«Durmuş we wagyz» okuw depderi üçin gollanma
IÝUL 3—9
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 11—14
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
B. e. öň 612-nji ýylda gören görnüşinde Ezekiýel Iýerusalime äkidilýär. Ol Hudaýyň ybadathanasynda edilýän ençeme ýigrenji işleri görýär! Ýehowa imandan dänen adamlary höküm etmek üçin gökdäki goşunyny («alty adamy») iberýär. Diňe «maňlaýy bellikli» adamlar halas bolar (Ezekiýel 9:2—6). Emma ilki şäheriň üstüne «otly köz», ýagny Hudaýyň ýok etjekdigi baradaky otly habary zyňylmaly (Ezekiýel 10:2). Ýehowa erbetleriň ýoluny «öz başyna» indirse-de, ýer ýüzüne dagan ysraýyllylary ýygnamagy wada edýär (Ezekiýel 11:17—21).
Siz nädip karara gelýärsiňiz?
9 Isa ýaly bizem paýhasly karara gelmek üçin, Ýehowanyň görkezmesine eýermeli. Munuň üçin şu maslahata gulak asmaly: «Rebbe bütin ýüregiň bilen bil bagla, öz düşünjäňe daýanma. Bütin ýollaryňda ony tana, Ol hem seniň ýodalaryňy dogrular. Öz gözüňe akyldar görünme; Rebden gork we ýamandan gaça dur» (Sül. tym. 3:5—7). Mukaddes Ýazgylar Ýehowanyň pikirine düşünip, Oňa nämäniň ýaraýandygyny bilmäge kömek edýär. Ýehowa nämäniň ýaraýandygyna düşünsek, onuň görkezmesine ýürekden eýereris (Ezek. 11:19).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
12:26—28. Ezekiýeliň aýdýan habarynyň üstünden gülen adamlara-da, ol şeýle diýmelidi: «Indi [Ýehowanyň] hiç bir sözi soňa goýulmaz». Biz bu zalym dünýäniň soňy gelmänkä, adamlara Ýehowa bil baglamagy öwretmek üçin elimizde baryny etmeli.
Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden doly peýdalanyň
13 Geliň, Ezekiýel 14:13, 14-nji aýatlara seredeliň. Onda şeýle diýilýär: «Bir ýurt dönüklik edip, Maňa garşy günä edende, oňa garşy elimi uzadyp... üstüne açlyk iberip, ynsanlary we haýwanlary gyryp taşlaryn. Eger şu üç adam Nuh, Danyýel we Eýýup ol ýerde bolsalar-da, olar dogruçyllyklary bilen diňe öz janlaryny halas edip bilerler. Muny Hökmürowan Reb diýýär». Eger biz bu aýatlar esasynda gözleg geçirsek, Ezekiýel kitabynyň b. e. öň takmynan 612-nji ýylda ýazylandygyna göz ýetireris. Elbetde, onuň ýazylan döwründe Nuh bilen Eýýup pygamber ýokdy. Sebäbi olar ençeme asyr öň aradan çykypdylar, emma olaryň dogry işleri Hudaýyň ýadyndady. Ýehowa Danyýel pygamberiň edil Nuh we Eýýup ýaly dogruçyldygyny aýdanda, ol 20 ýaşlaryndady. Biz mundan näme öwrenýäris? Ýehowa ähli wepaly gullukçylarynyň, şol sanda ýaşlaryň hem dogruçyllygyny görüp, gymmat saýýar (Zeb. 148:12—14).
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
14:12—23. Halas bolmak üçin her kesiň özi jan etmeli. Muny başga biri bize derek edip bilmez (Rimliler 14:12).
