MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwreniň
Danyýel pygamber ýaly senem synaglarda Hudaýa wepaly bolmak isleýärmiň? Danyýel Hudaýyň Sözündäki pygamberlikleri çuňňur öwrendi (Dn 9:2). Mukaddes Ýazgylary çuňňur öwrenseň, saňa-da Hudaýa wepaly bolmaga kömek eder. Nädip? Bu Ýehowanyň wadalarynyň ýerine ýetjekdigine imanyňy berkider (Ýeş 23:14). Şeýle-de Hudaýa bolan söýgiň artar we gowy işleri etmäge höweslendirer (Zb 97:10). Ýöne muny nädip etmeli? Geliň, käbir maslahatlara seredeliň.
Men nämäni öwrenmeli? Ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmak üçin gowy gün tertibini düzmeli. Eger sen her hepde okalýan aýatlardan düşünmeýän pikirleriňi barlamaga wagt tapsaň has-da peýdaly bolar. Käbirleri Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlikleri ýa-da Hudaýyň ruhunyň miwesi hakda, Pawlus resulyň missioner syýahaty barada, käbirleri bolsa Ýehowanyň ýaradan zatlary hakda köpräk öwrenýärler. Eger sen Mukaddes Ýazgylary okanyňda ýüze çykan soraglar hakda günüň dowamynda oýlansaň we ýazyp alsaň, indiki şahsy okuwyňda öwrenip bilersiň.
Men maglumatlary nireden tapyp bilerin? Munuň käbir usullaryny «Ruhy hazynalary gözlemek üçin gurallar» diýen wideodan görüp bilersiň. Bilimiňi barlamak üçin Danyýel kitabynyň 7-nji babyndaky jandarlara meňzedilýän dünýä şalyklarynyň näme aňladýandygy barada gözleg geçiriň.
Men öwrenmäge näçe wagt sarp etmeli? Ruhy taýdan berk bolmak üçin yzygider öwrenmek wajyp. Ilki öwrenmek üçin az wagt sarp edýänem bolsaň, soňra kem-kemden köpräk wagt sarp etmeli. Hudaýyň sözüni öwrenmek gizlin hazynany gözlemek ýalydyr; näçe köp hazyna tapsaň, şonça-da öwrenmek islegiň artar (Sült 2:3—6). Hudaýyň sözüne höwesiň artsa Mukaddes Ýazgylary her gün yzygider öwrenmegi dowam edersiň (1Pt 2:2).
DANYÝEL KITABYNYŇ 7-NJI BABYNDAKY JANDARLAR NÄMÄNI AŇLADÝAR?
GOŞMAÇA SORAG:
Danyýel 7:8, 24-nji aýatlar nädip ýerine ýetdi?
ŞUNY ÖWRENIŇ:
Ylham kitabynyň 13-nji babyndaky wagşy haýwanlar nämäni aňladýar?