«Durmuş we wagyz. Okuw depderi» üçin gollanma
FEWRAL 6—12
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 47—51
ip-2 sah. 131 abz. 18
Ýehowa diňe biziň peýdamyza bilim berýär!
«Meniň tabşyryklaryma dykgat et!»
18 Ýehowanyň ruhynyň täsiri bilen pygamber şeýle diýdi: «Meni Ýehowa Hudaý we onuň ruhy iberdi. Seniň ýardam edijiň, Ysraýylyň mukaddesi, Ýehowa şeýle diýýär: Men-Ýehowa, seniň Hudaýyň, saňa peýdaly zady öwredýärin, seni ýöremeli ýoluň bilen gitmäge kömek edýärin» (Işaýa 48:16b, 17). Ýehowanyň görkezen şeýle aladasy we söýgisi Ysraýyl halkyny Babyldan halas etmek isleýandigini ýene bir gezek ynandyrdy. Ýehowa olaryň Ýardam edijisidi (Iş. 54:5). Ol ysraýylyň özi bilen aragatnaşygyny dikeldip we onuň tabşyryklaryna gulak asmagyny tüýs ýürekden isleýärdi. Hakyky seždäniň düýbi — Hudaýyň tabşyryklaryna gulak asmakdyr. Ysraýyl halky «seni ýöremeli ýoluň bilen gitmäge kömek edýärin» diýen sözlere doly düşünmän, dogry ýoldan ýöräp bilmeýärdiler.
ip-2 sah. 131 abz. 19
19 Ýehowa öz halkynyň betbagytçylykdan gaça durup, ýaşaýyşdan şatlyk tapmagyny isleýär. Onuň bu islegi şeýle ajaýyp sözler bilen beýan edilýär: «Eger-de sen Meniň tabşyryklaryma gulak assadyň! Şonda seniň parahatlygyň derýa ýaly, we dogrylygyň [«ýagşylygyň»] deňiz tolkunlary ýaly bolardy» (Işaýa 48:18). Bu Gudratygüýçli Ýaradyjynyň nähili tolgundyryjy ýüzlenmesi! (Kan. tag. 5:29; Zeb. 80:14). Ysraýyl halky ýesirlige düşmän, derýanyň suwunyň gutarmaýşy deý gutarmaýan parahatlykda ýaşap bilýärdiler (Zeb. 119:165). Ysraýylyň edýän dogry işleri bolsa deňziň tolkunlarynyň tükeniksiz bolşy ýaly köp bolardy (Amos 5:24). Ýehowa tüýs ýürekden ysraýyl halkynyň aladasyny edýänligi üçin olary ýöremeli ýoly bilen gitmäge kömek edýärdi. Wah, egerde olar gulak assadylar!
ip-2 sah. 132 abz. 20—21
20 Eger ysraýyl halky toba eden bolsa olara nähili bereket garaşýardy? Ýehowa şeýle diýýär: «Seniň nesliň çäge ýaly, seniň biliňden emele gelen, çägäniň dänesi ýaly bolar: Meniň öňümde seniň adyň hiç unudylmaz we hiç ýok edilmez» (Işaýa 48:19). Ýehowa Ybraýymyň nesline «asmandaky ýyldyzlar ýaly we deňziň kenaryndaky çägeler ýaly» köpelderin diýip beren wadasyny halkyna ýatladýar (Gel. çyk. 22:17; 32:12). Emma bu Ybraýymyň nesli pitneçi ruhy görkezendikleri sebäpli bu wadanyň ýerine ýetmegine umydyny ýitirdiler. Dogurdanam, olaryň eden işleri şeýle bir erbetdi welin, hut Ýehowanyň öz kanuny boýunça halkynyň adynyň hemişelik unudylmagyna mynasyp boldylar (Kan. tag. 28:45). Ýöne şonda-da Ýehowa öz halkynyň düýbinden ýok bolmagyny we asla terk edilmegini islemeýärdi.
21 Bu aýatdaky tolgundyryjy prinsipler Hudaýyň şu günki gullukçylaryna-da peýdalydyr. Sebäbi Ýehowa — ýaşaýşyň Gözbaşy bolandygy üçin biziň nähili ýaşamalydygymyzy has gowy bilýär (Zeb. 35:10). Ol bizi şatlykdan mahrum etmek üçin däl-de, kömek etmek üçin öz baştutanlygyny hödür edýär. Hakyky mesihçiler bu ýolbaşçylyga Ýehowadan öwrenmek mümkinçiligi hökmünde garamaly (Mika 4:2). Onuň berýän görkezmeleri bizi ruhy taýdan we Hudaý bilen aragatnaşygymyzy berkidýär, şeýle-de Şeýtanyň azdyryjy täsirinden hem goraýar. Eger-de biz Hudaýyň kanunynyň düýbindäki prisipleri gymmat saýsak, şonda biz Ýehowanyň diňe biziň peýdamyza tälim berýändigine düşüneris. Biz «Onuň kanunlarynyň agyr däldigine» akyl ýetireris. Şeýle-de biz hiç haçan unudylmarys (1 Ýahýa 2:17; 5:3).
it Aýrylyşmak
Göçme manysy. Mukaddes Ýazgylarda nika gatnaşykary göçme manyda hem ulanylaýar (Iş. 54:1, 5, 6; 62:1—6). Şeýle-de aýrylyşmak ýa-da aýalyňy kowmak diýen jümlelerem göçme manyda ulanylýar (Ýer. 3:8).