IÝUL 10—16
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 15—17
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
17:1—24 — Iki sany uly bürgüt kimleri aňladýar, kedr agajyndan ýaş şahalar nädip sogrulýar we Ýehowa nähili «ýaş nahal» oturdýar? Iki bürgüt Babylyň we Müsüriň hökümdarlaryny aňladýar. Birinji bürgüt kedr agajynyň depesine gonýar, ýagny Dawudyň patyşa neberesinden doglan hökümdaryň ýanyna gelýär. Bürgüt agajyň depesinden ýaş şahany sogrup, Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakiniň deregine Zedekiýany tagta geçirýär. Wepadarlyk hakda kasam içse-de, Zedekiýa beýleki bürgütden, ýagny Müsüriň hökümdaryndan kömek soraýar, ýöne peýdasy degmeýär. Ol ýesirlige äkidilip, Babylda ölýär. Şeýle-de Ýehowa Mesihi Patyşany aňladýan «ýaş nahaly» sogurýar. Ol «beýik hem belent dagda», ýagny gökdäki Sion dagynda oturdylýar. Ol ýerde «äpet kedr agajyna» öwrülip, ýer ýüzüne hakyky bereket getirer (Ylham 14:1).
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
17:1—24 — Iki sany uly bürgüt kimleri aňladýar, kedr agajyndan ýaş şahalar nädip sogrulýar we Ýehowa nähili «ýaş nahal» oturdýar? Iki bürgüt Babylyň we Müsüriň hökümdarlaryny aňladýar. Birinji bürgüt kedr agajynyň depesine gonýar, ýagny Dawudyň patyşa neberesinden doglan hökümdaryň ýanyna gelýär. Bürgüt agajyň depesinden ýaş şahany sogrup, Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakiniň deregine Zedekiýany tagta geçirýär. Wepadarlyk hakda kasam içse-de, Zedekiýa beýleki bürgütden, ýagny Müsüriň hökümdaryndan kömek soraýar, ýöne peýdasy degmeýär. Ol ýesirlige äkidilip, Babylda ölýär. Şeýle-de Ýehowa Mesihi Patyşany aňladýan «ýaş nahaly» sogurýar. Ol «beýik hem belent dagda», ýagny gökdäki Sion dagynda oturdylýar. Ol ýerde «äpet kedr agajyna» öwrülip, ýer ýüzüne hakyky bereket getirer (Ylham 14:1).
Siziň «hawa» sözüňiz «hawa» bolsun
11 Ýehowa ýokarda agzalan mysallary näme üçin ýazdyrdy? Biziň «hawa» sözümiziň «hawa» bolmagy şeýle wajypmy? Injilde «wepasyz», ýagny, sözünde durmaýan adamyň «ölüme mynasypdygy» aýdyň aýdylýar (Rim. 1:31, 32). Onda Müsür faraonynyň, ýehudy patyşasy Zedekiýanyň, Hananýanyň we Safiranyň «hawa» sözüniň «hawa» bolmandygy aýdylýar. Netijede, olaryň hemmesi heläk boldy. Bu mysallar bize sapak bolmaly (Müs. çyk. 9:27, 28, 34, 35; Ezek. 17:13—15, 19, 20; Res. iş. 5:1—10).
w88 15/9 sah. 17, abz. 8
Ýehowa öz gylyjyny gynyndan çykarýar!
8 Soňra Wawylonyň we Müsüriň hökümdarlary uly bürgüt guşy bilen deňeşdirilýär. Olaryň biri kedr agajynyň depesinden aşak inip, Ýerihonyň hökümdaryny Sidkiýa patyşa bilen çalyşdy. Sidkiýa Nebuketnesara wepaly boljakdygyny söz berse-de, beren sözünden dänip, başga bürgüt bilen, ýagny Müsüriň hökümdaryndan goşun kömegini gözleýär. Sidkiýa Ýehowanyň ady bilen söz berdi we beren sözünde durmandygy üçin Ýehowanyň adyny garalady. Şol sebäpli Ýehowanyň adyny garalamak diýen sözüň özi bize beren sözümizden dänmezlige kömek etmeli. Ýehowanyň Şaýatlary diýen ady götermek, dogurdanam, biziň üçin uly hormat! (Ezek. 17:1—21).
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w88 15/9 sah. 17, abz. 7
Ýehowa öz gylyjyny gynyndan çykarýar!
