HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | SÜLEÝMANYŇ TYMSALLARY 12—16
Akyldarlyk sap altyndan gowudyr
Hudaýyň berýän akyldarlygy näme üçin gymmatly? Akyldarlyk adamy erbet ýoldan saklaýar we janyny halas edýär. Ol adamyň häsiýetine, gepleýşine hem-de özüni alyp barşyna güýçli täsir edýär.
16:18, 19
Akyldarlyk adamy tekepbirlikden goraýar
Akyldar adam ähli akyldarlygyň gözbaşynyň Ýehowadygyna düşünýär.
Üstünlik gazanýan ýa-da uly jogapkärçilige eýe bolan adam, esasanam, tekepbirlik we gopbamsylyk häsiýeti ösmez ýaly seresap bolmaly.
16:21—24
Akyldar adam peýdaly zatlar hakda gürrüň edýär
Akyldar adam düşgürligini başgalaryň gowy taraplaryna üns bermek we olar barada oňat zatlary gürrüň bermek üçin ulanýar.
Akyldar adamyň sözleri gödek we awuly däl-de, bal ýaly süýji hem-de ýakymly bolýar.