Dogan-uýalary oňat işlere höweslendiriň
Ýewreýler 10:24-de «birek-biregi söýgi, oňat işler üçin gaýrata galdyralyň» diýlip maslahat berilýär. Biz dogan-uýalara gowy görelde bolup, imanymyzy görkezsek, olary oňat işlere höweslendirip bileris. Ýygnakdaky dogan-uýalar bilen tejribäňizi paýlaşyň. Ýehowa gulluk edip, şatlyk tapýandygyňyzy görkeziň. Emma olary özüňiz we başgalar bilen deňeşdirmäň (Gal. 6:4). Ukyplaryňyz bilen dogan-uýalary ruhdan düşürmän, gaýtam, olary ruhlandyryp, «söýgi, oňat işlere» höweslendiriň («Wagyz mekdebi» sah. 158, abz. 4). Biz dogan-uýalary söýgi bildirmäge höweslendirsek, olar adamlara kömek edip, hoş habary wagyz ederler (2 Kor. 1:24).