«Durmuş we wagyz okuw depderi» üçin salgylar
MAÝ 6—12
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 KORINFLILER 4—6
«Biz „ruhdan düşmeýäris“»
w04 15/8 sah. 25, abz. 16, 17
Tapdan düşýäris, ýöne gowşamaýarys
16 Ruhy taýdan aladamyzy etmek gaty wajyp. Eger Ýehowa Hudaý bilen ýakyn dostlugymyz bolsa, tapdan düşsek-de, hiç haçan Oňa gulluk etmekden ýadamarys. Ýehowa «tapdan düşene güýç berýär, ysgyndan gaçana kuwwat berýär» (Işaýa 40:28, 29, TD). Pawlus resul şu sözleriň dogrudygyna göz ýetirip, şeýle ýazdy: «Bedenimiz solsa-da, ruhdan düşmeýäris, gaýtam, ýüregimiz we pikirimiz günsaýyn täzelenýär» (2 Korinfliler 4:16).
17 «Günsaýyn» diýen söze üns bereliň. Bu söz Ýehowanyň berýän kömeginden her gün peýdalanmalydygyny görkezýär. 43 ýyl Ýehowa wepaly gulluk eden missioner uýa käte halys ýadap, ruhdan düşýärdi. Ýöne ol gowşamady. Uýa şeýle diýýär: «Men her gün ir bilen turup, işlerime başlamankam Ýehowa doga edip, onuň Sözüni okamagy endik edindim. Şeýle gün tertibi häzire çenli çydamaga kömek edýär». Eger bizem yzygiderli, «günsaýyn» doga etsek we Ýehowanyň ajaýyp häsiýetleri hem wadalary hakda oýlansak, güýji bilen bizi goldajakdygyna ynamly bolup bileris.
it «Çydamlylyk»
Çydamlylyk
Biz kämil şertlerde ebedi ýaşamak umydymyzy hiç haçan unutmaly däl. Mesihçi hatda yzarlaýanlaryň elinden öldürilse-de, umydyny üzmeýär (Rm 5:4, 5; 1Sl 1:3; Ylh 2:10). Häzirki çekýän horluklarymyz umyt edýän zatlarymyzyň ýerine ýetmegi bilen deňeşdireniňde «hiç zat bolup galýar» (Rm 8:18—25). Hatda güýçli ejir çeksek-de, ebedi ýaşaýyş bilen deňeşdireniňde «wagtlaýyn we ýeňil» bolup görünýär (2Kr 4:16—18). Mesihçi synaglaryň wagtlaýyndygyny unutman, umydyny üzmese, ruhdan düşmez we Ýehowa wepaly bolar.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
w12 1/2 sah. 28, 29
«Ýehowa begenjinden ýylgyrar»
Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy Deýwid Spleýn «Biz „hazynany toprakdan ýasalan gaplarda saklaýarys“» atly nutuk bilen çykyş etdi (2 Korinfliler 4:7). Bu nähili hazyna? Bilim ýa akyldarlykmy? Nutukçy «ýok» diýip jogap berýär. «Pawlus hazyna diýende „hakykaty aýan edýän“ „gullugy“ göz öňünde tutýar» (2 Korinfliler 4:1, 2, 5). Spleýn dogan bäş aý okuwyň dogan-uýalary aýratyn gulluga taýýarlandygyny ýatlatdy. Olar şeýle gullugy gymmat saýmaly.
Nutukçy «toprakdan ýasalan gaplaryň» bedenimizi aňladýandygyny aýtdy. Ol toprakdan ýasalan gaplary gyzyldan ýasalan gaplar bilen deňeşdirdi. Gyzyldan ýasalan gaplar seýrek ulanylýar. Toprakdan ýasalan gaplar bolsa hemişe ulanýar. Eger hazynany gyzyldan ýasalan gaba salsak, onda edil hazyna üns berşimiz ýaly, gaba-da üns bereris. Spleýn dogan okuwy tamamlan dogan-uýalara ýüzlenip, şeýle diýdi: «Siz özüňize üns çekmek islemeýärsiňiz. Missionerler hökmünde siz adamlaryň ünsüni Ýehowa gönükdirmek isleýärsiňiz. Siz pesgöwünli toprakdan ýasalan gaplarsyňyz».
