MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Hakyky mesihçiler söýgüsi bilen tanalýar. Öz peýdaňyzy gözlemekden we gaharlanmakdan gaça duruň
NÄME ÜÇIN WAJYP? Isa şägirtlerine bir-birine bolan söýgüsi bilen tanalmalydygyny öwretdi (Ýah 13:34, 35). Mesihiňki ýaly söýgini bildirmek üçin, bizem dogan-uýalaryň peýdasyny gözlemeli hem-de çalt gaharlanmaly däl (1Kr 13:5).
NÄDIP ETMELI?
Biri sözi ýa hereketi bilen göwnüňize degse, birsalym oýlanyp, düşünişmezligiň näme sebäpden dörändigini we hereketiňiziň nähili netije berjekdigini anyklajak boluň (Sült 19:11).
Ählimiziň bikämildigimizi we käte aýdan sözümiz ýa-da hereketimiz üçin ökünýändigimizi unutmaň
Düşünişmezligi şol bada çözüň
«BIR-BIRIŇIZI SÖÝÜŇ. ÖZ PEÝDAŇYZY GÖZLEMEKDEN WE GAHARLANMAKDAN GAÇA DURUŇ» ATLY WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Tomuň maslahaty Lary dogana nähili täsir etdi?
Toma gaharyny saklamaga näme kömek etdi?
Tomuň ýumşak jogap bermegi nähili netije berdi?
Gaharymyz gelende özümizi rahat alyp barsak ýygnagymyza nähili peýda berer?