MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Hoş habary şatlyk bilen wagyz ediň
Saňa wagyz etmek kyn bolýarmy? Biziň köpümiz bu soraga «hawa» diýip jogap bermegimiz mümkin. Sebäbi biz köplenç meýdançamyzda aýdýan habarymyza biperwaý garaýan ýa-da ylalaşmaýan adamlara duşýandyrys. Şeýle-de biz nätanyş adamlar bilen gürrüňdeş bolmaga çekinýändiris. Bu zatlar bolsa biziň şatlygymyzy alyp biler. Emma biz bagtly Hudaýa gulluk edýäris. Ýehowa biziň şatlyk bilen gulluk etmegimizi isleýär (Zb 100:2; 1Tm 1:11). Geliň, şatlyk bilen wagyz etmäge kömek edýän üç zada seredeliň.
Birinjiden, biz umyt berýän habary wagyz edýäris. Şu günler adamlaryň gelejege bolan umydynyň gaçýandygy üçin, biz hoş habary wagyz edip, olaryň ýüregine täsir edip bileris (Iş 52:7). Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habar biziň özümize hem şatlyk berýär. Şonuň üçin wagza gitmezden öň, Hudaýyň Patyşalygynyň berjek bereketleri barada oýlanalyň.
Ikinjiden, biziň wagyz edýän hoş habarymyz adamlara beden we ruhy taýdan peýda getirýär. Olar erbet endiklerini taşlamagy öwrenýärler we ebedi ýaşaýşa umyt edýärler (Iş 48:17, 18; Rm 1:16). Biz özümizi adamlary halas ediş işine gatnaşýan ýaly göz öňüne getirip bileris. Hatda adamlaryň köpüsi halas bolmak islemese-de, biz halas bolmak isleýän adamlary gözleýäris (Mt 10:11—14).
Üçünjiden bolsa, wagyz işi Ýehowany şöhratlandyrýar. Ol biziň wagyz etmek üçin edýän tagallalarymyzy gymmat saýýar (Iş 43:10; Ýew 6:10). Şeýle-de ol bize tabşyran ýumşuny ýerine ýetirip bilmegimiz üçin mukaddes ruhuny bolluk bilen berýär. Şol sebäpli biz Ýehowadan mukaddes ruhuň miwesi bolan şatlyk häsiýetini dilemeli (Gl 5:22). Biz Hudaýyň kömegi bilen kynçylyklarymyzy ýeňip, batyrgaýlyk bilen wagyz ederis (Res 4:31). Şonda meýdançamyzdaky adamlar aýdýan habarymyza nähili seslenseler-de, şatlyk bilen wagyz ederis (Ez 3:3).
Sen wagyz etmäge nähili garaýarsyň? Şadyýan bolmak üçin näme edip bilersiň?
«ŞATLYGYŇY ÝITIRMEZ ÝALY OKA WE OÝLAN» ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Biz her aý köp wagyz etsek-de, Ýazgylary her gün okap oýlanmaklygy näme üçin wajyp saýmaly?
Biz nädip Merýemiň göreldesine eýerip bileris?
Hudaýyň Sözünden okan zatlaryň hakda haçan oýlanýarsyň?
Wagyz edeniňde saňa näme has-da köp şatlyk berýär?