Doganlyk söýgüsini artdyryň
7 Biz doganlary söýmek üçin nädip göwnümizi giň tutup bileris? Adatça, adamlar milletine we ýaşyna görä dostlaşýarlar. Göwün açanda meşgullanýan zatlary meňzeş bolan adamlar köplenç wagtyny bile geçirýär. Şonuň üçin eger käbir mesihçiler bilen dostlaşyp, käbirinden daşlaşsak «göwnümizi giň tutmaly». Biz özümize şeýle soraglar bersek paýhasly bolar: «Ýakyndan gatnaşmaýan dogan-uýalarym bilen az wagyz edip, olary kämahal myhmançylyga çagyrýarynmy? Ýygnaga täze gelenler ilki özleri meniň dostlugymy gazansyn diýip, olar bilen känbir gatnaşmaýarynmy? Men dürli ýaşdaky dogan-uýalar bilen saglyk-amanlyk soraşýarynmy?»
w04 1/7 sah. 30, 31
Okyjylaryň sowallary
Suwa çümdürilen mesihçi suwa çümdürilmedik wagyzçy bilen duşuşsa bolýarmy?
2 Korinfliler 6:14-de şeýle diýilýär: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň». Eger kontekste üns bersek, Pawlusyň mesihçiler ýygnagyna degişli bolmadyk adamlar hakda aýdýandygy aýdyň bolýar. Muny Pawlusyň başga aýatlarda «imansyz» we «imansyzlar» diýen sözleri ulanyşyndan hem görse bolýar.
Meselem, Pawlus mesihçileri kazyýetdäki «iman etmeýän adamlara» ýüz tutandygy üçin ýazgarýar (1 Korinfliler 6:6). Bu aýatdaky iman etmeýän adamlar Korinfiň kazyýetinde gulluk edýän kazylary aňladýar. Pawlus ikinji hatynda Şeýtanyň imansyzlaryň aň-düşünjesini küteldendigini ýazýar. Hoş habaryň nury ýagtylandyrmaz ýaly, olaryň gözleri «mata bilen örtülgidir». Pawlus: «Kimdir biri Ýehowa dolansa, ol mata aýrylýandyr» diýip ýazýar, ýöne imansyzlar Hudaýa dolanmak islemeýär (2 Korinfliler 3:16; 4:4).
Käbir imansyzlar kanunsyzlyk we butparazlyk edýär (2 Korinfliler 6:15, 16). Ýöne olaryň hemmesi Ýehowanyň gullukçylaryna garşy çykmaýar. Hatda käbirleri hakykat bilen hem gyzyklanýar. Köpüsiniň ýanýoldaşy mesihçi we olar bagtly ýaşaýar (1 Korinfliler 7:12—14; 10:27; 14:22—25; 1 Petrus 3:1, 2). Emma ýokarda aýdylyşy ýaly, Pawlus «Halypamyzyň adyna iman edýän» mesihçiler ýygnagyna degişli bolmadyklara «imansyz» diýen sözi yzygider ulanýar (Resullaryň işleri 2:41; 5:14; 8:12, 13).
2 Korinfliler 6:14-däki prinsip ähli ýagdaýlarda peýdaly bolýar. Ýöne köplenç bu prinsip durmuş gurmak isleýän mesihçiler üçin paýhasly maslahat hökmünde berilýär (Matta 19:4—6). Hudaýa özüni bagyş edip, suwa çümdürilen mesihçiniň gymmat saýýan zatlary, maksatlary we ynançlary imansyz adamyňkydan düýbünden tapawutlanýar. Şonuň üçin ol imansyzlaryň arasyndan özüne ýanýoldaş gözlemeýär.
Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip, ýygnaga gelýänlere hem şeýle garaýyşda bolmalymy? Suwa çümdürilmedik wagyzçylar hem imansyz hasaplanýarmy? Ýok. Hakykaty kabul edip, suwa çümdürilmek üçin ädimleri ädýän adamlara imansyz diýip bolmaýar (Rimliler 10:10; 2 Korinfliler 4:13) Korneliý hem suwa çümdürilmänkä, «hudaýhon adam» hökmünde tanalýardy (Resullaryň işleri 10:2).
Onda Pawlusyň 2 Korinfliler 6:14-däki maslahatyndan çen tutsak, suwa çümdürilen mesihçi suwa çümdürilmedik wagyzçy bilen duşuşsa paýhasly bolarmy? Ýok, bolmaz. Näme üçin? Sebäbi Pawlus dul aýallara: «Diňe Halypamyzyň şägirdine durmuşa çykmalydyr» diýip gönümel maslahat berdi (1 Korinfliler 7:39). Şu maslahata görä, suwa çümdürilen mesihçiler özüne «diňe Halypamyzyň şägirdinden» ýanýoldaş gözlemeli.
