Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwbr18 Mart sah. 1
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
  • «Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
  • Sözbaşylar
  • MART 5—11
  • MART 12—18
  • MART 19—25
  • MART 26—APREL 1
«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar (2018)
mwbr18 Mart sah. 1

«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar

MART 5—11

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 20, 21

«Araňyzda kim uly bolmak islese, beýlekileriňize hyzmat etsin»

nwtsty-daky maglumatlar

Bazar

Suratdaky ýaly käbir bazarlar edil ýoluň ugrunda bolýardy. Söwdagärler şeýle köp harytlary getirýärdiler welin, hatda ýoluň ugrundan geçmek kyndy. Ýerli ýaşaýjylar bazardan öý harytlaryny, toýundan we aýnadan ýasalan gymmatbaha zatlary, şol sanda azyk önümlerini satyn alyp bilýärdiler. Şol döwürde sowadyjy enjam bolmandygy üçin, adamlar gerek-ýarak zatlaryny almak üçin bazara her gün gitmeli bolýardylar. Şol ýerde olar täjirlerden ýa-da başga adamlardan täzelikleri eşidip bilýärdi. Çagalar oýun oýnaýardy, işçiler bolsa biri hakyna tutýança, garaşyp oturýardylar. Bir gezek Isa bazarda syrkaw adamy sagaldypdy, Pawlus resul bolsa hoş habary wagyz edipdi (Res 17:17). Emma tekepbir kanunçylar we fariseýler özlerini görkezmegi we köpçülik ýerlerinde adamlaryň olara salam bermeklerini halaýardylar.

nwtsty Mt 20:20, 21-nji aýatlara degişli maglumatlar

Zebedeýiň aýaly: Ýagny Ýakup bilen Ýahýa resulyň ejesi. Markusyň aýtmagyna görä, olar haýyş bilen Isa ýüz tutýarlar. Olar muny ejesi Salominiň üsti bilen eden hem bolsa, mümkin, ol ogullarynyň haýyşy bilen barandyr. Salomi Isanyň daýzasy bolan bolmaly (Mt 27:55, 56; Mr 15:40, 41; Ýah 19:25).

Biri sag tarapyňda, beýlekisi çep tarapyňda: Olaryň soran iki ýeri hem hormaty we ygtyýary aňladýar. Ýöne has hormatly ýer hemişe sag tarap hasaplanýardy (Zb 110:1; Res 7:55, 56; Rm 8:34).

nwtsty Mt 20:26, 28-nji aýatlara degişli maglumatlar

Hyzmat etmek: Ýa-da «gulluk etmek». Mukaddes Ýazgylarda köplenç grekçe «di-ako-nos» sözi ulanylyp, şeýle adamyň başgalar üçin elmydama pesgöwünlilik bilen hyzmat etmäge taýyndygyny görkezýär. Bu termin Mesihe (Rm 15:8), Mesihiň gullukçylaryna (1Kr 3:5—7; Kl 1:23), ýygnagyň hyzmatçylaryna (Fp 1:1; 1Tm 3:8), öý hyzmatkärlerine (Ýah 2:5, 9) we ýokary häkimiýetlere (Rm 13:4) degişli ulanylýar.

Özüne hyzmat etdirmek üçin däl-de, eýsem, hyzmat etmek üçin: Ýa-da «özüňe gulluk etdirmek däl-de, gulluk etmek».

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mt 21:9-a degişli maglumatlar

Ýalbarýarys, ony halas et: Göni manyda «Hosanna». Bu grek sözi ýewreý jümlesinden alnyp, «halas et, ýalbarýarys» ýa-da «halas et, haýyş edýäris» diýmegi aňladýar. Bu jümle halas etmek ýa-da ýeňiş gazanmak üçin Hudaýa ýalbaranda ulanylýar; ol «haýyş edýäris, bizi gutar» diýen manyny hem berýär. Käte bu sözler Hudaýa doga edenlerinde, hem-de Ony şöhratlandyranlarynda ulanylýardy. Zb 118:25-de ulanylýan ýewreý jümlesi öwgi mezmurlaryna degişli bolup, adatça, Pasha baýramy döwründe aýdylýardy. Şol sebäpli märeke Isany görende, derrew şol sözler ýadyna düşýär. Hudaý Dawudyň Ogluny ölümden direldende, ony halas edip, şu dilege jogap berdi. Mt 21:42-de Isa Zb 118:22, 23-nji aýatlara salgylanyp, olary Mesihe degişli etdi.

