MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Nädip gowy jogap bermeli?
Ýygnakda berilýän gowy jogaplar dogan-uýalary berkidýär (Rm 14:19). Şeýle-de olar jogap berýän adamyň özüne-de peýdaly bolýar (Sült 15:23, 28). Şol sebäpli biz her ýygnakda azyndan bir gezek jogap bermäge jan etmeli. Elbetde, her gezek elimizi galdyranymyzda bizden soramazlar. Emma birnäçe jogaplary taýýarlasak gowy bolar.
Gowy jogap . . .
ýönekeý, düşnükli we gysga bolmaly. Adatça, ol 30 sekunt ýa-da ondanam az bolmaly.
öz sözümiz bilen berilmeli.
aýdylmadyk pikir bolmaly.
Sizden birinji sorasalar, . . .
soraga gysga we ýönekeý jogap beriň.
Eger soraga jogap berlen bolsa, . . .
esasy pikiriň aýat bilen nähili baglanyşygynyň bardygyny görkezip bilersiňiz.
seredilip geçilýän temanyň durmuşyňyza nähili täsir edýändigini aýdyp bilersiňiz.
esasy pikiri nädip ulanyp biljekdigiňizi düşündirip bilersiňiz.
esasy pikiri nygtaýan wakany gysgaça gürrüň berip bilersiňiz.