«Halypamyzyň şägirdi» we şoňa meňzeş manydaky «Mesihde» diýen sözler nämäni aňladýar? Pawlus resul Rimliler 16:8—10 we Koloslylar 4:7-nji aýatlarda «Halypamyzyň şägirtleri» we «Mesihde» bolan adamlar hakda aýdýar. Şu aýatlarda olara «işdeşler», «wepaly galanlar», «söýgüli doganlar» we «wepaly gullukçylar hem gullar» diýilýär.
Adam haçan «Halypamyzyň guly» bolýar? Ol özünden geçip, guluň etmeli işini höwes bilen ýerine ýetirende, «Halypamyzyň guly» bolýar. Isa şeýle diýdi: «Kim meniň yzyma eýermek islese, özünden geçsin-de, jebir pürsüni alyp, yzyma düşsün» (Matta 16:24). Adam özüni Hudaýa bagyş edende, Mesihiň yzyna eýerip başlaýar we Hudaýyň islegine doly tabyn bolýar. Soňra ol suwa çümdürilip, Ýehowa Hudaýyň göwnünden turýan gullukçysy bolýar. Şol sebäpli «Halypamyzyň şägirdi bilen durmuş gurmak» diýmek, imanyny iş ýüzünde görkezen hem-de suwa çümdürilen «Hudaýyň we Halypamyz Isa Mesihiň guly» bilen durmuş gurmagy aňladýar (Ýakup 1:1).
Ýehowanyň Şaýatlary bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän we ruhy ösüşler edýän adamlar öwgä mynasyp. Emma olar entek özüni Ýehowa bagyş etmediler we janaýamazlyk bilen gulluk edip başlamadylar. Sebäbi olar durmuşynda gerekli özgerişikleri etmegi dowam edýärler. Olar durmuş gurmak ýaly wajyp ädimi ätmezden öň, ýene bir wajyp özgerişik etmeli, ýagny Hudaýa özüni bagyş edip, suwa çümdürilmeli.
Mesihçi Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän we ruhy taýdan ösüş edýän adam bilen suwa çümdürilensoň, durmuş guraryn diýen niýet bilen duşuşyp başlasa, paýhasly bolmaz. Okuw geçýän adam suwa çümdürilen mesihçiniň onuň bilen durmuş gurmak isleýändigini we suwa çümdürilýänçä garaşýandygyny bilse, onda nädogry niýet döremegi mümkin.
Köplenç adam suwa çümdürilýänçä, birnäçe wagt suwa çümdürilmedik wagyzçy bolup gulluk edýär. Şol sebäpli «Halypamyzyň şägirdi bilen durmuş gurmaly» diýen maslahata eýermek kyn däl diýse bolar. Ýöne adam mesihçi maşgalada önüp-ösüp, durmuş gurmak ýaşyna ýeten bolsa, köpden bäri ýygnagyň işlerine yhlasly gatnaşyp, suwa çümdürilmedik wagyzçy bolup gulluk edýän bolsa näme? Oňa özüni Ýehowa bagyş etmäge näme päsgel berýär? Näme üçin muny soňa goýýar? Ol bir zada şübhelenýärmi? Şeýle adam imansyz däl, ýöne oňa «Halypamyzyň şägirdi» hem diýip bolmaýar.
Pawlusyň durmuş gurmak baradaky beren maslahaty bize peýda berýär (Işaýa 48:17). Eger durmuş gurmak isleýänleriň ikisi hem özüni Ýehowa bagyş eden bolsa, onda olaryň nikasy ruhy taýdan berk bolýar. Olaryň gymmat saýýan zatlary we maksatlary meňzeş bolýandygy üçin maşgalasy bagtly bolýar. Şeýle-de «Halypamyzyň şägirdi bilen durmuş guran» adam Ýehowa wepalydygyny görkezýär. Bu bolsa ebedi bereket berýär, sebäbi Ýehowa «wepaly adama... wepalydyr» (Zebur 18:25, TD).
MAÝ 13—19
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 KORINFLILER 7—10
«Imandaşlarymyza kömek edip, gulluk edýäris»
w98 1/11 sah. 25, abz. 1
«Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir»
Başda Pawlus korinflilere makedoniýalylaryň kömek edip, görkezen göreldesi barada gürrüň berýär. Ol şeýle ýazýar: «Olar agyr synaglar sebäpli horluk çekenlerinde, juda garypdyklaryna garamazdan, uly şatlyk we jomartlyk görkezdiler». Makedoniýalylara ýatladyp durmak gerek däldi. Pawlus: «Olar sadaka bermegi hormat saýyp,.. munuň üçin özleri bize ýürekden ýalbardylar» diýýär. Makedoniýalylaryň «juda garyp» bolandyklaryny bilenimizde, olaryň görkezen jomartlygy has-da haýran galdyrýar (2 Korinfliler 8:2—4).
Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýäris
B. e. takmynan 46-njy ýylynda Ýahudada güýçli açlyk başlanýar. Azyk önümleri şeýle bir gymmatlaýar welin, ýehudy şägirtler hatda az-owlak bugdaý dänesini hem satyn alyp bilmeýärler. Olar açlykdan ýaňa halys ysgyndan gaçypdylar. Emma tizden Ýehowa olaryň aladasyny edýär. Şeýle goldaw Isanyň şägirtlerine öň hiç haçan berilmändi. Eýsem, näme bolup geçdi?
Imandaşlarymyza gerekli kömegi berip, Ýehowa gulluk edýäris
4 Pawlus resul korinflilere ýazan ikinji hatynda mesihçileriň gullugynyň iki tarapynyň bardygyny düşündirýär. Bu hat mesh edilen mesihçilere ýazylan bolsa-da, Pawlusyň sözleri Isanyň «başga goýunlaryna-da» degişli (Ýahýa 10:16). Biziň gullugymyzyň bir tarapy «ýaraşdyrma gullugy» bolup, bu wagyz we tälim beriş işimizi öz içine alýar (2 Kor. 5:18—20; 1 Tim. 2:3—6). Ikinji tarapyna bolsa, imandaşlarymyzyň bähbidi üçin ýerine ýetirýän gullugymyz degişli. Pawlus resul bu gullugy «mukaddeslere kömek etmek» diýip atlandyrdy (2 Kor. 8:4). «Ýaraşdyrma gullugy» we «mukaddeslere kömek etmek» diýen jümlelerde ulanylýan «gulluk» hem-de «kömek etmek» sözleriniň ikisi hem grekçe «diakonia» sözüniň terjimesidir. Eýsem, munuň nähili ähmiýeti bar?
5 Pawlus bu iki ýagdaýda-da şol bir grek sözüni ulanmak bilen, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermegiň mesihçiler ýygnagynda amala aşyrylýan gullugyň bir görnüşidigini görkezdi. Ol bu sözleri aýtmazyndan öň, şeýle diýdi: «Gullugyň dürli görnüşleri bolsa-da, Halypamyz birdir. Edilýän işler dürli-dürli bolsa-da, olar... şol bir ruh arkaly... berilýändir» (1Kor. 12:4—6, 11). Şeýdip, Pawlus ýygnakdaky gullugyň dürli görnüşlerini «mukaddes gulluk» bilen baglanyşdyrdy (Rim. 12:1, 6—8). Şol sebäpli biz Pawlus resulyň «mukaddeslere hyzmat etmek üçin» wagt sarp etmegi wajyp saýandygyna geň galmaýarys (Rim. 15:25, 26).
6 Pawlus resul Korinfdäki mesihçilere imandaşlaryna gerekli kömegi bermegiň näme üçin Ýehowa edýän gullugynyň we seždesiniň bir bölegi hasaplanýandygyna düşünmäge kömek etdi. Geliň, onuň aýdan sözlerine jikme-jik seredeliň. Mesihçiler «Mesih hakda wagyz edýän hoş habaryna tabyn bolýar» (2 Kor. 9:13). Olar Isanyň öwreden zatlaryny durmuşynda ulanmak üçin, betbagtçylyga uçran imandaşlaryna gerekli kömegi berýär. Pawlus resulyň belläp geçişi ýaly, olaryň öz doganlarynyň bähbidi üçin edýän bu ýagşy işleri, hakykatdanam, «Hudaýyň... çäksiz merhemetini» aýan edýär (2 Kor. 9:14; 1 Pet. 4:10). Şol sebäpli mätäçlik çekýän doganlarymyza gerekli kömegi berip, gulluk etmek babatda 1975-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» şeýle jaýdar sözler aýdyldy: «Geliň, Ýehowa Hudaýyň we onuň Ogly Isa Mesihiň bu gullugy gymmat saýýandygyna hiç haçan şübhelenmäliň». Hawa, imandaşlarymyza gerekli kömegi bermek mukaddes gullugyň wajyp bölegidir (Rim. 12:1, 7; 2 Kor. 8:7; Ýewr. 13:16).
Patyşalyk işiniň çykdajylary nädip ödelýär?
