«Beýik Mugallymdan öwreniň» kitabynyň soraglary
«Beýik Mugallym» kitabyny öwrenmek üçin görkezme
Bu kitaby gowy özleşdirmek üçin girişdäki we baplardaky abzaslar san bilen belgilendi. Her bapdaky abzaslar bölümlere bölündi. Bölümdäki abzaslary başdan-aýak okamaly. Ýerlikli bolsa, babyň soňundaky aýatlary ara alyp maslahatlaşyp bilersiňiz.
Her hepde geçirilýän Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygynda kitabyň bir babyny geçmeli. Kitabyň girişini hem bir bap hökmünde geçirmeli. Şeýlelikde, bu kitap 49 hepdede geçiler.
Giriş
1—5-nji abzaslar
1. Çaganyň dünýä inmegine näme üçin gudrat diýse bolar?
2. Çagalar nämä mätäç?
3. Näme üçin mesihçi ata-eneler çagalaryny filosofiýa ýa-da däp-dessurlara görä däl-de, Mukaddes Ýazgylara esaslanyp terbiýelemeli? (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; 14:12; Işaýa 30:21)
6—10-njy abzaslar
4. Kitapdaky soraglar ata-enelere okuw geçmäge nädip kömek edýär we olar çagalaryň berýän jogabyndan nämäni bilerler?
5. Suratlar okuw geçmäge nädip kömek edýär?
6. Şu kitaby ýazan adamlar nämä umyt edýärler?
1-nji bap
1—6-njy abzaslar
1. Isa nähili mugallymdy?
2. Isa nädip gowy Ogul we Beýik Mugallym boldy?
3. Isa başga adamlardan nämede tapawutlanýardy?
7—11-nji abzaslar
4. Isanyň çagalary söýýändigi nämeden görünýär?
5. Isa näme üçin çagalara öwredýärdi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?
6. Isa näme üçin çaga ýaly bolmagy maslahat berdi?
12—16-njy abzaslar
7. Isa guşlary we gülleri näme üçin mysal getirdi?
8. Iş sebäpli maşgalaňdan aýra düşmeli bolanda, dogry karara gelmäge näme kömek edýär?
9. Isa Hudaýy birinji orunda goýmak barada näme öwretdi?
17—21-nji abzaslar
10. Biz Isany nädip diňläp bileris we onuň nähili peýdasy bar?
11. Hudaý Isany diňlemelidigimizi haçan aýdypdy we biz bagtly bolmak üçin näme etmeli?
2-nji bap
1—7-nji abzaslar
1. Mukaddes Ýazgylara näme üçin iň gymmatly kitap diýse bolar?
2. Hudaý Mukaddes Ýazgylary nädip ýazdyrdy we biz Onuň gökden habar berip bilýändigine näme üçin ynanýarys?
8—12-nji abzaslar
3. Mukaddes Ýazgylar näçe ýylyň dowamynda ýazyldy we onuň ilkinji kitaplaryny kim ýazdy?
4. Mukaddes Ýazgylary kimler ýazdy we suratda olardan kimleri görýäň?
5. Mukaddes Ýazgylary ýazan adamlar öňünden boljak zatlary nädip bildiler?
13—18-nji abzaslar
6. Hudaýyň ýazan hatyny näme üçin ähli adamlar okap bilýär?
7. Mukaddes Ýazgylarda nähili wajyp zatlar ýazylan?
8. Biz Hudaýyň Sözüni gymmat saýýandygymyzy we paýhaslydygymyzy nädip görkezip bileris?
3-nji bap
1—10-njy abzaslar
1. Ýaradylan zatlar sizi haýran galdyrýarmy? Näme üçin?
2. Hudaý ilki bilen kimi ýaratdy we biz muny nireden bilýäris?
3. Hudaý ähli janly zatlary näme üçin ýaratdy?
4. Hudaý söýgüsini nädip bildirýär?
11—21-nji abzaslar
5. Hudaýyň bardygyny haýsy mysallar arkaly subut edip bolýar?
6. Näme üçin Allanyň suratyny çekmeli däl?
7. Hudaýa minnetdarlygymyzy nädip görkezip bileris?
4-nji bap
1—6-njy abzaslar
1. At dakmak näme üçin wajyp?
2. Hudaýyň ady näme we biz onuň adyny näme üçin tutmaly?
3. Isa Hudaýyň adyny tutýardymy we bu babatda ol adamlara näme öwretdi?
7—14-nji abzaslar
4. Hudaý Musa pygambere Öz ady barada nämäni aýan etdi?
5. Ýehowa Öz ady barada fyrowna näme diýdi?