7 Ýahudyny öz biwepa ýaşaýjylary sebäpli ýabany üzüm agajy bilen deňeşdirilip we ol hiç hili gowy miwe getirmändigi üçin ony diňe oda ýakmak galypdy (Ezek. 15:1—8). Ol ýene-de taşlanan çaga kimin Hudaýyň Müsürden halas edip getiren we ulalyp, ýetişýänçä idän aýaly bilen hem deňeşdirilýar. Ýehowa ony özüne aýal edip alandan soň, ol ýalan taňrylara dolanyp, ruhy manyda biwepalyk edenligi sebäpli, ol ýok edilmäge mynasypdy. Ýöne wepalylar bilen Hudaý „ebedi ähti“, ýagny ruhy Ysraýyl bilen täze ähti dikeltmek isleýärdi (Ezek.16:1—63; Ýer. 31:31—34; Gal. 6:16).
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
17:1—24 — Iki sany uly bürgüt kimleri aňladýar, kedr agajyndan ýaş şahalar nädip sogrulýar we Ýehowa nähili «ýaş nahal» oturdýar? Iki bürgüt Babylyň we Müsüriň hökümdarlaryny aňladýar. Birinji bürgüt kedr agajynyň depesine gonýar, ýagny Dawudyň patyşa neberesinden doglan hökümdaryň ýanyna gelýär. Bürgüt agajyň depesinden ýaş şahany sogrup, Ýahudanyň patyşasy Ýehoýakiniň deregine Zedekiýany tagta geçirýär. Wepadarlyk hakda kasam içse-de, Zedekiýa beýleki bürgütden, ýagny Müsüriň hökümdaryndan kömek soraýar, ýöne peýdasy degmeýär. Ol ýesirlige äkidilip, Babylda ölýär. Şeýle-de Ýehowa Mesihi Patyşany aňladýan «ýaş nahaly» sogurýar. Ol «beýik hem belent dagda», ýagny gökdäki Sion dagynda oturdylýar. Ol ýerde «äpet kedr agajyna» öwrülip, ýer ýüzüne hakyky bereket getirer (Ylham 14:1).
IÝUL 17—23
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 18—20
Hudaý bagyşlan günälerini ýatdan çykarýarmy?
Ýehowa Ezekiýila biwepa ýehudylara we Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna höküm habaryny yglan etmegi tabşyrdy. Ýehudy topragy Ýehowa sežde etmeklerini taşlandyklary sebäpli zorlukdan dolýar. Ýehowa Iýerusalimiň wawilonlylar tarapyndan weýran ediljekdigini öňünden aýdýar. Emma Ýehowa olaryň üstünden höküm çykarsa-da, halka umyt berýär. Ýagny her bir adamyň özüniň saýlamak hukugy bardy ýa-da her kim öz eden işine özi jogap bermelidi (Ezekiýel 18:19, 20).
Hudaý bagyşlan günälerini ýatdan çykarýarmy?
Eger-de biri öz erbet işlerini goýup, ýagşy işleri edip başlasa näme? Ýehowa bu barada şeýle diýýär: «Erbet adam eden ähli günälerinden toba edip, Meniň ähli parzlarymy berjaý etse, adalaty, dogruçyllygy ýerine ýetirse, ol hökman diri galar, ölmez» (21-nji aýat). Hawa Ýehowa agyr günä eden ýöne soňra nädogry ýaşaýşyny goýyp, ýürekden toba eden adamy «bagyşlamaga taýýar» (Zeb. 86:5).
Emma olaryň eden agyr günäsi barada näme diýse bolar? Ýehowa bu barada hem şeýle diýýär: «Onuň eden ähli jenaýatlary barada ýatlanmaz» (22-nji aýat). Asyl nusgada bu aýadyň soňky böleginde «oňa garşy ýatlanmaz» diýilýär. Näme üçin bu jümle biziň aýratyn ünsimizi özüne çekmeli?
