«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
AWGUST 6—12
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 17, 18
«Minnetdarlyk bildiriň»
nwtsty Lk 17:12, 14-nji aýatlara degişli maglumatlar
On sany heýwere keselli adam: Gadymy döwürde heýwere keselli adamlar bile ýa-da topar bolup ýaşan bolmaly. Şeýdip, olar bir-birine kömek eden bolmaly (2 Pat 7:3—5). Hudaýyň kanunyna görä, heýwere keselli başga adamlardan aýra ýaşamalydy. Şeýle-de ol adamlara duýdurmak üçin: «Men — haram, men — haram» diýip gygyrmalydy (Lw 13:45, 46). Kanuna görä, heýwere keselli adamlar Isadan uzakda durýardylar (Mt 8:2-ä degişli maglumata we sözlüge serediň «Heýwere»).
Özüňizi ruhanylara görkeziň: Isa Mesih ýerde ýaşanda, kanundaky Harunyň ruhanylygy güýjüni ýitirmändigi üçin, oňa tabyn bolýar. Şonuň üçin ol heýwere keselinden sagaldan adamlaryna ruhanynyň ýanyna gitmegi tabşyrýar (Mt 8:4; Mr 1:44). Musanyň kanunyna laýyklykda, ruhany heýwere keselinden sagalan adamy barlamalydy. Sagalan adam soňra ybadathana baryp, sowgat ýa-da sadaka hökmünde iki sany diri halal guşy, kedr agajynyň bölegini, goýy gyzyl reňkli sapagy we käkilik otuny getirmelidi (Lw 14:2—32).
w08 1/8 sah. 14, 15, abz. 8, 9
Näme üçin minnetdar bolmaly?
Isa minnetdarlyk bildirmedik adamlara nähili garaýardy? Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Şonda Isa: „Eýsem, sagalan adamlar on dälmidi? Galan dokuzysy nirede? Hudaýy şöhratlandyrmak üçin, şu özge milletli adamdan başga hiç kim gelmedimi?“ diýdi» (Luka 17:17, 18).
Dokuz sany heýwere keselli adama erbet diýip bolmaz. Sebäbi olar Isa iman edýändikleri üçin, onuň tabşyrygyna gulak asyp, Iýerusalime gidip, özlerini ruhana görkezdiler. Emma olar Isanyň eden ýagşylygyna çyn ýürekden minnetdar bolsalar-da, onuň özüne minnetdarlyk bildirmediler. Isa olaryň özüni şeýle alyp barandygyna gynanýar. Biz mundan näme öwrenip bileris? Biri bize ýagşylyk etse, derrew sag bolsun aýtmaly, ýerlikli bolsa, minnetdarlyk bildirip hat hem ýazyp bileris.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Lk 17:10-a degişli maglumat
Ýönekeý: Bu «peýdasyz; derde ýaramaýan» diýmegi aňladýar. Isanyň aýdan mysalynda gullar däl-de, onuň şägirtleri göz öňünde tutulýar. Olar özlerini peýdasyz we derde ýaramaýan hasaplaýardy. Aýadyň kontekstine görä, «ýönekeý» diýen söz gullaryň özlerini hormata we öwgä mynasyp görmän pespäl alyp barandyklaryny görkezýär. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, bu aýatda giperbola (ulaldyp aýtmak) ulanylyp, «biz bir üns berilmäge-de mynasyp däl ýönekeý gullardyrys» diýmegi aňladýar.
nwtsty Lk 18:8-e degişli maglumat
Iman: Isanyň aýdan «iman» diýen grek sözi göni manydaky imany däl-de, onuň belli bir görnüşini aňladýar. Bu hakda Isanyň dul aýal baradaky mysalynda aýdylýar (Lk 18:1—8). Muňa doganyň güýjüne iman etmeklik, şeýle-de Hudaýyň öz saýlan gullukçylary üçin adalaty dikeltjekdigine iman etmek degişli. Isa iman baradaky soragyň jogabyny aýtmandygy üçin, onuň şägirtleri öz imany barada pikir eden bolmaly. Isanyň doga hem-de iman hakdaky mysaly ýerliklidi, sebäbi ol şägirtleriniň nähili synaglara uçrajakdygyny aýdypdy (Lk 17:22—37).