B. e.öň 607 ýylda babyllylar ýahudanyň patyşalygyny basyp alyp, Iýerusalimi weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny bolsa ýesirlige äkitdiler. Ýesirlige düşmänkä birnäçe ýyl öňünden Ýehowa ýahudylardan pygamberi arkaly şeýle sorady: «Siziň ejeňizi ýanymdan kowup, nikany bozan talak hatym nirede?» (Iş. 50:1). Olaryň «ejesi» bu tutuşlaýyn ýahudy halky bolup, Ýehowa olar bilen ähtini bozup, täze nika baglaşmak isleýändigi üçin däl-de, olaryň Kanundaky ähti bozandyklary üçin olary kowmak adalatly hasaplaýardy. Emma öz dogdyk mekanynda galan ysraýyllylar toba edip, Ýehowa ýanýoldaşyň öz aýalyna garaýşy ýaly garamagy barada doga edip başlaýarlar. B. e.öň 537-nji ýylda, 70 ýyllap idegsizlikden soň, Ýehowa öz adynyň hatyrasy üçin beren wadasynda durup, galanja halky öz dogdyk mekanyna gaýtaryp getirýär (Zeb. 137:1—9; seret. NIKA).
FEWRAL 13—19
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w05 15/10 sah. 26 abz. 3
Hakyky pesgöwünligi ösdüriň
Pesgöwünligiň iň Beýik göreldesi
3 Ýehowanyň beýikliginiň we belentliginiň çägi bolmasa-da, onuň «gözleri... kimiň ýüregi Oňa doly wepaly bolýana ýardam etmek üçin tutuş ýere ser salýar» (2 Ýyl. 16:9). Haçanda Ýehowa dürli kynçylyklar sebapli ruhdan düşen pesgöwünli gullukçysyny tapanda näme edýarkä? Göçme manyda, ol «pesgöwünlileriň ruhyny janlandyrmak we göwni synyklaryň ýüregini galkyndyrmak» üçin öz mukaddes ruhynyň täsiri astynda olar bilen bile «ýaşaýar» (Işaýa 57:15). Bu zatlaryň kömegi bilen onuň gullukçylary täze güýç we şatlyk bilen gullugyny dowam edip bilýärler. Nähili pesgöwünli Hudaý!
FEWRAL 20—26
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 58—62
ip-2 sah. 322 abz. 4
Sionda adalatlylyk gülläp ösýär
«Merhemetlilik ýyly»
4 Işaýa şeýle ýazýar: «Ýehowa Hudaý ruhuny meniň üstümde goýdy we Ýehowa Meni garyplara [«pesgöwünlilere», SK] hoş habary aýtmak üçin mesh etdi, Meni ýüregi perýat edýänlere şypa bermek üçin, ýesirlere azat boljagyny we tussagdakylara gözenegiň açyljagyny [«gözleriniň açyljagyny», TD]» aýtmaga iberdi (Işaýa 61:1). Kime hoş habary aýtmak tabşyrygy berilýär? Belki-de, Hudaý ilki bilen Wawilon ýesirliginde bolanlara hoş habary aýtmak üçin Işaýa pygambere ýazdyrmaga höweslendirendir. Ýöne Isa Işaýanyň sözlerini özüne degişli edip, bu pygamberligiň ýerine ýetişiniň has wajyp tarapyny görkezdi (Luka 4:16—21). Hawa, Isa pesgöwünlilere hoş habary ýetirmek üçin mukaddes ruh arkaly suwa çümdirilip, mesh edildi (Mat. 3:16, 17).
ip-2 sah. 326, 327 abz. 13—15
Sionda adalatlylyk gülläp ösýär
13 B. e. 33 ýylynyň Pentikost gününden soň Ýehowa ruhy emläginde täze halk bolan «Hudaýyň Ysraýylynda» «dogrulygyň uly agaçlaryny» ýagny batyr mesh edilen mesihçileri ekip başlaýar (Gal. 6:16). Bu «agaçlaryň» sany asyrlaryň dowamynda 144 000-e ýetip, Ýehowa Hudaýy bezeýän, ýa-da şöhratlandyrýan dogrulyk miwelerini berip başlaýarlar (Ylh. 14:3). Bu uly «agaçlaryň» soňky topary 1919-njy ýyldan soň Ýehowa Hudaýyň Ysraýylyny hereketsiz ýagdaýdan azat edeninden soň ösüp başlaýar. Ýehowa bu miweli «agaçlary» ruhy taýdan bol suwaryp, dogrylyk tokaýyna öwürýär (Iş. 27:6).
