MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Isa Mesih ýaly pesgöwünli boluň
Isa ýer ýüzünde ýaşan iň beýik adam bolsa-da, Ýehowany şöhratlandyryp, pesgöwünlidigini görkezdi (Ýah 7:16—18). Ýöne bir perişde zalym bolup, Şeýtan ýa-da Iblis boldy. Iblis «töhmetçi» diýmegi aňladýar (Ýah 8:44). Fariseýler hem Şeýtanyňky ýaly pikirdediler. Olar tekepbir bolandyklary üçin, Mesihe iman edýän adamlary kemsidýärdiler (Ýah 7:45—49). Bize ýygnakda hormatly ýa jogapkärli borçlar berlende, Isadan nädip görelde alyp bileris?
«BIR-BIRIŇIZI SÖÝÜŇ. GÖRIPLIKDEN WE ÖWÜNJEŇLIKDEN GAÇA DURUŇ» ATLY WIDEONYŇ I BÖLÜMINI GÖRÜŇ WE AŞAKDAKY SORAGA JOGAP BERIŇ:
Aleks tekepbirdigini nädip görkezdi?
«BIR-BIRIŇIZI SÖÝÜŇ. GÖRIPLIKDEN WE ÖWÜNJEŇLIKDEN GAÇA DURUŇ» ATLY WIDEONYŇ II BÖLÜMINI GÖRÜŇ WE AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Aleks pesgöwünlidigini nädip görkezdi?
Aleks Bill bilen Karly nädip höweslendirdi?
«BIR-BIRIŇIZI SÖÝÜŇ. TEKEPBIRLIKDEN WE GELŞIKSIZ HEREKETLERDEN GAÇA DURUŇ» ATLY WIDEONYŇ I BÖLÜMINI GÖRÜŇ WE AŞAKDAKY SORAGA JOGAP BERIŇ:
Harris dogan pesgöwünli däldigini nädip görkezdi?
«BIR-BIRIŇIZI SÖÝÜŇ. TEKEPBIRLIKDEN WE GELŞIKSIZ HEREKETLERDEN GAÇA DURUŇ» ATLY WIDEONYŇ II BÖLÜMINI GÖRÜŇ WE AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Harris dogan pesgöwünlidigini nädip görkezdi?
Feýa Harris doganyň mysalyndan näme öwrendi?