Dawut Ogly: Bu jümle Isanyň kimiň neslinden bolandygyny we wada edilen Mesih hökmünde tutýan ornuny görkezýär.

jy sah. 244, abz. 4—6

Guran injir agajy arkaly berlen öwüt

Eýsem, Isa bu agajy näme üçin näletledikä? Ol munuň sebäbini şeýle düşündirýär: «Size dogrusyny aýdýaryn, eger siz iman etseňiz we hiç hili şübhäňiz bolmasa, diňe muny däl, eýsem, şu daga: „Ýeriňden gal-da, özüňi deňze zyň“ diýseňiz, bu hökman bolar. Şeýle-de iman bilen dilän ähli zadyňyzy alarsyňyz» (Matta 21:21, 22). Şeýdip, Isa dagy ýerinden gozgap bilýän iman hakda aýdan sözlerini gaýtalaýar (Matta 17:20).

Üns beren bolsaňyz, Isa guran agajyň mysaly arkaly Hudaýa iman etmegiň wajypdygyny görkezýär. Ol: «Doga edip, dileýän ähli zatlaryňyzy aljakdygyňyza iman etseňiz, olary hökman alarsyňyz» diýýär (Markus 11:24). Şägirtler üçin, gör, nähili wajyp sapak! Bu, esasan-da, tizden agyr synaglara uçrajak resullara degişlidi. Emma Isa guran injir agajy we iman, has dogrusy, gowşak iman bilen bagly başga-da bir zady aýtjak bolýar.

Ysraýyl halky injir agajy ýaly daşyndan gowy görünýärdi. Bu halk Hudaý bilen äht baglaşypdy we göräýmäge, Hudaýyň Kanunyny berjaý edýän ýalydy. Emma olar imanyny ýitiripdiler we gowy miwe getirmeýärdiler. Olar hatda Hudaýyň Oglundan hem ýüz öwürdiler! Şeýdip, Isa guran injir agajy arkaly miwe getirmeýän imansyz halka näme boljakdygyny görkezýär.

MART 12—18

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 22, 23

«Iň wajyp iki tabşyryga gulak asyň»

nwtsty Mt 22:37-ä degişli maglumatlar

Ýürek: Bu söz göçme manyda ulanylanda, adatça, adamyň içki dünýäsi göz öňünde tutulýar. Emma «jan» we «aň-düşünje» diýen sözler bilen bile agzalanda, has köp manyny aňladyp, adamyň duýgulary, isleg-arzuwlary göz öňünde tutulýar. Bu aýatda ulanylýan ýürek, jan we aň-düşünje diýen sözler biri-biri bilen berk baglanyşykly däl. Olar Hudaýy doly we ýürekden söýmegiň wajypdygyny görkezmek üçin ulanylýar.

Jan: Ýa-da «(adamyň) içki dünýäsi».