Mukaddes Ýazgylardaky duş gelýän ýewreýçe «ýatlamak» sözi diňe geçmişdäki bolan wakany pikiriňde «dikeltmegi» aňladmaýar. Bu söz barada bir sözlükde şeýle diýilýär: «Köplenç bu söz hereketi ýa-da hereket bilen bile agzalyp ýazylýar». Şol sebäpli «ýatlamak» sözi «hereket etmegi» aňladyp bilýär. Netijede, haçan-da Ýehowa toba eden günäkäriň hiç bir eden günä işi «oňa ýatlanmaz» diýende, ol bu adama garşy hereket etmejekdigini, ýagny eden günäleri sebäpli ony aýyplamajakdygyny ýa-da oňa temmi bermejekdigini aňladýar.
Ezekiýel 18:21, 22-däki sözler Ýehowanyň nähili jomartlyk bilen bagyşlaýandygyny aýdyň görkezýär. Eger-de Hudaý adamyň günäsini bagyşlan bolsa, onda ol hiç haçan bu barada ony soraga çekmez. Toba eden adamyň günäsini bagyşlamak bilen Ýehowa göçme manyda onuň günälerini arkasyna atýar (Işaýa 38:17). Ol hamala ýazylan zady pozyp taşlaýan ýaly bolýar. (Res. iş. 3:19).
Bikämil adam bolanymyz üçin biz köplenç günä edýäris we Hudaýyň merhemetine mätäç bolýarys (Rim. 3:23). Emma Ýehowa biziň diňe ýürekden toba edenimizde, diňe şonda bagyşlamaga taýýardygyny bilmegimizi isleýär. Biziň günälerimizi bagyşlamak bilen ol olary ýatdan çykarýar we bizi aýyplamak ýa-da temmi bermek üçin indi gaýdyp ol günäleri ýatlamaýar. Gör, nähili teselli beriji sözler! Eýsem Hudaýyň merhemeti bizi oňa ýakynlaşmaga höweslendirmeýärmi näme?
Armageddon — bu ähli urşlaryň soňuna çykjak Hudaýyň urşydyr
Biz erbetlere çykaryljak höküm adalatly boljakdygyna ynanýarys, sebäbi olaryň üstünden Kazylyk etjek Hudaý bolar. Bir gezek Ybraýym şeýle diýdi: «Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy –Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!» Ybraýym öz mysalynda Ýehowanyň hemişe adalatly hereket edýändigine göz ýetiripdi! (Gel. çyk. 18:25). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylarda Ýehowanyň erbetleri ýok etmegiň wajyp sebäbi bolmasa, kiç kimiň ölümini oňlamaýandygy aýdylýar (Ezek. 18:32; 2 Pet. 3:9).
Goňşyňy söýmek näme?
11 Ýehowa gulluk etmeýän adamlara söýgimizi bildirmegiň iň gowy ýoly Ýehowadan görelde almakdyr. Ýehowa erbetligi ýigrense-de, ol merhemetini ähli adamlara bildirýär we olara erbet ýolundan dänip, ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär (Ezekiýel 18:23). Ýehowa «hemmeleriň toba gelmegini isleýär» (2 Petrus 3:9). «Ol bütin adamlaryň gutulmagyny, hakykat bilimine ýetmegini isleýär» (1 Timoteos 2:4). Şonuň üçin Isa şägirtlerine wagyz etmegi, öwretmegi we «bütin milletleri şägirt etmegi» tabşyrdy (Matta 28:19, 20). Hawa, biz bu işe gatnaşmak bilen, hem Hudaýa, hem ýakynymyza, hatda duşmanymyza-da söýgimizi bildirýäris!
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Hiç haçan «rebbe gazaplanmaň»
9 Ähli zady jikme-jik bilmeýäris. Ezekiýeliň döwründe ýaşan ysraýyllylar ähli jikme-jiklikleri bilmeýändigi sebäpli, Ýehowanyň ýollary «dogry däl» diýýärdiler (Ezek. 18:29). Başgaça aýdanyňda, olar öz kada-kanunlaryny adalatly hasaplap, Ýehowanyňkydan ýokary tutdular we öz dar gözýetimi bilen Oňa höküm çykardylar. Käte biz hem Mukaddes Ýazgylarda aýdylýan ýa-da durmuşymyzda bolýan zatlara doly düşünmesek, ýüregimizde Ýehowanyň ýollary «dogry däl» diýen pikir döreýärmi? (Eýýup 35:2).