10 Birinjiden, biz Ýehowany söýýändigimiz we onuň «göwnüne ýaraýan zatlary etmek» isleýändigimiz üçin sadaka berýäris (1 Ýahýa 3:22). Ýehowa ak ýürekden berýän gullukçylaryny gowy görýär. Geliň, mesihçileriň sadaka bermegi babatda Pawlus resulyň aýdan sözlerine üns bereliň (2 Korinfliler 9:7-ni okaň). Hakyky mesihçi göwünli-göwünsiz ýa-da mejburlyk bilen bermeýär. Ol muny «ýüreginde niýetländigi» üçin berýär. Diýmek, ol zerurlyklary göz öňünde tutýar we bu ýagdaýda özüniň nädip kömek edip biljekdigi barada oýlanyp, sadaka berýär. Ýehowa şeýle gullukçylarynyň gadyryny bilýär, sebäbi «Hudaý şatlyk bilen berýän adamy söýýändir». Başga bir terjimede: «Hudaý bermegi gowy görýän adamlary söýýändir» diýilýär.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Hudaýyň «ajaýyp sowgadyna» minnetdar boluň
2 Pawlus resul Hudaýyň ähli wadalaryny Mesihiň töleg gurbany arkaly ýerine ýetirjekdigini bilýärdi (2 Korinfliler 1:20-ni okaň). Diýmek, Hudaýyň «ajaýyp sowgady» diňe töleg gurbanyny däl-de, onuň bize gelejekde etjek ýagşylyklaryny we bildirjek söýgüsini aňladýar. Bu sowgat şeýle täsir edýär welin, muny söz bilen beýan edip bolmaýar. Hudaýyň şol sowgady bize nähili täsir edýär? Bu sowgat 2016-njy ýylyň 23-nji martynda geçiriljek Ýatlama agşamyna taýýarlyk görmäge nädip kömek eder?
g99 8/7 sah. 20, 21
Tekepbir bolmagyň näme erbetligi bar?
Injildäki «kafhaome» diýen işlik «buýsanmak, begenmek, öwünmek» ýaly erbet hem gowy manyda ulanylýar. Meselem, Pawlus resul «Hudaýyň şöhratyny almaga umyt berlendigine begenýändigimizi» aýdýar. Şeýle-de ol «öwünýän adam Ýehowa bilen öwünsin» diýip maslahat berýär (Rimliler 5:2; 2 Korinfliler 10:17). Bu sözler Ýehowanyň Hudaýymyzdygyna buýsanmagy we onuň ýagşy adyna guwanyp, şatlanmaga höweslendirýän duýgyny aňladýar.
MAÝ 20—26
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 2 KORINFLILER 11—13
«Pawlusyň „bedenindäki bir tiken“»
Ejizliklere garamazdan, güýçlüdiris
Pawlus resul Ýehowa bedenindäki ejir çekdirýän «tikeni» aýyr diýip ýalbarýar. Ol üç gezek Hudaýdan ezýet berýän synagyndan halas etmegi dileýär. Pawlusa ejir çekdirýän tiken näme bolaýanda-da, ol oňa Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge päsgel berýärdi. Ol özüni hemişe ýaňagyna urulýan ýaly duýýardy. Ýöne Ýehowa oňa şeýle diýdi: «Meniň saňa eden merhemetim ýeterlikdir, sebäbi ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm doly aýan bolýandyr». Ýehowa onuň bedenindäki tikeni aýyrmady. Pawlus şol tiken bilen göreşmeli bolsa-da, şeýle diýýär: «Men ejiz wagtym güýçlüdirin» (2 Kor. 12:7—10).
w06 15/12 sah. 24, abz. 17, 18
Ýehowa «dilänlere... mukaddes ruhuny berer»
17 Hudaý Pawlusyň dogasyna jogap berip: «Meniň saňa eden merhemetim ýeterlikdir, sebäbi ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm doly aýan bolýandyr» diýdi. Pawlus: «Mesihiň güýji çadyr kimin üstümi örter ýaly, ejizliklerime höwes bilen öwnerin» diýdi (2 Korinfliler 12:9; Zebur 147:5). Şeýdip, Pawlus Hudaýyň güýjüniň Mesih arkaly ony çadyryň örtüşi kimin gorandygy barada aýtdy. Şu günler hem Ýehowa dogalarymyza şonuň ýaly jogap berýär. Ol gullukçylaryny pena kimin goraýar.
