MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa arassa adamlary söýýär
«Eliňi ýuw. Otagyňy arassala. Poly ýuw. Hapany döküp gel». Şeýdip, ene-atalar çagalaryna arassa bolmagy öwredýär. Aslynda, arassaçylyk babatda ähli düzgünleri mukaddes Hudaýymyz Ýehowa öwredýär (2Ms 30:18—20; 5Ms 23:14; 2Kr 7:1). Üst-başymyzy we ulanýan zatlarymyzy arassa saklasak, Ýehowa hormat goýýandygymyzy görkezýäris (1Pe 1:14—16). Öýümizi we daş-töweregini arassa saklaýarysmy? Köçeleri we seýilgähleri hapalaýan adamlardan tapawutlylykda, mesihçiler ýer ýüzüni öz öýi ýaly arassa saklaýar (Zb 115:16; Ylh 11:18). Süýjiň daşy, suwuň gaby we sakgyç ýaly kiçi zatlary zyňjak bolanymyzda-da arassaçylygymyz görünmeli. Biz durmuşyň ähli ýagdaýynda «Hudaýyň gullukçylary hökmünde tanalmak isleýäris» (2Kr 6:3, 4).
«HUDAÝ ARASSA ADAMLARY SÖÝÝÄR» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
- Käbirleri zadyny hapa saklap, özüni nädip aklamagy mümkin? 
- Musanyň kanunyndan Ýehowanyň arassaçylyga garaýşy nädip görünýär? 
- Biz nädip Ýehowa barada sözsüz şaýatlyk edip bilýäris? 
Men Ýehowanyň öwredişi ýaly arassa bolmak üçin näme edip bilerin?