AWGUST 13—19
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 19, 20
«On kümüş pul mysalyndan näme öwrenýäris?»
Kümüş pul baradaky mysal
Isa: «Abraýly maşgaladan bir adam patyşalyk ygtyýaryny almak üçin, uzak ýurda gidýär» diýýär (Luka 19:12). Şeýle syýahat uzak wagta çekýän bolmaly. «Abraýly maşgaladan bir adam» Isany aňladýar. Ol «uzak ýurda», ýagny göge gidýär; ol ýerde Atasy oňa patyşalyk ygtyýaryny berer.
«Abraýly maşgaladan» bolan adam başga ýurda gitmezden öň, on guluny çagyryp, hersine bir kümüş pul berýär-de: «Men gaýdyp gelýänçäm, beren pulumy dolanyşyga goýberiň» diýýär (Luka 19:13). Kümüş puluň, ýagny minanyň hümmeti uludy. Daýhan bir mina gazanmak üçin üç aýdan gowrak işlemeli bolýardy.
Şägirtler özleriniň on gul bilen deňeşdirilýändigini aňan bolmaly, sebäbi Isa öň olary hasyl ýygnaýan işçilere meňzedipdi (Matta 9:35—38). Elbetde, Isa olary hasyl ýygymyna ibermekçi däldi. Şägirtler Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürjek başga-da şägirtleri ýygnamalydy. Munuň üçin olar bar zatlaryny, ýagny wagtyny, güýjüni, hatda maddy zatlaryny-da ulanmalydylar.
Kümüş pul baradaky mysal
Eger şägirtler mysaldaky gullar ýaly şägirt taýýarlamak üçin bar serişdelerini ulansalar, Isanyň olardan razy boljakdygyna ynanyp bilerler. Munuň üçin Isa olary sylaglar. Elbetde, şägirtleriň durmuş ýagdaýy, mümkinçilikleri we ukyplary birmeňzeş däl. «Patyşalyk ygtyýaryny» aljak Isa muňa düşünýär. Ol şägirt taýýarlamak üçin tagalla edýän adamlaryň bereket aljakdygyny aýdýar (Matta 28:19, 20).
Kümüş pul baradaky mysal
Hojaýynynyň emlägini, ýagny patyşalygynyň baýlygyny artdyrmak üçin tagalla etmedik gul zyýan çekýär. Resullar Isanyň Hudaýyň Patyşalygynda höküm sürüp başlamagyna garaşýarlar. Eger şägirtler tagalla etmeseler, onda soňky guluň başyna inen zat olaryň hem başyna iner. Patyşalykda olara hiç hili orun berilmez.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Lk 19:43-e degişli maglumat
Pürsler aýlap: Ýa-da «agaç aýlap». Grekçe kharah diýen söz diňe Injilde duş gelýär. Bu söz ujy ýiteldilen taýagy, haýat etmek üçin ýa-da harby işlerde goranmak üçin ulanylýan agaçdyr pürsi aňladýar. Isanyň bu sözleri b. e. 70-nji ýylynda, Titusyň ýolbaşçylygynda Rim esgerleri Iýerusalimiň daşyna gabaw diwaryny ýa-da agaçdan haýat aýlanda ýerine ýetdi. Titusyň üç maksady bardy: ýehudylar gaçmaz ýaly öňüni almak, gabawdaky adamlary söweşsiz boýun egdirmek hem-de şäheriň ýaşaýjylaryny aç saklap, özüne tabyn etmekdi. Iýerusalimiň daşyna pürs aýlar ýaly, Rim esgerleri şäherden uzaga gidip agaç çapyp getirdiler.
nwtsty Lk 20:38-e degişli maglumat
Olaryň ählisi Hudaý üçin diridir: Ýa-da «olaryň ählisi Hudaýyň nazarynda diridir». Mukaddes Ýazgylarda Hudaýdan daşlaşan adamlar onuň nazarynda ölüdir diýilýär (Ef 2:1; 1Tm 5:6). Hudaýyň wepaly gullukçylary aradan çyksa-da, Ýehowanyň nazarynda diri ýalydyr. Sebäbi Ýehowanyň olary direltmek niýeti hökman ýerine ýeter (Rm 4:16, 17).