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
20:1, 49. Ysraýyl ýaşulularynyň jogaby Ezekiýeliň aýdýan sözlerine müňkürlik edýändigini görkezýär. Geliň, hiç haçan Hudaýyň berýän duýduryşlaryna şübhelenmäliň!
IÝUL 24—30
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 21—23
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
B. e. öň 611-nji ýylda, ýagny sürgünligiň ýedinji ýylynda Ysraýylyň ýaşulularyndan birnäçe adam «Ýehowadan soramak» üçin Ezekiýeliň ýanyna gelýärler. Olar Ysraýylyň turzan pitnesi hakda uzyn gürrüňi we Ýehowanyň olara garşy «gylyç çykarjakdygy» barada duýduryş eşidýärler (Ezekiýel 20:1; 21:3). Ýehowa Ysraýylyň serdaryna (Zedekiýa) ýüzlenip, şeýle diýýär: «Baş geýimiňi çykar, täjiňi aýyr. Indi öňki ýaly bolmaz. Kemsidilen beýgeler we beýgelen kemsidiler. Ýykaryn, ýykaryn, ýykaryn. Kanuny eýesi [Isa Mesih] gelýänçä, ol hiç kimiňki bolmaz we Men ony şoňa bererin» (Ezekiýel 21:26, 27).
Olar Mesihe garaşdylar
6 Mesih Ysraýylyň Ýahuda taýpasynda dogulmalydy. Ýakup ölüm ýassygynda ýatyrka, ogullaryna ak pata berýär. Şonda ol Ýahuda şeýle diýýär: «Şalyk hasasy Ýahudanyň elinden düşmez, onuň nesilleri şalyk sürer elmydam, ol Şilo geler, milletler oňa boýun bolarlar» (Gel. çyk. 49:10). Ýewreýleriň mugallymlary Ýakubyň Ýahuda Mesih barada aýdandygyna hemişe ynanýardy. Eýsem, Ýakubyň sözleri näme aňladýar? Biz onuň patyşa barada aýdandygyny bilýäris, sebäbi höküm sürmäge we buýruk bermäge haklydygyny görkezýän şalyk hasasyny diňe patyşa göteripdir. Şu pygamberlige laýyklykda, höküm sürmäge hakly patyşa Ýahuda taýpasyndan dünýä inmelidi. Ýahuda taýpasyndan ilkinji patyşa Dawutdy, soňky patyşa bolsa, Zedekiýady. Emma Ýakup Zedekiýadan soňky boljak patyşa hakynda pygamberlik edipdi. Şol patyşa ebedilik höküm sürmelidi. Oňa Şilo hem diýilýär. Şilo «eýesine degişli» diýmegi aňladýar. Hudaý Zedekiýa onuň patyşa bolmaga kanuny hakynyň bardygyny aýdýar (Ezek. 21:26, 27). Isa dogulmanka, Jebraýyl perişde Merýeme: «Reb Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň öýüne ebedi patyşalyk eder, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi (Luka 1:32, 33). Isa Ýahuda taýpasyndan Dawudyň maşgalasynda dünýä indi. Ýehowa Dawudyň maşgalasyndan diňe Isanyň patyşa boljagyny wada berdi. Diýmek, Şilo Isa Mesihdi (Mat. 1:1—3, 6; Luka 3:23, 31—34).
Hudaýyň Patyşalygyna imanyňyzy berkidiň
14 Geliň, Ýehowanyň gadymy Ysraýylyň patyşasy Dawut bilen äht baglaşanda nämäni wada berendigine seredeliň (2 Şamuwel 7:12, 16-njy aýatlary okaň). Dawut Iýerusalimde höküm sürýärkä, Ýehowa onuň bilen äht baglaşyp, Mesihiň onuň neslinden boljakdygyny wada berdi (Luka 1:30—33). Şeýdip, Ýehowa Mesihiň nesil şejeresini aýan etdi. Hudaý Dawudyň bu nesliniň Mesihi Patyşalykda Patyşa bolmaga ygtyýarynyň bardygyny aýtdy (Ezek. 21:25—27). Dawudyň tagty ebedi durar, sebäbi onuň nesli Isa ebedidir we onuň «tagty Gün kimin bolar» (Zeb. 89:34—37). Hawa, Isa Mesih hiç haçan nebisjeň bolmaz we Hudaýyň Patyşalygy ebedi durar!
