Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 10/14 sah. 4
  • Wagyz üçin teklip

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Wagyz üçin teklip
  • Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Meňzeş maglumat
  • Hödürleriň nusgasy
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Hödürleriň nusgasy
    Hudaýa gullugymyz — 2012
  • Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlik
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Hödürleriň nusgasy
    Hudaýa gullugymyz — 2013
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2014
km 10/14 sah. 4

Wagyz üçin teklip

◼ «Siziň pikiriňizçe, Isa pygamber dogrudanam, adamlary direltdimikä?... Mukaddes Ýazgylarda Isa pygamberiň ölen adamlary direldendigi aýdylýar. Şol wakalar toslama däl; olar belli bir ýerde, belli bir wagtda boldy. Meselem, b. e. 31-nji ýylynyň tomsunda Isa Kapernaumdan Nain şäherine baranynda, uly märekäni görýär. Siz hem direlişiň bolandygyna ynanyp bilersiňiz, sebäbi bu waka Hudaýyň Sözünde, ýagny Mukaddes Ýazgylarda ýazylan. Ol ýerdäki adamlar muny öz gözleri bilen gördüler (Luka 7:11—15-nji aýatlary oka). Isa ölenine dört gün bolan dosty Lazary hem direltdi. Isanyň ony direldendigine şol gün köp adamlar şaýat boldular (Ýahýa 11:39—45-nji aýatlary oka). Men ýene-de siziň bilen görşüp, Isa pygamberiň adamlary näme üçin direldendigini we munuň bize näme peýdasynyň bardygy hakda pikir alşyp bilerinmi?» Ikilenç idege gepleşiň.

◼ Ikilenç idegde şu soragy beriň: «Siziň pikiriňizçe, Isa pygamber adamlary näme üçin direltdikä? (Jogap bersin). Ol adamlara ýüregi awandygy üçin direltdi. Şeýle-de ol ýaşaýyş beren Atasynyň, Ýaradyjynyň ölen adamlary direltmäge güýç berendigini görkezdi (Ýahýa 5:21, 28, 29-njy aýatlary oka). Isanyň adamlary direltmegi onuň gelejekdäki wadalaryna bolan ynamymyzy berkidýär. Ol juda köp adamlary, hatda hak Hudaý barada hiç zat bilmän ölen adamlary hem direlder. Olaryň söýgüden doly Ýehowa Hudaýy tanamaga mümkinçiligi bolar» (Resullaryň işleri 24:15-i oka). Şeýle-de adamy gyzyklandyraýjak başga soragy berip, şol barada pikir alyşmak üçin ikilenç idege gepleşiň.

◼ «Siz ýer ýüzünde näme üçin şeýle köp betbagtçylyklaryň bolýandygy barada oýlanyp gördüňizmi? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda munuň sebäbi düşündirilýär (Ylham 12:9-y oka). Emma 12-nji aýatdaky sözler bize umyt berýär (Ylham 12:12-ni oka). Adamlar tizden Şeýtanyň erbet täsirinden azat bolarlar. Bu kitabyň «Ruhy şahsyýetler bize nähili täsir edýär?» atly babynda Şeýtanyň täsirinden özümizi häzirden nädip gorap biljekdigimiz we tizden onuň ýok ediljekdigi barada gürrüň berilýär». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 10-njy babynyň 7—9-njy abzaslaryna esaslanyp, pikir alşyň we ikilenç idege gepleşiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş