Sowally bukja
◼ Biz Beýtele, Kongres zallaryna we Patyşalyk zallaryna nähili geýimde barmaly?
Ähli Patyşalyk zallary, Kongres zallary we Beýteller Ýehowa sežde etmek üçin bagyş edilen. Olar ýönekeý we hormata mynasyp gurlan, arassa hem-de gowy ýagdaýda saklanýar. Bu jaýlar Şeýtanyň dünýäsinde gurulýan jaýlardan tapawutlanýar. Ýehowa gulluk etmek üçin bagyş edilen jaýlara baranlar, özlerini hem Ýehowa bagyş edendiklerini we onuň islegini ýerine ýetirýändigini görkezmeli.
Biz mesihçiler ähli zatda, şol sanda, mynasyp we arassa egin-eşigimiz hem-de daş keşbimiz bilen «Hudaýyň gullukçylary hökmünde özümize maslahat berýäris» (2 Kor. 6:3, 4). Şeýle-de biz özümizi edepli alyp barmaly. Biz hemişe ýerlikli geýnip, daş keşbimiz bilen Ýehowa Hudaýyň gullukçysydygyn görkezmeli. Esasanam, Nýu-Ýorkdaky baş dolandyryş edara we her bir filiala baranymyzda, özümize üns bermek wajypdyr.
«Ýehowanyň islegini guramaçylkly ýerine ýetirýäris» atly kitapda mynasyp egin-eşigiň we daş keşbiň wajyplygy barada nygtap geçilýär. Şeýle-de wagyz gullugynda we ýygnak duşuşyklaryna baranyňda bedeniň arassa, egin-eşigiň ýönekeý, daş keşbiň gowy bolmagy barada aýdylýar. Soňra 138-nji sahypanyň 3-nji abzasynda: «Ýadyňyzda bolsa, Beýtel «Hudaýyň öýi» diýmegi aňladýar. Şonuň üçin Patyşalyk zalyna, ýygnak duşuşyklaryna baranymyzda egin-eşigimiz, saçymyza timar berşimiz we özümizi alyp barşymyz ýaraşykly bolmaly» diýilýär. Wagyzçylar ýaşaýan we başga ýerdäki Beýtele baranlarynda, şu ýokary kadalara eýermeli. Şeýdip, olar minnetdarlyk bildirip, hormat goýýarlar (Zeb. 29:2).
Biziň egin-eşigimiz Hudaýa hormat goýýandygymyzy görkezmeli (1 Tim. 2:10). Gowy egin-eşigimiz we daş keşbimiz beýleki adamlaryň Ýehowa sežde etmek baradaky pikirine gowy täsir edýär. Emma käbir dogan-uýalaryň Ýehowa sežde edilýän jaýlara baranlaranda sölpi we açyk egin-eşik geýendiklerine üns berildi. Şeýle egin-eşik mesihçilere asla ýaraşykly däldir. Biz bu meselede we mesihi durmuşymyzyň ähli ýagdaýlarynda ýokary kadalara eýerip, Hudaýyň halkyny bu dünýäden tapawutlandyrmak hem-de ähli zatda Hudaýy şöhratlandyrmak isleýäris (Rim. 12:2; 1 Kor. 10:31).
Şol sebäpli, Sank-Peterburgdäki baş dolandyryş filiala we sežde edilýän başga ýerlere ýörite gitmegi ýa-da gezelenç edeniňizde şol ýere barmagy göz önüňde tutsaňyz, özüňize şeýle soraglar beriň: «Egin-eşigim we daş keşbim barjak ýerime görä, ýönekeý, arassa we mynasypmy? Bu meniň sežde edýän Hudaýym barada gowy güwälik edýärmi? Egin-eşigim, daş keşbim dogan-uýalary utandyryp, büdretmezmi?» Biziň egin-eşigimiz we daş keşbimiz «Hudaýymyzyň taglymatyny her babatda bezesin» (Titus 2:9).