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
21:3 — Ýehowanyň gynyndan çykarjak «gylyjy» näme aňladýar? Iýerusalimiň we Ýahudanyň üstünden çykaran hökümini ýerine ýetirjek Ýehowanyň «gylyjy» Babyl patyşasy Nebukadnezary we onuň goşunyny aňladýar. Şeýle-de «gylyç» Hudaýyň perişdelerden ybarat bolan gökdäki guramasyny hem aňladyp biler.
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
23:5—49. Ysraýyl we Ýahuda syýasy bileleşikleri baglaşyp, ýaşaýjylaryň ýalan taňrylara sežde etmegine eltýär. Geliň, dünýäniň adamlary bilen dostlaşmakdan ägä bolalyň, sebäbi olar Hudaýa bolan imanymyzy gowşadýar (Ýakup 4:4).
IÝUL 31—AWGUST 6
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | EZEKIÝEL 24—27
si sah. 133, abz. 4
Mukaddes Ýazgylaryň 26-njy kitaby — Ezekiýel
4 Bu kitabyň ynama mynasypdygyny subut edýändigini indiki wakalar, ýagny Sur, Müsür we Edom ýaly hökümdarlyklara garşy aýdan Ezekiýeliň pygamberliginiň mese-mälim ýerine ýetişinden görse bolýar. Meselem, Ezekiýel Suryň weýran ediljekdigini aýdýar we bu hem Nebukadnesaryň hökümdarlygynyň 13-nji ýylynda bu şäheri basyp almak üçin eden ýörişinde jikme-jik ýerine ýetýär (Ezek. 26:2—21). Ýöne bu söweşde Sur doly ýok edilmeýär. Emma şonda-da Ýehowa bu şäheri doly ýok edilmäge höküm edipdi. Hudaý Ezekiýel arkaly şeýle pygamberlik edýär: «Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin. ...Daşlaryňy, agaçlaryňy we topragyňy deňze taşlarlar» (Ezek. 26:4, 12). Bu zatlaryň ählisi 250 ýyl geçenden soň, Isgender Zülkarneýiniň Sura garşy kenar tarapdan eden hüjüminde ýerine ýetdi. Isgenderiň esgerleri kenar ýakasyndaky weýran edilen şäherden galanja böleklerini çöpläp, şäheriň kenaryna eltýän 800 metrlik depe ýasamak üçin ählisini deňze taşlaýarlar. Soňra b. e. öň 332 ýylda olar çylşyrymly söweş enjamlaryny ýasap, 46 metrlik diwara münüp şäheri doly basyp aldylar. Müňlerçe surlylar öldürildi we köp şäheriň ýaşaýjylary gulçylyga satyldy. Ezekiýeliň pygamberligine görä Sur «ýalaňaç gaýa... tor ýazylýan ýere» öwrüldi (Ezek. 26:14). Wada edilen diýaryň beýleki tarapynda bolsa biwepa edomlylar ýok edilipdi, şeýdip Ezekiýeliň pygamberligi berjaý boldy (Ezek. 25:12, 13; 35:2—9). Netijede hem, Ezekiýeliň pygamberligine görä, Iýerusalimiň ýykylyşy we Ysraýylyň dikeldilişi jikme-jik ýerine ýetdi (Ezek. 17:12—21; 36:7—14).
ce sah. 216, abz. 3
Mukaddes Ýazgylar dogrydanam Hudaýyň kitabymy?