AWGUST 20—26
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 21, 22
«Gutulyşyňyz golaýlandyr»
Hudaýyň Patyşalygy duşmanlaryny ýok edýär
9 Gökdäki alamatlar. Isa: «Gün garalar, Aý ýagtylyk bermez, gökden ýyldyzlar gaçar» diýip pygamberlik etdi. Dogrudan-da, şol döwürde adamlar dini ýolbaşçylara hakykatyň şamçyragy hökmünde garamaz we olardan görkezme soramaz. Emma Isa göni manydaky asmanda hem gorkunç alamatlaryň boljakdygyny aýtdymy? Belki, ol şony hem göz öňünde tutandyr (Iş. 13:9—11; Ýowel 2:1, 30, 31). Gelejekde boljak zatlar adamlara nähili täsir eder? Olar «näme etjeklerini bilmän howsala düşerler» (Luka 21:25; Sef. 1:17). Hawa, Hudaýyň Patyşalygynyň duşmanlarynyň «patyşalardan» «gullara» çenli ählisi «betbagtçylyklara garaşyp, gorkudan ýaňa özüni ýitirerler» we pena gözläp, iki ýana çarp urarlar. Emma olar Patyşamyzyň gazabyndan gaçyp gizlenmäge ýer tapmazlar (Luka 21:26; 23:30; Ylh. 6:15—17).
«Doganlyk söýgiňiz» sowaşmasyn!
17 «Batyrgaý boluň» (Ýewreýler 13:6-ny okaň). Biz Ýehowa bil baglasak, islendik kynçylyga mertlik bilen döz geleris. Şeýle batyrgaýlyk bize dogry garaýyşda bolmaga kömek eder. Dogan-uýalary söýsek we dogry garaýyşda bolsak, olara teselli bereris hem-de göwnüni götereris (1 Sel. 5:14, 15). Agyr muşakgatyň iň kyn pursatlarynda-da hiç zatdan gorkman, «dikelip, başymyzy galdyrarys». Sebäbi «gutulyşyň golaýlandygyny» bileris (Luka 21:25—28).
«Gutulyşyňyz golaýlap gelýändir»
13 Geçiler «ebedi jeza» aljakdygyny bilende näme ederler? Olar «hasrat çekip, gursagyna urarlar» (Mat. 24:30). Mesh edilen mesihçiler bilen wepaly galan «başga goýunlar» näme ederler? Olar Ýehowa Hudaýa we onuň Ogly Isa Mesihe doly iman edip: «Bu zatlar başlanda, dikeliň-de, başyňyzy galdyryň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlandyr» diýen görkezmä eýererler (Luka 21:28). Hawa, biz halas boljakdygymyza umyt edýäris!
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Lk 21:33-e degişli maglumatlar
Gök we ýer geçip gider: Ýöne başga aýatlarda gök bilen ýeriň ebedilik durjakdygy aýdylýar (Gelç 9:16; Zb 104:5; Wg 1:4). Diýmek, Isa bu sözleri aýdanda giperbola ulanan bolmaly. Gök bilen ýeriň geçip gitmeýşi ýaly, Isanyň sözleri hem hökman ýerine ýeter (Mt 5:18-i deňeşdiriň). Ýöne bu ýerdäki gök we ýer göçme manyda ulanylýar. Muňa Ylham 21:1-de «öňki gök bilen ýer» hem diýilýär.
