Wagyz üçin teklip
◼ «Siziň pikiriňizçe, Hudaý barada nähili nädogry düşünje giňden ýaýran? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylara görä, Hudaý adamlary synaman, gaýtam, olaryň aladasyny edýär (Ýahýa 1:13-i oka). Bu kitapda adamlara Hudaý bilen dostlaşmaga päsgel berýän nädogry düşünje paş edilýär». (Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 9—11-nji sahypalaryndaky 6—8-nji abzaslaryň esasynda gürrüňdeşlik ediň).
◼ Şu günler köp adamlar ahlak kadalarynyň pese düşýändigi üçin alada edýärler. Biz bu barada adamlar bilen gysgaça pikir alyşýarys. Siz ahlak kadalarynyň pese düşýändigi bilen ylalaşýarsyňyzmy? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda adamlaryň arasyndaky söýginiň sowajakdygy we gylyk-häsiýetleriniň üýtgejekdigi barada pygamberlik edilýär (2 Tim. 3:1—5). Şu kitapda ahlak kadalarynyň näme üçin pese düşendigi barada aýdylýar. (Soňra «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 90, 91-nji sahypalaryndaky 10, 11-nji abzaslaryň esasynda gürrüň ediň).