Bir tema barada gürrüň etsek-de, iki žurnal berip bileris
Biziň her bir žurnalymyzda gyzykly dürli temalar bar. Öýden-öýe wagyzda adam bilen birnäçe tema barada däl-de, bir tema barada gürrüň etsek gowy bolar. Eger biz ünsli bolsak we her bir žurnalyň mazmuny bilen tanyş bolsak, «Garawul diňi» we «Oýanyň!» žurnallaryndan adamy gyzyklandyrjak temany saýlap bileris. Mysal üçin, howluda oýnawaç görsek, maşgala barada temany saýlap, pikir alşyp bileris. Eger gapyny erkek adam açsa, onda olary köplenç gyzyklandyrýan gowy hökümet ýaly tema barada gürrüň edip bileris. Biz kimdir biri bilen bir tema barada gürrüň etsek-de, eger ol gyzyklansa, iki žurnal bermeli.