HUDAÝA ÝARAMLY ÝAŞAMAK
Myhmanlary güler ýüz bilen garşylalyň!
Mart aýynyň 23-ne geçiriljek Ýatlama agşamyna 12 milliona golaý ýa-da ondan gowrak myhmanlaryň gelmegine garaşýarys. Şonda gelen myhmanlar üçin Ýehowanyň sowgady bolan töleg gurbany we adamlaryň gelejekde aljak käbir bereketleri baradaky nutugy diňlemek gowy güwälik bolar (Iş 11:6—9; 35:5, 6; 65:21—23; Ýah 3:16). Emma şol wajyp günde diňe nutuk bilen çykyş edýän dogan güwälik etmeýär. Biziň ählimiz myhmanlary güler ýüz bilen garşy alyp bilýäris (Rm 15:7). Käbir maslahatlara seredeliň.
Ýatlama agşamynyň başlaryna garaşyp, ýerimize geçip oturman, myhmanlary we yhlasy gowşan wagyzçylary mähirli garşylalyň.
Siz çagyran tanyşlaryňyza aýratyn üns berşiňiz ýaly, başga gelen myhmanlara-da ünsli boluň. Gyzyklanýan adam bilen bile oturyň. Olara öz Mukaddes Ýazgyňyzdan we aýdym kitabyňyzdan yzarlamaga kömek ediň.
Nutukdan soň käbir soraglara jogap bermäge taýýar boluň. Eger adamyň wagty çäkli bolsa, onda onuň bilen birki günden duşuşyp biljekdigiňizi aýdyň. Eger ol size telefon belgisini bermese, onda: «Men siziň Ýatlama agşamy barada pikiriňizi bilmek isleýärin. Siziň bilen nädip habarlaşyp bilerin?» diýip bilersiňiz.