HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EÝÝUP 6—10
Eýýup pygamber derdini aýdýar
Eýýup pygamber hiç zatsyz galyp, hasrat çekse-de, agyr kesele uçrasa-da, Hudaýa wepaly galdy. Şol sebäpli Şeýtan Eýýup pygamberi Hudaýa wepaly galmaz ýaly göwnüçökgünlige iterjek boldy. Onuň 3 «dosty» ýanyna gelip, göz üçin gynanç bildiren bolýarlar. Soňra olar 7 günläp onuň ýanynda oturýarlar, ýöne teselli bermek üçin ýekeje sözem aýtmaýarlar. Üstesine-de, ony günäkärleýärler we aýyplaýarlar.
Eýýup pygamber başyna inen betbagtçylyklara garamazdan, Ýehowa wepaly galdy
Eýýup gaýgy-hasrat çekýändigi üçin nädogry garaýyşda bolýar. Ol ýalňyşyp, Hudaýa wepaly galsamam, galmasamam Oňa tapawudy ýok diýip pikir edýär.
Ol ruhdan düşendigi üçin başga näme sebäpden ejir çekýändigi barada oýlanmaýar.
Eýýup pygamber kän ejir çekse-de, özüni günäkärlän adamlara Ýehowany söýýändigini aýdýar.