MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşaň
Ýehowa Hudaý adamlar üçin ahlak kadalaryny goýdy. Meselem, ol ilkinji maşgalany döredende erkek bilen aýalyň hemişe bile bolmalydygyny aýtdy (Mt 19:4—6, 9). Ol ähli ahlaksyz işleri ýazgarýar (1Kr 6:9, 10). Ýehowa gullukçylaryna hatda egin-eşik we daş keşp barada hem görkezme berýär (Kant 22:5; 1Tm 2:9, 10).
Şu günler köp adamlar Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýarlar (Rm 1:18—32). Olar egin-eşik, daş keşp we özüňi alyp barmak meselesinde köpçüligiň yzyna eýerýärler. Köp adamlar edýän erbet işleri bilen öwnüp, Hudaýyň kada-kanunlary boýunça ýaşaýan adamlary ýazgarýarlar (1Pt 4:3, 4).
Biz Ýehowanyň Şaýatlary! Şol sebäpli Hudaýyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaga çekinmeli däl (Rm 12:9). Munuň üçin biz Hudaýa ýaraýan zatlary açyk aýtmaly. Emma, ilki bilen, biziň özümiz onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamaly. Meselem, biz egin-eşik saýlamak ýa-da daş keşp babatda özümize şeýle soraglary bermeli: Meniň egin-eşigim we daş keşbim Ýehowanyň kadalaryna eýerýändigimi görkezýärmi ýa-da köpçüligiň yzyna eýerýändigimi? Meniň egin-eşigim we daş keşbim Hudaýyň islegi boýunça ýaşaýan mesihçidigimi görkezýärmi? Şeýle-de biz telegepleşiklere we filmlere seredenimizde özümize şeýle soraglary berip bileris: Şu telegepleşik Ýehowa ýararmy? Bu kimiň ahlak kadalaryna eýermäge höweslendirýär? Dynç almak üçin saýlan zadym meni ahlak taýdan gowşadýarmy? (Zb 101:3). Bu maşgala agzalarymyň ýa-da başgalaryň büdremegine sebäp bolup bilermi? (1Kr 10:31—33).
Näme üçin Ýehowanyň ahlak-kadalary boýunça ýaşamak wajyp? Sebäbi Isa Mesih tizden ähli erbet adamlary we olaryň edýän işlerini ýok eder (Ez 9:4—7). Diňe Hudaýyň islegini ýerine ýetirýän adamlar halas bolarlar (1Ýah 2:15—17). Şol sebäpli, geliň, Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamaga jan edeliň we gowy edim-gylymymyz bilen Hudaýy şöhratlandyralyň (1Pt 2:11, 12).
Egin-eşik we daş keşp babatda gelýän kararlarymdan ahlak kadalary boýunça ýaşaýandygym görünýärmi?
«ÇAGANY BÄBEKLIKDEN TERBIÝELÄŇ» ATLY MAKALANYŇ ESASYNDA AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamak näme üçin paýhasly?
Ene-atalar näme üçin çagalaryna kiçilikden Ýehowanyň ahlak kadalary boýunça ýaşamagy öwretmeli?