Aň-düşünje: Ýagny adamyň pikirlenmek ukyby. Adam bu ukybyny Hudaýy tanamak we oňa bolan söýgüsini artdyrmak üçin ulanmaly (Ýah 17:3, çykgyt; Rm 12:1). Kant 6:5-iň asyl nusgasynda şu üç söz, ýagny ýürek, jan-ten we güýç ulanylýar. Emma Mattanyň Hoş habarynda «güýç» sözüniň deregine, «aň-düşünje» diýip terjime edilen grek termini ulanylýar. Dürli terminleriň ulanylmagynyň birnäçe sebäbi bar. Birinjiden, gadymy ýewreý dilinde «aň-düşünje» diýen belli bir söz ýok. Şol sebäpli köplenç «ýürek» sözi ulanylýardy. Bu ýewreý dilinde aň-düşünjäni hem öz içine alýar we adamyň içki dünýäsi, ýagny pikiri, duýgulary, garaýşy, niýetleri göz öňünde tutulýar (Kant 29:4; Zb 26:2; 64:6). Ine, şonuň üçin hem ýewreý dilinde «ýürek», Grek Septuagintasynda bolsa köplenç «aň-düşünje» diýen söz ulanylýar (Gelç 8:21; 17:17; Sült 2:10; Iş 14:13). Ikinjiden, Matta Kant 6:5-e salgylanyp, «güýç» sözüniň deregine, «aň-düşünje» diýip terjime edilen grek sözüni ulananda, asyl nusgadaky «güýç (ýa-da „ýaşaýyş güýji“)» diýip terjime edilen ýewreý sözi göni manyda adamyň güýjüni we pikirlenmek ukybyny aňladýar. Her näme bolsa-da, ýewreý we grek dillerinde ulanylýan sözler Hoş habary ýazan adamlaryň Kanun taglymaty kitabyna salgylananda, näme üçin birmeňzeş sözleri ulanmandyklaryna düşünmäge kömek edýär.

nwtsty Mt 22:39-a degişli maglumatlar

Ikinji: Isa Mt 22:37-de fariseýiň soragyna jogap berýär. Ýöne soňra has giňişleýin düşündirmek üçin ikinji tabşyrygy agzaýar (Lw 19:18). Şeýdip, Isa iki tabşyrygyň biri-biri bilen baglanyşyklydygyny görkezip, Musanyň kanunynyň we pygamberleriň sözleriniň şol iki tabşyryga esaslanýandygyny aýdýar (Mt 22:40).

Ýakynyň: Göni manyda «golaýyňdaky». «Ýakynyň» diýip terjime edilen grek sözi ýöne bir goňşy bolup ýaşaýan adamdan has köp zady aňladýar. Ol biziň gatnaşýan islendik adamymyza degişli bolup biler (Lk 10:29—37; Rm 13:8—10).

nwtsty Mt 22:40-a degişli maglumatlar

Musanyň kanuny we pygamberleriň sözleri: «Musanyň kanuny» Mukaddes Ýazgylaryň Gelip çykyşdan Kanun taglymatyna çenli kitaplary öz içine alýar. «Pygamberleriň sözleri» bolsa Ýewreý Ýazgylaryndaky pygamberleriň ýazan kitaplaryny öz içine alýar. Emma bu sözler bile ulanylanda, tutuş Ýewreý Ýazgylary göz öňünde tutulýar (Mt 7:12; 22:40; Lk 16:16).

Esaslanýar: Bu aýatda ulanylýan grek işligi göni manyda «ýapyşmak», göçme manyda bolsa «bagly bolmak; esaslanmak» diýmegi aňladýar». Isa Musanyň kanuny diýende, diňe bir ondaky on tabşyrygy däl-de, eýsem, söýgä esaslanýan tutuş Ýewreý Ýazgylaryny göz öňünde tutdy (Rm 13:9).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mt 22:21-e degişli maglumatlar

Patyşanyňkyny patyşa: Şu aýatda we Mr 12:17-de hem-de Luka 22:25-de Isa jogap berende, diňe Rim imperatoryny göz öňünde tutýar. «Patyşanyňkyny patyşa» diýen jümle ynsan hökümetlerine töleg tölemegi, hormat goýmagy we belli bir derejede tabyn bolmagy aňladýar (Rm 13:1—7).

Hudaýyňkyny Hudaýa: Bu ýerde adamyň Hudaýa bütin ýüregi bilen edýän seždesi, oňa bolan çuňňur söýgüsi we bütinleý wepalylygy göz öňünde tutulýar (Mt 4:10; 22:37, 38; Res 5:29; Rm 14:8).

nwtsty Mt 23:24-e degişli maglumatlar

Siz çybyny süzüp aýyrýarsyňyz, düýäni bolsa ýuwudýarsyňyz: Ysraýyllylar üçin çybyn iň kiçi haram mör-möjek, düýe bolsa iň uly haram haýwan hasaplanýardy. Isa bu aýatda giperbola (ulaltmak) ulanyp, dini ýolbaşçylary ýaňsylaýar. Sebäbi olar içýän zatlaryndan çybyny süzüp aýyrýardylar, Kanunyň wajyp tabşyryklaryny bolsa inkär edýärdiler. Bu edil düýäni ýuwutmak bilen deňdi.

