Hödürleriň nusgasy
Aprel aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyny başlamak
«Biz adamlara Mukaddes Ýazgylary okamagy maslahat berýäris. Emma adamlaryň köpüsi oňa düşünmek kyn diýýärler. Siz hem şeýle pikirdemi? (Jogap bersin). Şu ýerde aýdylanlara üns beriň». «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji aprel aýynda çykan sanynyň soňky sahypasyndaky birinji soragyň aşagyndaky maglumata we getirilen aýatlaryň azyndan birine serediň. Žurnaly hödürläp, ikilenç ideg etmek üçin sorag beriň.
«Garawul diňi», 1-nji aprel
«Biz ähli adamlar bilen kynçylyklara duş gelýändigimiz barada gürrüň edýäris. Kynçylyklar sebäpli adamlaryň köpüsi: «Durmuşyň manysy nämekä?» diýip oýlanýarlar. Şu günler bolýan has uly kynçylyklar barada siz näme diýersiňiz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň tizden kynçylyklarymyzy aýyrjakdygy barada aýdylýar (Ylham 21:4-i oka). Bu žurnalda gelejekde aljak bereketlerimiz we häzir hem durmuşymyzy manyly edip bolýandygy barada aýdylýar».
«Oýanyň!», aprel
«Bütin dünýäde maşgalalarda bir-birine rehimsizlik edýärler. Käbirleriniň aýtmagyna görä, muňa adamyň medeniýeti, maşgalada alan terbiýesi we zalym göwün açmalar täsir edýär. Siziň pikiriňizçe, maşgalada, esasanam, näme sebäpden zalymlyk bolýarka? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarda är-aýalyň agzybir bolmalydygy barada aýdylýar (Efesliler 5:33-i oka). Bu žurnalda käbir är-aýalyň Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýerip, maşgala ojagyny abat saklandygy hakynda aýdylýar».