Meniň sözlerim galar: Ýa-da «meniň sözlerim hökman galar». Aýatda ulanylan grek sözi Isanyň sözleriniň hökman ýerine ýetýändigini görkezýär.
w14 15/10 sah. 16, 17, abz. 15, 16
Siz patyşalar we ruhanylar bolarsyňyz
15 Isa Ýatlama agşamyny girizenden soň, wepaly şägirtleri bilen Patyşalyk ähtini baglaşdy (Luka 22:28—30-njy aýatlary okaň). Beýleki ähtlerden tapawutlylykda, bu ähti Ýehowa baglaşmady. Muny Isa bilen mesh edilen mesihçiler baglaşdylar. Isa: «Atamyň meniň bilen äht baglaşyşy ýaly» diýende, Ýehowanyň «Melkisedek düzgüni boýunça hemişelik ruhany» bolmak barada baglaşan ähtini göz öňünde tutan bolmaly (Ýew. 5:5, 6).
16 Isanyň 11 wepaly resuly synaglarynda onuň bilen berk durdular. Patyşalyk ähti olaryň Isa bilen gökde tagtlarda oturyp höküm sürjekdigini we ruhanylar bolup hyzmat etjekdigini aýan edýär. Emma şeýle mümkinçilik diňe 11 resula berilmändi. Isa görnüş arkaly Ýahýa resula şeýle diýdi: «Men ýeňip, atam bilen bile Onuň tagtynda oturan bolsam, ýeňene-de Meniň bilen bile Öz tagtymda oturmaga ygtyýar bererin» (Ylh. 3:21). Patyşalyk ähti 144 müň mesh edilen mesihçiler bilen baglaşyldy (Ylh. 5:9, 10; 7:4). Bu äht olara gökde Isa bilen höküm sürmäge mümkinçilik berdi. Olary patyşanyň saýlan gelnine meňzetse bolýar. Olar durmuş guransoň, bile höküm sürüp bilýär. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylarda mesh edilen mesihçilere Isa Mesihiň «gelni» we oňa durmuşa çykmagy söz beren «päk gyz» diýilýär (Ylh. 19:7, 8; 21:9; 2 Kor. 11:2).
AWGUST 27—SENTÝABR 2
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | LUKA 23, 24
«Başgalary bagyşlamaga taýyn boluň»
cl sah. 297, abz. 16
«Mesihiň söýgüsine göz ýetiriň»
16 Isa Atasynyň söýgüsini kämil derejede görkezip, hemişe «geçirimlilik» edýärdi (Zebur 86:5). Ol jebir pürsündekä-de geçirimlidigini görkezdi. El-aýaklary çüýlenip, masgaraçylykly ölüme höküm edilende, Isa näme hakda dileg etdi? Ol Ýehowadan özüni jezalandyran adamlary höküm etmegi diledimi? Ýok, gaýtam, ol: «Atam, bu adamlary bagyşla, çünki olar näme edýändiklerini bilmeýärler» diýdi (Luka 23:34).
g 2/08 sah. 11, abz. 5, 6
Hudaý agyr günäleri bagyşlaýarmy?
Ýehowa günäli adamyň diňe günäsine däl, eýsem, onuň garaýşyna-da üns berýär (Işaýa 1:16—19). Isanyň ýanynda çüýlenen iki jenaýatçyny ýada salalyň. Olaryň ikisem agyr jenaýat eden bolmaly. Sebäbi olaryň biri: «Bize eden işimize laýyk adalatly höküm çykaryldy, emma ol hiç hili erbet iş etmedi» diýdi. Jenaýatçynyň sözleri Isa barada käbir zatlary bilýändigini we munuň oňa garaýşyny üýtgetmäge kömek edendigini görkezýär. Bu bolsa onuň şu sözlerinden görünýär: «Isa, Patyşa bolanyňda, meni ýatlagyn». Isa Mesih onuň ýürekden aýdan haýyşyna nähili garady? Isa oňa: «Şu gün saňa dogrusyny aýdýaryn, sen meniň bilen bile Jennetde bolarsyň» diýdi (Luka 23:41—43).