6. Ýehowa adyny nädip tanatdy we şu günler nädip tanadýar?
15—19-njy abzaslar
7. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy aýatlarynda Allanyň ady bar?
8. Ýehowany söýýändigimizi nädip görkezip bileris?
5-nji bap
1—8-nji abzaslar
1. Hudaýyň Ogly ýer ýüzünde nädip doguldy? (Luka 1:26—38)
2. Isa bilen Merýem nähili görelde görkezdi we biz olaryň göreldesine nädip eýerip bileris?
3. Isanyň dogluşy näme üçin başga adamlaryňkydan tapawutlanýar?
9—17-nji abzaslar
4. Isanyň doglan gijesi näme boldy?
5. Isa nirede önüp-ösdi we ol Hudaýa ýaraýan nähili işleri etdi? (Zebur 40:7—9)
6. Biz Isadan ýene-de nämeleri öwrenip bileris?
6-njy bap
1—4-nji abzaslar
1. Adamlaryň köpüsi näme etmek isleýär we muny Isanyň şägirtleri bilen bolan wakadan nädip görse bolýar?
2. Isanyň başda beren haýsy sapagyndan şägirtleri hiç zat öwrenmediler?
5—11-nji abzaslar
3. Isa ölmeziniň öň ýanyndaky gijesi näme öwretdi?
4. Isanyň göreldesine eýermegiň nähili peýdasy bar?
12—17-nji abzaslar
5. Sen öýüňde nähili kömek edip bilersiň?
6. Mekdepde we başga ýerlerde adamlara nädip hyzmat edip bilersiň?
7. Adamlar hemişe minnetdar bolmasa-da, näme üçin olara hyzmat etmeli?
7-nji bap
1—9-njy abzaslar
1. Çagalar uly adamlara gulak asmalymy? Näme üçin?
2. Luka 22:42-däki Isanyň aýdan dogasyndan näme öwrenip bolýar?
3. Biz Hudaýa gulak asmak bilen nämäni görkezýäris?
10—15-nji abzaslar
4. Çagalar Efesliler 6:1—3-nji aýatlardaky tabşyrygy näme üçin we nädip ýerine ýetirmeli?
5. Gadymy döwürde Hudaýa gulak asan adamlar nädip halas boldy?
16—19-njy abzaslar
6. Şu günler gulak asmaklyk çagalary nädip goraýar?
7. Hudaýa gulak asmaklyk näme üçin hemmelere peýdaly?
8-nji bap
1—5-nji abzaslar
1. Ähli adamlardan kim has güýçli?
2. Hudaý Isanyň ýer ýüzünde çaga bolup dogulmagy üçin nähili gudrat görkezdi?
3. Isanyň ynsan bolup dogulmazdan öň ýaşandygyny nireden bilýäris?
6—11-nji abzaslar
4. Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asan bolsalar nähili ýaşardylar?
5. Gelip çykyş 2:17-den nähili wajyp sapak edinse bolar?
12—19-njy abzaslar
6. Hudaýyň ýaradan perişdesi How enäni nädip aldady?
7. Adam ata bilen How enä Hudaýa gulak asmandyklary üçin näme boldy?
8. Gowy perişde nädip erbet boldy?
9. Biz Isanyň göreldesine eýerip, Iblisiň ýalançydygyny nädip subut edip bileris?
9-njy bap
1—4-nji abzaslar
1. Erbet iş etdirjek bolanlarynda näme üçin etmeli däl?
2. Isa suwda çokundyrylanda «gögüň açylmagy» nämäni aňladýar?
5—13-nji abzaslar
3. Şeýtan Isany birinji sapar nädip synady we Isa oňa nädip garşy durdy?
4. Şeýtan Isany ikinji sapar nädip synady we ol näme jogap berdi?
5. Isanyň üçünji sapar synalmagyndan näme öwrenýäris?
14—20-nji abzaslar
6. Ajyganymyzda nähili synaga düşmegimiz mümkin ýa-da bizi nähili erbet işlere iterip bilerler?
7. Dogry işleri etmek haçan kyn bolýar, ýöne bize näme kömek eder?
10-njy bap
1—6-njy abzaslar
1. Bir perişde näme üçin Hudaýa garşy çykýar?
2. Käbir perişdeler näme etdiler we bu näme üçin erbetlik hasaplanýar?
3. Perişdelerden nähili çagalar doguldy we Hudaý ýer ýüzünde näme etdi?
7—11-nji abzaslar
4. Şu günler Şeýtan hem jynlar näme edýär we olar bize nähili täsir edýär?
