Aprel 6—12
2020-nji ýylyň 7-nji apreli, şenbe güni — Isa Mesihiň ölüminiň Ýatlama agşamy
Her ýyl Ýatlama agşamy döwri mesihçiler Ýehowanyň we Ogly Isa Mesihiň adamlara bildiren güýçli söýgüsi hakda oýlanýarlar (Ýah 3:16; 15:13). Şu tablisany ulanyp, dört Hoş habardan Isanyň Iýerusalimde eden soňky gullugy hakda bilersiňiz. Ondaky wakalar «Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş» kitabynyň altynjy bölüminde giňişleýin düşündirilýär. Hudaýyň we Isanyň söýgüsi size näme etmäge höweslendirýär? (2Kr 5:14, 15; 1Ýh 4:16, 19).
ISA IÝERUSALIMDE ÖMRÜNIŇ SOŇKY GÜNLERINI GEÇIRÝÄR
Wagty  | 
Ýeri  | 
Waka  | 
Matta  | 
Markus  | 
Luka  | 
Ýahýa  | 
|---|---|---|---|---|---|---|
33 ý, 8-nji nisan (1, 2-nji aprel, 2020)  | 
Betaniýa  | 
Isa Pasha baýramyna alty gün öňünden gelýär  | 
||||
9-njy nisan (2, 3-nji aprel, 2020)  | 
Betaniýa  | 
Merýem Isanyň başyna we aýagyna ýag guýýar  | 
||||
Betaniýa—Beýtfagiýa—Iýerusalim  | 
Iýerusalime taýharly girýär  | 
|||||
10-njy nisan (3, 4-nji aprel, 2020)  | 
Betaniýa—Iýerusalim  | 
Injir agajyna gargaýar; ýene-de ybadathanany arassalaýar  | 
||||
Iýerusalim  | 
Baş ruhanylar bilen kanunçylar Isany öldürmek barada dil düwüşýär  | 
|||||
Ýehowa gürleýär; Isa öldüriljekdigini aýdýar; ýehudylar iman etmeýär, Işaýanyň pygamberligi ýerine ýetýär  | 
||||||
11-nji nisan (4, 5-nji aprel, 2020)  | 
Betaniýa—Iýerusalim  | 
Guran injir agajy  | 
||||
Iýerusalim, ybadathana  | 
Ygtyýary şübhä goýulýar; iki ogul mysaly  | 
|||||
Ganhor bagbanlar, gelin toý mysallary  | 
||||||
Hudaý we patyşa, direliş, iň uly tabşyryk baradaky soraglara jogap berýär  | 
||||||
Mesih Dawudyň oglumy?  | 
||||||
Kanunçylara we fariseýlere käýeýär  | 
||||||
Dul aýalyň beren sadakasyny görýär  | 
||||||
Zeýtun dagy  | 
Gelmeginiň alamaty barada aýdýar  | 
|||||
On gyz, batman, goýunlar we geçiler  | 
||||||
12-nji nisan (5, 6-njy aprel, 2020)  | 
Iýerusalim  | 
Ýehudy dini ýolbaşçylary ony öldürmek barada dil düwüşýär  | 
||||
Iuda dönüklik edýär  | 
||||||
13-nji nisan (6, 7-nji aprel, 2020)  | 
Iýerusalim we töweregi  | 
Soňky Pasha baýramyna taýýarlyk görülýär  | 
||||
14-nji nisan (7, 8-nji aprel, 2020)  | 
Iýerusalim  | 
Resullary bilen Pasha naharyny iýýär  | 
||||
Resullarynyň aýagyny ýuwýar  | 
||||||
Isa Iudanyň dönüklik etjekdigini aýdýar we ony goýberýär  | 
||||||
Agşamlyk naharyny girizýär (1Kr 11:23—25)  | 
||||||
Petrusyň ýüz öwürjekdigini we resullaryň dargajakdygyny öňünden aýdýar  | 
||||||
Kömekçi iberjekdigini söz berýär; hakyky üzüm agajy baradaky mysal; söýgi barada tabşyryk; resullary bilen eden soňky dogasy  | 
||||||
Getseman  | 
Bagda hasrat çeýär; Isa dönüklik edilip, tussag edilýär  | 
|||||
Iýerusalim  | 
Hannan Isany soraga tutýar; Kaýafa we Mejlis tarapyndan höküm edilýär; Petrus ondan ýüz öwürýär  | 
|||||
Dönüklik eden Iuda özüni asýar (Res 1:18, 19)  | 
||||||
Pilatusyň, soň Hirodesiň, soňra ýene Pilatusyň ýanyna äkidilýär  | 
||||||
Pilatus Isany boşatmaga çalyşýar, ýöne ýehudylar Barabbasy boşatmagy talap edýär; pürsdäki ölüme höküm edilýär  | 
||||||
(tak. 15:00, anna)  | 
Galgota  | 
Isany pürse çüýleýärler; aradan çykýar  | 
||||
Iýerusalim  | 
Jesedini pürsden alyp, jaýlaýarlar  | 
|||||
15-nji nisan (8, 9-njy aprel, 2020)  | 
Iýerusalim  | 
Ruhanylar we fariseýler mazara garawul goýup, ony möhürleýär  | 
||||
16-njy nisan (9, 10-njy aprel, 2020)  | 
Iýerusalim we töweregi; Emmawus  | 
Isa direlýär; şägirtlerine bäş gezek görünýär  | 
||||
16-njy nisandan soň  | 
Iýerusalim; Jelile  | 
Şägirtlerine birnäçe gezek görünýär (1Kr 15:5—7; Res 1:3—8); görkezme berýär; şägirt taýýarlamagy tabşyrýar  |