18 Elbetde, çadyr ýagşy diňdirip, ýeli ýatyryp bilmeýär, ýöne şonda-da käbir zatlardan goraýar. «Mesihiň güýji» hem kynçylyklardan ýa-da synaglardan goramaýar. Ýöne ruhy taýdan, ýagny Şeýtanyň dünýäsiniň erbet täsirinden we onuň hüjümlerinden goraýar (Ylham 7:9, 15, 16). Şoňa görä-de, Ýehowa synaglaryňy «aýyrmasa-da», seniň jan edýändigiňi görýär we «perýadyňa» jogap berýär (Işaýa 30:19; 2 Korinfliler 1:3, 4). Pawlus şeýle diýdi: «Hudaý beren sözüne wepalydyr. Ol siziň güýjüňizden artyk synalmagyňyza ýol bermez, gaýtam, synaga uçranyňyzda, döz gelip bilmegiňiz üçin çykalga-da açar» (1 Korinfliler 10:13; Filipililer 4:6, 7).
«Ol ejizleri kuwwatlandyrýar»
8 Işaýa 40:30-y okaň. Biz nähili ukyply bolsak-da, öz güýjümize daýanyp bilmeris. Muny hemmämiziň bilmegimiz gerek. Meselem, Pawlus resul örän ukyply bolsa-da, ähli islän zadyny edip bilmeýärdi. Ol bu babatda biynjalyk edýän zadyny aýdanda, Ýehowa oňa: «Ejizlikleriň arkaly meniň güýjüm doly aýan bolýandyr» diýdi. Pawlus bu sözleriň manysyna düşündi. Şol sebäpli: «Men ejiz wagtym güýçlüdirin» diýdi (2 Kor. 12:7—10). Eýsem, Pawlus nämäni göz öňünde tutduka?
9 Pawlus öz güýji bilen köp zatlary edip bilmejekdigine düşünýärdi. Hudaýyň mukaddes ruhy onuň başarmajak we ömründe edip bilmejek ýumşuny etmäge güýç hem-de ukyp berdi. Biz hem Ýehowanyň güýji bilen köp zatlary başararys!
Ruhy dürdäneleri agtaryň
Okyjylaryň sowallary
2 Korinfliler 12:2-de agzalýan «üçünji gök» «täze gökleri», ýagny Isa Mesihiň we 144 müň mesh edilenleriň höküm sürjek Mesihi Patyşalygyny aňladýar (2 Pet. 3:13).
Oňa «üçünji gök» diýilmeginiň sebäbi, bu Patyşalyk beýik we örän täsin.
Pawlusyň görnüşde gören «Jenneti» 1) ýer ýüzünde boljak Jenneti; 2) häzirki we täze dünýäde boljak ruhy jenneti; 3) «Hudaýyň jennetini», ýagny gökdäki ajaýyp şertleri aňladýar.
Betbagtçylyga uçranyňyzda mert boluň
7 Pawlus resulyň başdan geçiren wakalaryna seredeliň. Ol şäherde, çölde hem deňizde howp astynda bolandygyny, açlykdan, suwsuzlykdan kösenendigini hem-de sowuk howada egin-eşiksiz galandygyny gürrüň berýär. Pawlus bir gämi heläkçiliginden soň «bir gije-gündizini deňziň jümmüşinde geçiren» bolmaly (2 Kor. 11:23—27). Pawlus Hudaýa gulluk edýändigi üçin hatda ölümiň bäri ýanyndan gaýtsa-da, onuň nähili garaýyşda bolandygyna üns beriň. Ol şeýle ýazýar: «Şol ýagdaý özümize däl-de, ölüleri direldýän Hudaýa bil baglamagymyz üçin boldy. Ol bizi ölüm howpundan halas etdi we ýene-de halas eder» (2 Kor. 1:8—10). Pawlusyňky ýaly betbagtçylyklary başdan geçiren adam köp bolmasa gerek. Emma biziň köpümiz onuň duýgularyna düşünýändiris we batyrgaýlyk babatda görkezen göreldesinden teselli tapyp bilýäris.
MAÝ 27—IÝUN 2
HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | GALATÝALYLAR 1—3
«Men oňa garşy çykdym»
Siz Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alýarsyňyzmy?
16 Galatýalylar 2:11—14-nji aýatlary okaň. Petrus resul adamdan gorka ýol berýär (Sül. tym. 29:25). Ol başda Ýehowanyň islegine laýyk hereket etse-de, Iýerusalimdäki ýygnakdan sünnetlenen ýehudylar gelende, gorkup, özüni başgaça alyp barýar. B. e. 49-njy ýylynda Iýerusalimde geçirilen duşuşykda Pawlus resul hem bardy. Pawlus resul Antiohiýada Petrusyň ikiýüzlülik edýändigini görüp, oňa düzediş berýär (Res. iş. 15:12; Gal. 2:13). Eýsem, Petrusyň ikiýüzlüligi özge milletli mesihçilere nähili täsir etdikä? Olar büdredilermi? Petrus goýberen ýalňyşy üçin hormatly borçlaryny ýitirermi?