Bu barada oýlanyp görüň: Isanyň soňky sözleri ölüm jezasyna mynasypdygyny boýun alýan adama rehimdarlyk bildirendigini görkezýär. Eýsem, bu bizi ruhlandyrmaýarmy?! Öň nähili günä eden bolsalar-da, ýürekden toba edýän adamlaryň ählisine Isa Mesihiň hem-de Atasy Ýehowanyň rehimdarlyk bildirýändigine ynanyp bileris (Rimliler 4:7).
cl sah. 297, 298, abz. 17, 18
«Mesihiň söýgüsine göz ýetiriň»
17 Isa Petrus resul bilen özüni mähirli alyp baryp, geçirimlilik etmekde ajaýyp görelde galdyrdy. Elbetde, Petrus Isany gaty gowy görendir. 14-nji nisanda Isanyň ölüminiň öňüsyrasy Petrus oňa: «Halypam, men seniň bilen türmä gitmäge-de, ölmäge-de taýyndyryn» diýdi. Ýöne bary-ýogy birnäçe sagatdan Petrus Isany tanamaýandygyny aýdyp, ondan üç gezek ýüz öwürdi. Mukaddes Ýazgylarda Petrus üçünji gezek ýüz öwrende: «Isa öwrülip, Petrusa seretdi» diýilýär. Petrus agyr günä edendigine ruhdan düşüp, «daşaryk çykdy-da, möňňürip aglady». Petrus Isanyň öldürilen güni: «Halypam meni bagyşladymyka?» diýip alada eden bolmaly (Luka 22:33, 61, 62).
18 Petrusyň bu soragy jogapsyz galmady. Isa 16-njy nisanda irden direlenden soň, şol gün Petrusa görnen bolmaly (Luka 24:34; 1 Korinfliler 15:4—8). Isa özüni üç gezek inkär eden resulyna näme üçin aýratyn üns berdi? Isa toba eden resulyny henizem söýýändigini we gymmat saýýandygyny ynandyrmak isledi. Ýöne Isa Petrusy ynandyrmak üçin başga-da köp zatlary etdi.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
nwtsty Lk 23:31-e degişli maglumat
Agaç entek ýaşylka... gurasa näme bolar? Isa bu sözleri ýewreý halkyny göz öňünde tutup aýdan bolmaly. Gurap barýan agajyň biraz çygly bolmagy, Isanyň şol wagtda ýaşandygyny we oňa käbir ýewreýleriň iman edendigini görkezýär. Ýöne tizden Isa ölüme höküm edilensoň, wepaly ýewreýler mukaddes ruh bilen mesh edilip, ruhy Ysraýyla degişli bolmalydy (Rm 2:28, 29; Gl 6:16). Şol wagt göni manydaky ysraýyl halky ruhy taýdan öli bolup, guran agaja meňzeýärdi (Mt 21:43).
nwtsty-daky aýratynlyk
Dabandaky çüý
Bu suratda bir adamyň dabanyna çüýlenen uzynlygy 11,5 sm bolan demir çüý görkezilen. Ol Rim imperiýasynyň döwrüne degişli bolup, 1968-nji ýylda gazuw-agtaryş işleri geçirilende, Iýerusalimiň demirgazygyndan tapyldy. Şeýle çüýler jebir pürsünde jezalandyrylmaly adamlar üçin ulanylan bolmaly. Olar Rim esgerleriniň Isa Mesihi pürse çüýlemek üçin ulanan çüýüne meňzeş bolan bolmaly. Şol gazuw-agtaryş işinde tapylan zatlar daşdan ýasalan gutynyň içindedi. Adatça, jezalandyrylan adamyň bedeni çüýränden soň, süňkleri şol guta salynýardy. Bu bolsa pürsde jezalandyrylan adamy jaýlamalydygyny görkezýärdi.