«Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ökdelik bilen ulanyp, tejribäňizi artdyryň
Bu näme üçin wajyp? Biz, esasanam, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitaby arkaly wagyz edýäris. Şol sebäpli kimdir biri bilen okuw geçip başlamazdan öň, ilki bu kitaby adama hödürleýäris. Biziň ählimiz wagyzda «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabyny ökdelik bilen ulanmaga çalyşmaly (Sül. tym. 22:29). Muny birnäçe usullar bilen edip bolýar. Wagyzçylar ýerli ýagdaýa görä olaryň birini saýlap bilerler.
Aýyň dowamynda şuny etmäge çalşyň:
Maşgala okuwynda ýokarda agzalan teklipleri sahnalaşdyryň.
Taýýarlan teklibiňizi wagyzda dogan-uýalar bilen paýlaşyň (Sül. tym. 27:17). Eger-de saýlan teklibiňiz netijeli bolmasa, onda başgasyny ulanyp bilersiňiz.