Ýehowany söýýänlere «bökdençlik bolmaz»
12 Petrus adamlardan gorkup, birnäçe gezek büdredi. Emma ol Isa bilen Ýehowa wepaly galdy. Meselem, ol ähli adamlaryň arasynda Mugallymyny bir gezek däl-de, üç gezek inkär etdi (Luka 22:54—62). Bir sapar ol özge milletlerden bolan mesihçileri ýehudy mesihçilerinden peseldip, özüni nädogry alyp bardy. Şonda Pawlus resul imandaşlarynyň toparlara bölünýändigini gördi. Petrusyň garaýşy nädogrudy. Pawlus bu ruhuň başgalara-da täsir etjegini bilip, oňa göni maslahat berdi (Gal. 2:11—14). Petrus gaharlanyp, ýaşaýşa eltýän ýoldan sowuldymy? Ýok. Ol Pawlusyň beren maslahaty barada çynlakaý oýlanyp, garaýşyny üýtgetdi we hakykat ýoluny dowam etdi.
Ruhy dürdäneleri agtaryň
«Köp muşakgatlara» garamazdan, Hudaýa wepaly gulluk ediň
20 Gizlin hüjümler barada näme diýse bolar? Meselem, biz göwnüçökgünlige nädip garşy durup bileris? Munuň iň gowy usuly töleg gurbany barada oýlanmakdyr. Pawlus resul hem ruhdan düşende, bu barada oýlanýardy. Ol Isa Mesihiň kämil adamlar üçin däl-de, günäli adamlar üçin ölendigini bilýärdi. Pawlusyň özi hem şol günäli adamlaryň biridi. Ol şeýle ýazdy: «Men ýaşasam-da, Hudaýyň Ogluna iman edip ýaşaýaryn. Ol meni söýdi we meniň üçin janyny gurban etdi» (Gal. 2:20). Hawa, Pawlus resul töleg gurbanynyň özi üçin berlendigine düşünip, onuň gadyryny bilýärdi.
21 Bizem Ýehowanyň töleg gurbanyny her birimize aýratynlykda sowgat berendigine düşünsek, peýdaly bolar. Elbetde, göwnüçökgünlik birbada aýrylmaýar. Belki-de, biziň käbirimiz bu zalym dünýäniň ahyryna çenli wagtal-wagtal göwnüçökgünlige garşy göreşmeli bolarys. Emma sylagyň ýan bermeýän adamlara beriljekdigini unutmalyň. Biz Ýehowanyň şöhratly gününe has golaý döwürde ýaşaýarys. Tizden Hudaýyň Patyşalygy ýer ýüzünde parahatlygy dikelder we Hudaýa wepaly adamlaryň ählisi kämillige ýeter. Şol sebäpli, geliň, köp muşakgatlara garamazdan, Hudaýyň Patyşalygyna girmegi ýüregimize berk düweliň!
it «Galatýalylara ýazylan hat»
Galatýalylara ýazylan hat
Pawlusyň «Eý, akylsyz galatýalylar» diýmegi, Galatýanyň demirgazygynda ýaşan taýpa, ýagny diňe gallylara ýüzlenendigini görkezmeýär (Gl 3:1). Aslynda, Pawlus ýehudylaryň täsirine düşen käbir mesihçileri ýazgarýar. Sebäbi ýehudy dininiň tarapdarlary iman babatda täze äht arkaly dogry hasaplanmagy däl-de, Musanyň kanuny arkaly dogry hasaplanmalydygyny ýola goýjak bolýardylar (Gl 2:15—3:14; 4:9, 10). Pawlus «Galatýadaky ýygnaklar» (Gl 1:2) diýende, ýewreýlere we ýewreý bolmadyk adamlara ýüzlenýär. Ýewreý bolmadyk adamlara ýehudy dinine geçen sünnetliler we özge milletli sünnetlenmedik adamlar, şol sanda keltler hem degişlidi (Res 13:14, 43; 16:1; Gl 5:2). Pawlus olaryň ählisine ýaşaýan ýeriniň adyna görä galatýalylar diýip ýüzlenýär. Pawlusyň ýazan tutuş haty Rimiň şu welaýatynyň günortasynda ýaşaýan mesihçilere ýazandygyny aýdyň görkezýär. Pawlus olary gowy tanaýardy, demirgazygynda ýaşaýan adamlary bolsa tanamaýardy, sebäbi ol hiç haçan şol ýere baryp görmedik bolmaly.
