Resmi däl ýagdaýda gürrüňe başlap, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Biz öýden-öýe wagyz edenimizde, köplenç adamlaryň köpüsi öýünde bolmaýar. Emma biz jemgyýetçilik ulaglarynda, lukmana nobata duranymyzda, işde ýa-da mekdepde arakesme wagty we şuňa meňzeş ýagdaýlarda adamlar bilen gürrüňe başlap bileris. Ýehowa öýünde bolmaýan her bir adamyň hem Patyşalyk baradaky hoş habary eşitmegini isleýär (1 Tim. 2:3, 4). Köplenç biz adamlara wagyz edip biler ýaly ilki özümiz gürrüňe başlamaly bolýarys.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Resmi däl ýagdaýda wagyz edip biler ýaly, her hepde azyndan bir adam bilen gürrüňe başlamagy maksat ediniň.