MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Güler ýüz bilen garşy alyň
Biz ýygnak duşuşyklaryna gelýän ähli adamlary, ýagny ilkinji gezek gelýänleri we tanyş-bilişlerimizi güler ýüz bilen garşy almaly (Rm 15:7; Ýew 13:2). Belki-de, olar başga ýurtdan gelen ýa-da birnäçe ýyldan bäri ýygnaga yzygider gelmeýän imandaşymyz bolup biler. Eger siziň bilen şeýle ýagdaý bolsa, özüňizi nähili duýardyňyz? Sizi güler ýüz bilen garşy alsalar minnetdar bolmarsyňyzmy? (Mt 7:12). Şol sebäpli Ýygnak jaýyna baryp, duşuşykdan öň ýa-da soň adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga jan etmeli. Şonda biz ýygnakda dostlukly gatnaşygyň we söýginiň bolmagyna ýardam ederis hem-de Ýehowany şöhratlandyrarys (Mt 5:16). Elbetde, her bir adam bilen aýratyn gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik bolmaz. Muňa garamazdan, ählimiz elimizde baryny etsek, olar özleriniň gyzgyn garşylanandyklaryny duýarlara.
Myhmansöýerligi diňe bir Ýatlama agşamy döwründe däl, eýsem, hemişe görkezmeli. Ýygnaga täze gelen adamlar dogan-uýalaryň bildirýän söýgüsini görüp, Hudaýy şöhratlandyrarlar we arassa seždäni goldarlar (Ýah 13:35).