MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ynanýan zatlaryňyzy düşündirip bilýärsiňizmi?
Eger sizden ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna näme üçin ynanýarsyňyz diýip sorasalar näme jogap berersiňiz? Ynamly jogap bermek üçin, siz iki zady etmeli: ýaradylyşyň dogrudygyna özüňiz göz ýetirmeli (Rim 12:1, 2) we ynanýan zatlaryňyzy başgalara nädip düşündirip biljekdigiňiz hakda oýlanmaly (Nak 15:28).
«HIRURG IMANY HAKDA GÜRRÜŇ BERÝÄR» WE «ZOOLOG IMANY HAKDA GÜRRÜŇ BERÝÄR» ATLY WIDEOLARY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Iren Hof Loran näme üçin ewolýusiýa taglymatyna däl-de, ýaradylyşa ynanýar?
Ýaroslaw Dowganowiç näme üçin ewolýusiýa taglymatyna däl-de, ýaradylyşa ynanýar?
Siz ýaradylyşa ynanýandygyňyzy başgalara nädip düşündirerdiňiz?
Ene diliňizde özüňiziň we başgalaryň ähli zady Hudaýyň ýaradandygyna ynamyny berkidýän nähili edebiýatlar bar?