3 Sur — bu Finikiýanyň deňiz ýaka şäheri bolup, ol gunortada ýerleşýän we Ýehowa sežde edýän goňşy halkyň, ýagny Ysraýyla garşy haýynlyk eden şäherdi. Ýehowa Ezekiýel atly pygamberi arkaly 250 ýyldan gowrak öň onuň doly weýran ediljekdigini pygamberlik edýär. Ýehowa şeýle diýdi: «Men hem milletleri seniň garşyňa aýaga galdyraryn... Olar Suruň diwarlaryny weýran ederler, onuň diňlerini ýykarlar; Men onuň topragyny syryp-süpürip, ýalaňaç gaýa öwrerin. Ol deňiz ortasynda tor ýazylýan ýer bolar». Ezekiýel Sury ilkinji basyp aljak milletiň we onuň baştutanynyň adyny aýtdy: «Ine, Men patyşalaryň patyşasy bolan Babyl patyşasy Nebukadnesary atlar, söweş arabalary, atlylar, köp halklardan ybarat äpet goşun bilen birlikde demirgazykdan Sur galasynyň üstüne getirerin» (Ezek. 26:3—5, 7).
it «Isgender»
Isgender kiçi Aziýada parslaryň üstünden iki sany aýgytly söweşde ýeňiş gazanyp (söweş ilki Granik derýasynyň ýanynda, soňra Iss şäherinde geçirildi we şonda ýarym million pars goşuny weýrançylykly ýeňlişe sezewar boldy), olary yzarlamagy dowam etmän, gaýtam, kenaryň boýunda ýerleşýän Sur şäherine gidýär. Ýüzlerçe ýyl öň Suryň diwarlary, diňleri, jaýlary we hatda topragy deňze taşlanjakdygy pygamberlik edildi (Ezek. 26:4, 12). Şol sebäpli Isgenderiň Nebudkednesaryň weýran eden, kenaryň boýnunda ýerleşýän şäherinden galanja böleklerini alyp, adadaky şähere ýetýän 800 metrlik depe ýasandygy geň galdyrmaýar. Ol b. e. öň 332-nji ýylda flotyň we söweş enjamlarynyň kömegi bilen bu ulumsy deňiz hökümdaryny ýok edýär.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Hezekiýel kitabyndan peýdaly pikirler. 1-nji bölüm.
24:6—14 — Gazanyň posy nämäni aňladýar? Gabawa alnan Iýerusalim nahar bişirilýän gazana meňzedilýär. Gazanyň posy şäheriň ýaşaýjylarynyň ahlak taýdan azanlygyny, ýagny bozuklygyny, ýoldan çykanlygyny we ganhorlygyny aňladýar. Gazany otda goýup, gyzyl köz edende-de, onuň posy aýrylmaýar. Iýerusalimiň ýaşaýjylary diýseň azypdy.
w88 15/9 sah. 21, abz. 24
Ýehowa öz gylyjyny gynyndan çykarýar!
24 Bu wakalardan soňra Ezekiýel özüni üýtgeşik tärde alyp barmalydy. (Ezekiýel 24:15—18 okaň.) Ýagny näme üçin pygamber öz aýaly ölende gaýgy hasratyny bildirmeli däldi? Sebäbi ýehudylara Iýerusalimiň, onuň ybadathanasynyň we ýaşaýjylarynyň ýok edilişini hem-de ýykylyşyny görenlerinde olaryň haýran galjakdygyny görkezmek üçindi. Ezekiýel bu işler barada ýeterlikli aýdypdy; şol sebäpli ol diňe Iýerusalimiň ýykylandygyny eşidenden soň Hudaýyň habaryny wagyz edip başlamalydy. Ýalan mesihçiler we onuň ikiýüzli tarapdarlary özleriniň ýok edilmeli wagtlary gelende haýran galarlar. Sebäbi ruh arkaly mesh edilenleriň «agyr muşakgat» başlanda ýalan mesihçileriň soňy barada aýdan zatlary olara ýeterlikli bolar (Matta 24:21). Haçan-da Hudaýyň «gylyjy» ýalan mesihçileri höküm edende, haýran galan bu diniň tarapdarlary we başgalar „Onuň Ýehowadygyny ykrar etmeli bolarlar “ (Ezek. 24:19—27).