14 Soňra Işaýa bu «agaçlaryň» nähili işi ýerine ýetirýändigi hakda şeýle diýýär: «asyrlar boýy dowam eden çöllükde gadymy harabalygy dikelderler we idegsiz galan öňki nesilleri, talanan şäherleri täzeden gurarlar» (Işaýa 61:4). Pars patyşasy Kiriň permany esasynda Wawilon ýesirliginden gaýdyp gelen wepaly ýehudylar köp wagtlap harabalykda ýatan Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny täzeden dikeltdiler. B. e. 33-nji ýyly we 1919-njy ýyly hem dikeldiş işleri geçirilen ýyllara degişli hasaplanylýar.
15 B. e. 33-nji ýylynda Isanyň tussag edilmegi, ony sud edip öldürilmegi onuň şagirtlerini gaty gaýga batyrýar (Mat. 26:31). Ýöne haçanda şägirtler direlen Isany görenlerinde, olaryň hal ýagdaýy düýbünden üýtgeýär. Haçanda olaryň üstüne mukaddes ruh inende bolsa, olar hoş habary yhlas bilen «Iýerusalimde tutuş ýahudyda we Samariýada, hatda ýeriň tä ujyna çenli» wagyz edip başlaýarlar (Res. iş. 1:8). Şeýle etmek bilen olar arassa seždäni dikeldip başladylar. Edil şonuň ýaly hem Isa Mesih 1919-njy ýylda galanja mesh edilen doganlaryna «idegsiz galan öňki nesilleri, talanan şäherleri täzeden gurmaga» höweslendirýär. Asyrlar boýy hristian dünýäsi adamlara Ýehowa barada dogry bilim bermegiň deregine, adam däplerini we ýazgylara esaslanmadyk taglymatlaryny öwretdiler. Mesh edilen mesihçiler bolsa ýygnaklary ýalan din bilen baglanşykly däp-dessurlardan arassaladylar. Bu zatlaryň kömegi bilen arassa seždäniň dikeldilmegi dowam edip başlady. Şeýle-de mesh edilenler bu işleri giňeldip, dünýäde görlüp eşidilmedik ýagdaýda şaýatlyk etjek kompaniýanyň ösmegine ýardam etdiler (Mar. 13:10).
FEWRAL 27 — MART 5
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | IŞAÝA 63—66
ip-2 sah. 383 abz. 23
«Meniň etjek işlerime ebedilik begenersiňiz
23 Ylham kitabynda Ýahýa berlen görnüşde Ýehowanyň gününiň we bu dünýäniň soňynyň gelşi barada aýdylýar. Mundan soň bolsa Şeýtan düýpsiz çuňlyga zyňylar (Ylh. 19:11—20:3). Bu barada gürrüň berip, Ýahýa Işaýanyň pygamperligindäki sözleri gaýtalap şeýle diýýär: «Men täze gögi we täze ýeri gördüm». Bu ajaýyp görnüş indiki aýatlarda Ýehowa Hudaýyň ýer ýüzüniň ýagdaýyny düýbünden gowulyga üýtgetjekligi barada aýdylýar (Ylh. 21:1, 3—5). Işaýanyň beren wadasyndaky «täze gök we täze ýer» Hudaýyň täze dünýasinde ajaýyp görnüşde ýerine ýetjegi anykdyr! Täze gökleriň hökümdarlygynda täze adamzat jemgyýeti ruhy jennetde we gönümel Jennetde ýaşarlar. «Öňki zatlar [keselçilik, horluk we köp başgada adamlaryň duş gelýän gaýgylary] ýadymyza düşmez we ýüregimizede gelmez» diýen wada bize nähili teselli berýär. Şol günlerde biziň ýadymyza düşjek zatlar şu günki ýaly biziň ýüregimize çuň ýara ýa-da güýçli agyry salmaz.
ip-2 sah. 384 abz. 25
«Meniň etjek işlerime ebedilik begenersiňiz
25 Biziň günlerimizde-de Ýehowa «Iýerusalimi şadyýan» edýär. Nädip? Görşümiz ýaly, 1914-nji ýylda peýda bolan täze gögüň düzümine netijede gökde hökümdarlyk etmäge 144 000 sany hukuk gazananlar girer. Pygamberlige görä olara «Täze Iýerusalim» diýilýär (Ylh. 21:2, TD). Hudaý Täze Iýerusalim barada şeýle diýýär: «Men Iýerusalimi begenç we şatlyk ulanyp täzeden dörederin». Täze Iýerusalim arkaly Hudaý gulak asyjy adamlara hiç zat bilen deňäp bolmajak bereketleri berer. Indi hiç haçan agy we göz ýaş sesleri eşidilmez, sebäbi Ýehowa «[adamlary] ýürek arzuwlaryna» ýetirer (Zeb. 36:3, 4).