MART 19—25

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 24

«Soňky günlerde ruhy taýdan oýa boluň»

it

Söýgi sowap bilýär. Isa şägirtlerine gelejekki wakalary gürrüň berende, hudaýhon hasaplaýan adamlaryň köpüsiniň söýgüsiniň (agape) sowajakdygyny aýdypdy (Mt 24:3, 12). Pawlus resul bolsa kyn günleriň aýratynlyklaryny agzanda, adamlaryň «puly söýjekdiklerini» belläp geçdi (2Tm 3:1, 2). Bu sözler adamlaryň adyl prinsiplere bolan garaýşynyň üýtgejekdigini we söýgüsiniň sowajakdygyny görkezýär. Şol sebäpli Hudaýyň Sözünde aýdylýan zatlar barada oýlanyp we ondaky prinsipler boýunça ýaşamaly hem-de elmydama öz üstüňde işläp, söýgiňi artdyrmaly (Ef 4:15, 22—24).

w99 15/11 sah. 19, abz. 5

Siz Hudaýyň öňündäki borjuňyzy doly ýerine ýetirýärsiňizmi?

5 Isa Mesih häzirki kyn günler barada şeýle diýdi: «Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan oglunyň gelşi-de şeýle bolar. Tupandan öň adamlar Nuhuň gämä giren gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. Tupan turup, adamlaryň ählisini syryp äkidýänçä, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan oglunyň gelşi-de şeýle bolar» (Matta 24:37—39). Çägiňi bilip, iýip-içmek ýazgarylmaýar, şonuň ýaly-da öýlenmek we durmuşa çykmak hem nädogry däl, sebäbi nikany Hudaý döretdi (Gelip çykyş 2:20—24). Emma gündelik işler birinji orna geçen bolsa, onda Hudaýa doga etsek dogry bolmazmy? Ýehowa bize Patyşalygyň bähbitlerini ähli zatdan ileri tutmaga, dogry işleri etmäge we Onuň öňündäki borjumyzy ýerine ýetirmäge kömek eder (Matta 6:33; Rimliler 12:12; 2 Korinfliler 13:7).

jy sah. 259, abz. 5

Resullar alamatlar hakda soraýarlar

Ol şägirtlerine hüşgär, oýa we tabyn bolmagyň wajypdygyny aýdýar. Ol muny şeýle mysal arkaly düşündirýär: «Bir zady biliň: eger öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljekdigini bilse, oýa bolardy we öýüni talamaga ýol bermezdi. Şonuň üçin siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler» (Matta 24:43, 44).

Ruhy dürdäneleri agtaryň

nwtsty Mt 24:8-e degişli maglumatlar

Betbagtçylyk: Bu söz göni manyda grekçede çaga dogurmaly bolandaky ýaly güýçli burgyny aňladýar. Umuman, ol kynçylyk, agyry we ejir diýen manyny berýär. Mt 24:21-de agzalýan agyr muşakgata çenli pygamberlikde agzalýan betbagtçylyk we ejir edil burgy ýaly gitdigiçe güýçlener hem-de arasy has ýygy-ýygy bolar.

nwtsty Mt 24:20-ä degişli maglumatlar

Gyş: Gyş paslynda güýçli ýagyn ýagyp, howa sowuk bolýar. Şol sebäpli syýahat etmek hem-de iýmit we ýaşar ýaly ýer tapmak kyn bolýar (Ez 10:9, 13).

Sabat güni: Ýahuda ýaly ýerlerde Kanundaky Sabat güni bilen bagly çäklendirmeler sebäpli uzak ýerlere gitmek we ýük götermek kynçylyk döredýärdi; şeýle-de Sabat güni şäheriň derwezeleri ýapyk bolýardy (Res 1:12-ä we B12 goşmaça maglumata serediň).

