Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb18 Iýun sah. 7
  • Sosial ulgamlarynyň duzagyna düşmekden seresap boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sosial ulgamlarynyň duzagyna düşmekden seresap boluň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Internetden hak dostlary tapyp bolarmy?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2022
  • Saglyk guramalary Internet ulgamynyň ýaşlara erbet täsir edýändigini aýdýar. Mukaddes Kitapda näme diýilýär?
    Dürli temalar
  • Sosial ulgamlary çagaňyza zyýan ýetirýärmi? Mukaddes Kitapdaky maslahatlar ene-atalara nädip kömek edýär?
    Dürli temalar
  • «Özüňize ýokary baha bermäň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
mwb18 Iýun sah. 7

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Sosial ulgamlarynyň duzagyna düşmekden seresap boluň

Isa daşy çörege öwürmekden ýüz öwürýär

NÄME ÜÇIN WAJYP? Elektron enjamlary ýaly, sosial ulgamlary hem bize peýda ýa-da zyýan berip bilýär. Käbir mesihçiler sosial ulgamlaryny asla ulanmaýarlar. Käbir dogan-uýalar bolsa, maşgala agzalary ýa-da dost-ýarlary bilen habarlaşmak üçin şeýle ulgamlardan peýdalanýarlar. Emma Iblis biziň abraýymyza we ruhy saglygymyza zyýan ýetirmek isleýär. Şonuň üçin sosial ulgamlaryny paýhassyz ulanmaga iterýär. Howplary görüp we olardan gaça durup biler ýaly, biz Isadan görelde alyp, Hudaýyň Sözündäki prinsiplere eýerip bileris (Lk 4:4, 8, 12).

GAÇA DURUŇ:

  • Çendenaşa köp ulanmak. Sosial ulgamlaryny köp sagatlap ulansak, ruhy işlere sarp etmeli gymmatly wagtymyzy ogurlap biler.

    Ýazgylardaky prinsipler: Ef 5:15, 16; Fp 1:10

  • Şübheli zatlary görmek. Erbet suratlar pornografiýa görmäge ýa-da ahlaksyzlyga eltip bilýär. Imandan dänip, hakykata garşy gidýänleriň ýazýan zatlaryny okamak ýa-da sosial ulgamyndaky şahsy sahypalaryna girmek imanymyzy gowşadyp biler.

    Ýazgylardaky prinsipler: Mt 5:28; Fp 4:8

  • Ýerliksiz zatlary ýazmak ýa-da suratlary goýmak. Adamyň ýüregi hilegärdigi üçin, sosial ulgamynda ýerliksiz zatlary ýazmaga ýa-da suratlary goýmaga iterip biler. Emma bu kimdir biriniň abraýyna ýa-da ruhy saglygyna zyýan ýetirip bilýär.

    Ýazgylardaky prinsipler: Rm 14:13; Ef 4:29

«SOSIAL ULGAMLARYNY PAÝHASLY ULAN» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU ÝAGDAÝLARDAN NÄDIP GAÇA DURUP BOLÝANDYGY BARADA PIKIR ALŞYŇ:

Ogry sosial ulgamy arkaly öý eýesiniň haçan öýde bolmaýandygyny bilýär
Sosial ulgamynda goýlan ýerliksiz suratyňy başlygyň görüp biler
Nätanyş adam bilen ýazyşmagyň howpy
Gijäniň ýaryna çenli sosial ulgamyny ulanýan adama irden turmak kyn bolýar
    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş