýduryş beriji mysallar» (rus.) wideofilmi görmeli

□ 17-nji babyň soňunda: «Görýän zatlaryňyz arkaly däl-de, iman arkaly geziň» (rus.) wideofilmi görmeli

Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adam başga wideofilmleri görse hem peýdaly bolarmy? Meselem, garşylyk görýän adamy «Sowet Soýuzynda Ýehowanyň Güwäçileriniň synagda wepalylygy» ýa-da «Faşizmiň öňünde Ýehowanyň Güwäçileriniň mertligi» (rus.) atly wideofilmleri görkezsek, ruhlandyryp bileris. Ýaşlara «Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlar goýuň» we «Ýaşlaryň sowallary. Men ömrümi nämä bagyş edeýin?» (rus.) diýen wideofilmler peýdaly bolar. Okuw geçýän adam bilen wideofilmi görmäge, ýa-da özi görer ýaly ony bermäge, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» we «Hudaýyň söýgüsi» diýen kitaplaryňa belläp alsaň, onda ýadyňdan çykmaz. Täze çykan wideofilmleri okuw geçýän adamyň ýüregine täsir eder ýaly, olary haçan görkezip bolýandygy hakynda oýlan (Luka 24:32).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş