Bildiriş
◼ 2014-nji ýylyň 21-nji aprelinden başlanýan hepdede Ýatlama agşamy döwri ýörite nutuk bilen çykyş ediler. Nutugyň ady soň bildiriş ediler. Bu nutuk bilen hiç bir ýygnakda-da 21-nji aprelden öň çykyş etmeli däl.
◼ Türkmençe edebiýatlar hemmelere düşnükli bolar ýaly, biz ýönekeý sözleri ulanýarys. Şu wagta çenli sadyk hyzmatkäriň türkmençe edebiýatlarynda «güwäçi» sözi ulanylýardy, ýöne doganlaryň geçiren barlaglary netijesinde, köp adamlaryň şol söze düşünmeýändigi mälim boldy. Şuny göz öňüne tutup, indi edebiýatlarymyzda «şaýat» sözi ulanylar. Şol sebäpli-de biziň adymyzy «Ýehowanyň Şaýatlary» diýip üýtgetmegi makul bildik. Täze ada hemmeler aňsatlyk bilen düşünse gerek. Bu täzeligi her kes höwes bilen kabul eder diýip umyt edýäris (1 Korintoslylar 14:8, 9).