5. Jynlar çagalara nähili erbet işleri etdirjek bolýar?
12—17-nji abzaslar
6. Zalym perişdeler nähili erbet işleri halaýarlar we adamlar erbetligi nireden öwrenýärler?
7. Jynlar örän güýçli bolsa-da, biz näme üçin olardan gorkmaly däl?
11-nji bap
1—11-nji abzaslar
1. Görünmeýän zatlaryň bardygyna näme üçin ynansa bolýar?
2. Biz gowy we erbet perişdeler barada nämäni bilipdik?
3. Perişdeler näme barada gürrüň edýärler we olar näme üçin adamlar bilen gyzyklanýarlar?
4. Gadymy döwürde perişdeler Hudaýy söýýän adamlara nädip kömek etdiler?
12—17-nji abzaslar
5. Perişdeler Hudaýyň ýer ýüzündäki gullukçylaryna nähili wajyp işi ýerine ýetirmäge kömek edýärler?
6. Hudaýyň perişdesi Pawlusa haýsy işi ýerine ýetirmäge kömek etdi?
7. Tizden perişdeler Hudaýa nähili wajyp işi ýerine ýetirmäge kömek eder?
12-nji bap
1—7-nji abzaslar
1. Doga näme? Ýekelikde-de, köpçülik bilen hem doga edip bolýandygyny nireden bilýäris?
2. Dogadan soň näme üçin «Omyn» diýmeli we bu nämäni aňladýar?
3. Ýygnakda doga edilende näme üçin daş-töweregiňe seretmän we goh etmän ünsli diňlemeli?
4. Nehemýanyň eden dogasyndan näme öwrenýäris?
8—10-njy abzaslar
5. Doga babatda nähili wajyp zady unutmaly däl?
6. Biz näme barada doga edip bileris?
11—17-nji abzaslar
7. Isa şägirtlerine nähili üç wajyp zat barada doga etmegi öwretdi?
8. Isa ýene-de nähili zatlar barada doga etmelidigini aýtdy?
13-nji bap
1—7-nji abzaslar
1. Isanyň şägirdi bolmak nämäni aňladýar?
2. Isanyň ilkinji alty şägirdi kim we olar barada näme bilýärsiň?
3. Isanyň haýsy dört şägirdi ýene-de balyk tutup başlady? Emma Isa olara yzyma düşüň diýende näme etdiler?
8—12-nji abzaslar
4 Isanyň şägirdi bolanlar näme etmäge taýyn bolmaly?
5. Kim Isanyň şägirdi bolmakdan ýüz öwürdi we näme üçin?
6. Isanyň 12 resuly kimlerdi?
7. 12 resulyň haýsysy Isa haýynlyk etdi we oňa derek kim saýlandy?
8. Ýene kimler resul boldy?
13—16-njy abzaslar
9. Aýallaryň hem Isanyň şägirdi bolup bilýändigini nireden bilýäris?
10. Biz özümizi nirelerde Isanyň şägirdi ýaly alyp barmaly?
14-nji bap
1—5-nji abzaslar
1. Biz ýamanlyk edenlere näme etmeli?
2. Isanyň «ýedi ýola ýetmiş gezek bagyşla» diýmegi nämäni aňladýar?
3. Isa Petrusyň soragyna jogap berenden soň nämäni gürrüň berdi?
6—13-nji abzaslar
4. Köp bergili bolan hyzmatkäri patyşa näme etdi?
5. Erbet hyzmatkär bergili ýoldaşyny näme etdi?
6. Patyşa erbet hyzmatkäri näme etdi we näme üçin?
14—18-nji abzaslar
7. Patyşany kime meňzetse bolýar?
8. Isanyň gürrüň beren wakasyndan näme öwrenýäris?
9. Birini ençeme sapar bagyşlanyňdan soň, ol ýene-de göwnüňe degip, ötünç sorasa näme edersiň?
15-nji bap
1—7-nji abzaslar
1. Tanamaýan adamyň barada erbet pikirde bolmak näme üçin nädogry?
2. Isa ebedi ýaşaýşy miras almak isleýän ysraýylla näme etmelidigini aýtdy?
3. Ysraýylly özüni aklamak üçin näme diýdi?
8—15-nji abzaslar
4. Isa ysraýylly adamyň garaýşyny düzetmek üçin nähili wakany gürrüň berdi?
5. Isa gürrüňiniň soňunda, ysraýylla nähili sorag berdi we ol näme jogap berdi?
16—19-njy abzaslar
6. Isanyň gürrüň beren wakasy goňşymyzyň kimdigini nädip görkezýär?
7. Ýehowanyň ala tutmaýandygyny nireden bilýäris?
8. Biz nädip gowy goňşy bolup bileris?