7-nji sentýabrdan başlanýan hepdäniň tertibi
7-NJI SENTÝABRDAN BAŞLANÝAN HEPDE
17-nji aýdym we doga
Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy
bm 16, 17-nji bölüm (30 min.)
Wagyz mekdebi
Mukaddes Ýazgylary okamak: 2 Patyşalar 12—15 (8 min.)
No. 1: 2 Patyşalar 13:12—19 (3 min. ýa-da ondan az)
No. 2: Guramanyň çykdajylary nädip ödelýär? (jl sap. 24) (5 min.)
No. 3: Injilde näme diýilýär? (igw sah. 31) (5 min.)
Gulluk duşuşygy
Aýyň temasy: «Hojalygym bilen men bolsa, Rebbe gulluk etjekdirin». Ýeş. 24:15
18-nji aýdym
10 min. Biz muny nädip etdik? Söhbetdeşlik. Wagyzçylardan «Täze wagyzçylara öwredip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň» atly makaladaky maslahatlary ulanyp, nähili peýda alandyklaryny sora. Dogan-uýalardan bu babatda peýdaly boljak wakalary gürrüň bermegi haýyş et.
10 min. Maşgalalar, ýygnak duşuşyklaryna barmagy endik etdiňizmi? Ýewreýler 10:24, 25-nji aýatlara esaslanan nutuk. Çagaly maşgaladan interwýu al. Maşgalabaşy nädip ýygnak duşuşyklaryny birinji orunda goýýar? Maşgalanyň her bir agzasy ýygnak duşuşyklaryna yzygider barar ýaly, nädip goşandyny goşýar? Olar ýygnak duşuşyklaryna haçan taýýarlyk görýärler? Olar ýygnaga barmak üçin nämeden geçýär? Ähli dogan-uýalary ýygnak duşuşyklaryna baryp, olara gatnaşar ýaly höweslendir.
10 min. Dogan-garyndaşlaryňyzyň ýüregine hakykat tohumyny ekýärsiňizmi? (Res. iş. 10:24, 33, 48). «Garawul diňine» esaslanan söhbetdeşlik (w12 15/03 sah. 13, 14, abz. 19—22). Dogan-uýalardan näme öwrenendiklerini sora.
4-nji aýdym we doga