Ýatlama agşamyna gelenlere nädip kömek edip bolar?
1. 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 22-sine nähili uly güwälik ediler?
1 2008-nji ýylyň Nowruz aýynyň 22-sine, bütin dünýäde millionlarça adamlara uly güwälik ediler. Ýatlama agşamyna gelenler Ýehowanyň söýgüden doludygy üçin adamlara töleg gurbanyny berendigi hakynda eşiderler (Ýahýa 3:16). Hudaýyň Patyşalygy we Ýehowanyň ol arkaly ýer ýüzünde nädip islegini berjaý etjekdigi barada bilerler (Mat. 6:9, 10). Olar Hudaýyň halkynyň söýgüsini, agzybirligini görerler we myhmansöýerligini duýarlar (Zeb. 133:1).
2. Mukaddes Ýazgylary öwrenip başlan adamlar Ýatlama agşamyna gelende, olara nädip kömek berip bolar?
2 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler. Mukaddes Ýazgylar okuwyny ýaňy-ýakynda geçip başlanlar-da, baýramçylyga gelip bilerler. Olary dogan-uýalar bilen tanyşdyryň we her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklary barada gürrüň beriň. Çykyş edýän dogan ruhy üstünlikler etmäge höweslendirer. Siz onuň sözleri esasynda, Mukaddes Ýazgylary öwrenýän adamy ruhlandyryp bilersiňiz.
3. Ýatlama agşamyna gelen yhlassyz wagyzçylary nädip ruhlandyryp bolar?
3 Yhlassyz wagyzçylar. Ýatlama agşamyna gelenleriň arasynda yhlassyz wagyzçylar hem bolar. Olary mähirli garşylamak üçin tagalla edip, oňaýsyz ýagdaýa salyp biljek soraglardan we sözlerden gaça duruň. Ýatlama agşamyndan birnäçe gün geçensoň, ýaşulular yhlassyz wagyzçylary baýramçylyga barmak üçin eden tagallaryny öwmek we indiki ýygnak duşuşygyna mähirli çagyrmak üçin ideg ederler.
4. Biziň her birimiz myhmanlara nädip kömek edip bileris?
4 Myhmanlar. Biziň çakylygymyza käbir tanyşlarymyz we garyndaşlarymyz geler. Eger siz nätanyş adamlary görseňiz, olar bilen mähirli salamlaşyp, tanşyň. Belki, olar ýygnak duşuşyklarymyza birinji sapar gelendir. Gürrüňdeşlikde olar bilen nädip habarlaşyp boljakdygyny bilse bolýar. Ýatlama agşamyndan birnäçe gün geçensoň, olar bilen habarlaşyp, köpräk bilim almaga höweslendiriň we Mukaddes Ýazgylar okuwyny teklip ediň.
5. «Mukaddes Ýazgylar okuwyny nähili sözler bilen başlap bolýar?
5 «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitaby geçip başlamagy teklip edenimizde, Ýatlama agşamynda aýdylan pikirler bilen başlap bileris. Meselem, Ýatlama agşamynda çykyş edýän dogan Işaýa 65:21—23-nji aýatlary okap berer. Siz ikilenç ideg edeniňizde diňlän nutgyňyz barada agzap, şeýle diýip bilersiňiz: «Töleg gurbany arkaly nähili bereketleriň garaşýandygyny görkezmäge rugsat beriň». «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitabyň 4 we 5-nji sahypalaryna seredip geçiň. Ýa-da siz: «Işaýanyň pygamberliginiň haçan ýerine ýetjekdigi bilen köp adamlar gyzyklanýarlar» diýip bilersiňiz. Soňra 9-njy babyň 1—3-nji abzaslaryna serediň. Ýa-da Ýatlama agşamynda çykyş eden doganyň sözlerini agzap, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» atly kitap arkaly okuwyň nädip geçirilýändigini görkeziň.
6. Isanyň Ýatlama agşamyny bellemek barada beren tabşyrygyny berjaý etmäge bizde nähili mümkinçilikler bolar?
6 Ýatlama agşamyna barmak isleýänlere, ýagny Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere, yhlassyz wagyzçlara we myhmanlara kömek edeliň (Luka 22:19). Hudaýyň Patyşalygy ugrunda edýän tagallalarymyza Ýehowa hökman ak pata berer.