MART 26—APREL 1

HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | MATTA 25

«Oýa boluň»

Ruhy dürdäneleri agtaryň

w15 15/3 sah. 27, abz. 7

Mesihiň doganlaryna wepaly boluň

7 Şu günler goýunlar we geçiler tymsaly giňden düşündirilýär. «Ynsan Ogly» we «Patyşa» Isany, onuň «doganlary» bolsa gökde höküm sürjek mukaddes ruh bilen mesh edilen erkekdir aýallary aňladýar (Rim. 8:16, 17). «Goýunlar we geçiler» dürli milletli adamlary aňladýar. Isa goýunlary geçilerden haçan saýlar? Elbetde, agyr muşakgatyň soňunda. Adamlar näme sebäpden goýunlar we geçiler toparyna bölünýär? Olar Mesihiň ýerdäki doganlaryny goldasalar, goýunlar toparyna degişli bolup bilerler. Biz Mattanyň 24, 25-nji baplarynda gürrüň berilýän tymsallara dogry düşünmäge Ýehowanyň kömek edýändigine örän minnetdar.

w09 15/10 sah. 16, abz. 16—18

Siz «maňa dostsuňyz»

16 Sen Hudaýyň Patyşalygy astynda ýer ýüzünde ýaşamaga umyt edýän bolsaň, onda nädip Isanyň doganlaryna dostlugyňy görkezip bilersiň? Geliň, munuň üç usulyna seredeliň. Birinjiden: wagyz işine bütin ýürekden gatnaşmaly. Isa doganlaryna hoş habary bütin dünýäde wagyz etmegi tabşyrdy. Emma başga goýunlaryň kömegi bolmasa, Isanyň doganlarynyň ýerdäki galyndysyna bu tabşyrygy berjaý etmek kyn bolardy (Mat. 24:14). Başga goýunlar her gezek wagyz edende, Isanyň doganlaryna şol wajyp tabşyrygy ýerine ýetirmäge kömek edýär. Isa bilen sadyk hem akylly hyzmatkär şeýle dostlugyň gadyryny bilýär.

17 Ikinjiden: başga goýunlar wagyz işini maddy taýdan goldap, Isanyň doganlaryna kömek edýär. Isa şägirtlerini «hileli baýlyk» bilen dost gazanmaga höweslendirdi (Luka 16:9). Emma bu Isa we Ýehowa bilen dostlaşmagy satyn alyp bolýandygyny aňlatmaýar. Gaýtam, Ýehowanyň Patyşalygyny we ýygnagyň işini maddy taýdan goldap, dostlugymyzy hem söýgimizi diňe bir söz bilen däl-de, «iş hem hakykat» bilen subut edýäris (1 Ýahýa 3:16—18). Şeýle-de biz Ýehowa sežde edilýän ýerleriň gurluşygyny, bejeriş işlerini hem-de bütindünýä wagyz işini maddy taýdan goldaýarys we wagyz etmek üçin ýola pul sarp edýäris. Biziň berýän maddy goldawymyzyň köp ýa azlygyna garamazdan, Ýehowa hem-de Isa biziň şatlyk bilen berýänimizi görüp begenýärler (2 Kor. 9:7).

18 Üçünjiden: biz ýygnak ýaşulularynyň görkezmesine eýerip, Isanyň dostudygymyzy subut edýäris. Bu doganlar Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda mukaddes ruh bilen bellenýär (Efes. 5:23). Pawlus resul: «Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň... tabyn boluň» diýdi (Ýew. 13:17). Käwagt bize ýygnak ýaşulularynyň Mukaddes Ýazgylar esasynda berýän maslahatyna gulak asmak kyn bolýar. Biz olaryň kemçiliklerini bilýändigimiz üçin, beren maslahatyny kabul etmezligimiz mümkin. Emma ýygnagyň Başy Isa şol bikämil doganlary şatlyk bilen ulanýar. Şonuň üçin ýygnak ýaşulularynyň ýolbaşçylygyna bolan garaýşymyz, biziň Isa bilen dostlugymyza täsir edýär. Eger biz ýaşulularyň edýän ýalňyşlaryna garaman, olaryň görkezmesine höwes bilen eýersek, onda Isany söýýändigimizi subut ederis.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş