HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | ZEBUR 79—86
Seniň üçin iň wajyp şahsyýet kim?
83-nji mezmury Dawut patyşanyň döwürdeşi, lewileriň neslinden bolan Asaf ýazan bolmaly. Bu mezmur Ýehowanyň halkyna duşmanlar howp salan döwri ýazylýar.
Asafyň dogasyndan Ýehowanyň adyny we hökümdarlygyny özüniň halas bolmagyndan hem wajyp saýýandygy görünýär.
Şu günler Hudaýyň gullukçylaryna yzly-yzyna hüjüm edilýär. Wepaly bolup çydasak, Ýehowany şöhratlandyrarys.
Ýehowa öz adyny bilmegimizi isleýär.
Ýehowanyň biziň üçin iň wajyp Şahsyýetdigini özümizi alyp barşymyz bilen görkezmeli.