«Öwredileni diňläň, akyldar boluň»
16 Ýygnak ýaşulularyna bize gerekli maslahaty bermegiň aňsat däldigini unutmaň. Mysal üçin, agyr günäsini gizlejek bolan Dawut patyşa etmişini aýtmak Natan pygambere aňsat bolan däldir (2 Şam. 12:1—14). Pawlus resula-da ýehudy doganlaryna gowy görünjek bolan Petrus resula düzediş bermek üçin batyrgaýlyk gerek bolandyr (Gal. 2:11—14). Biz ýygnak ýaşulularynyň ýüküni nädip ýeňledip bileris? Munuň üçin pesgöwünli, düşünjeli we minnetdar adam bolmaly. Olaryň kömegine Hudaýyň söýgüsi hökmünde garamaly. Bu diňe bir bize peýda bermän, eýsem, olaryň şatlygyna şatlyk goşar.
Siz Ýehowanyň adalatlylygyndan görelde alýarsyňyzmy?
16 Petrus resul adamdan gorka ýol berýär (Sül. tym. 29:25). Ol başda Ýehowanyň islegine laýyk hereket etse-de, Iýerusalimdäki ýygnakdan sünnetlenen ýehudylar gelende, gorkup, özüni başgaça alyp barýar. B. e. 49-njy ýylynda Iýerusalimde geçirilen duşuşykda Pawlus resul hem bardy. Pawlus resul Antiohiýada Petrusyň ikiýüzlilik edýändigini görüp, oňa düzediş berýär (Res. iş. 15:12; Gal. 2:13).
Gaharyňy saklap, «ýamanlyga ýeňdirme»
12 Belki, bizi şeýle kynçylyklaryň mesihçiler ýygnagyna degişli bolmadyk adamlar bilen aramyzda bolýandygy geň galdyrmaýandyr. Biz Şeýtanyň adalatsyz dünýäsinde ýaşaýandygymyzy bilip, ýamanlyk edýän adamlara gaharlanmajak bolýarys (Zeb. 37:1—11; Wag. 8:12, 13; 12:13, 14). Emma ýygnakdaky dogan-uýalar bilen aramyzda agzalalyk dörände agyr degýär. Bir Ýehowanyň Şaýady şeýle ýatlaýar: «Men hakykata gelenimde, Ýehowanyň halkynyň bikämildigine düşünmän büdreýärdim». Biz zalym dünýäden çykyp, ýygnakda hemmeleriň biri-biri bilen özüni mähirli alyp barmagyny isleýäris. Ýygnakda imandaşlarymyz, esasanam, jogapkärli doganlar üns bermeseler ýa-da mesihçilere ýaraşmaýan hereket etseler, biz öýkeleýäris ýa-da gahar edýäris. Belki, biz: «Ýehowanyň halkynyň arasynda şeýle bolup bilermi?» diýýändiris. Aslynda, resullaryň döwründe mesh edilen mesihçileriň arasynda hem öýke-kine bolupdy (Gal. 2:11—14; 5:15; Ýakup 3:14, 15). Biri biziň göwnümize degende näme etmeli?
Siziň adamlara bolan garaýşyňyza näme täsir edýär?
5 Petrus arkaly Ýehowa ähli mesihçilere özüniň hiç kimi ala tutmaýandygyny görkezýär. Ol hiç bir adama milletine, tire-taýpasyna ýa-da diline görä höküm çykarmaýar. Ýehowa özünden gorkup, dogry işleri etmäge jan edýän islendik adamy kabul edýär (Gal. 3:26—28; Ylh. 7:9, 10). Elbetde, siz muny eýýäm bilýänsiňiz. Emma siz adamlary ala tutýan ýurtda ýa-da maşgalada önüp-ösen bolsaňyz näme? Siz hiç kimi ala tutmaýan diýip pikir edýän bolsaňyz-da, ýüregiňiziň töründe şeýle garaýşyň bolmagy ähtimal. Hatda Petrus Ýehowanyň hiç kimi ala tutmaýandygyny bilenden soňam şeýle duzaga düşüpdi (Gal. 2:11—14). Onda biz Isanyň adamlaryň daş keşbine görä höküm çykarmazlyk babatda beren tabşyrygyna nädip gulak asyp bileris?