Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • mwb20 Iýun sah. 5
  • Köp ýyllary arka atan mesihçilerden öwreniň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Köp ýyllary arka atan mesihçilerden öwreniň
  • Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • Çagalara Ýehowanyň guramasy bilen tanyşmaga kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sen şatlanyp bilersiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Tejribeli wagyzçylardan öwreniň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Wagyz işimiz gadagan edilse-de, Ýehowa gulluk etmegiňizi dowam ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Başgalary
Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2020
mwb20 Iýun sah. 5
Ýaş uýa garry uýamyzyň elinden tutup dur.

MESIHÇILERIŇ DURMUŞY

Köp ýyllary arka atan mesihçilerden öwreniň

Ýygnaklarymyzda ençeme ýyllap Ýehowa wepaly gulluk edýän dogan-uýalarymyz bar. Biz olaryň Ýehowa bil baglaýşyndan köp zatlary öwrenip bilýäris. Olardan guramamyzyň taryhy we Ýehowanyň olara kynçylyklaryndan üstün çykmaga nädip kömek edendigi hakda sorap bileris. Şeýle gadyrly dogan-uýalaryň gyzykly gürrüňlerini diňlär ýaly, olary maşgala okuwyna-da çagyrsak bolýar.

Gartaşan imandaşlarymyz imany hem-de Ýehowanyň olara kömek edişleri hakda ýaşlara höwes bilen gürrüň bermeli. Ýakup bilen Ýusup hem ýaş nesillerine Ýehowanyň özlerine eden ýagşylyklary hakda gürrüň berdiler (1Ms 48:21, 22; 50:24, 25). Şondan birnäçe wagt geçensoň, maşgalabaşylara çagalaryna Ýehowanyň gudratly işleri hakda aýtmak tabşyryldy (5Ms 4:9, 10; Zb 78:4—7). Şu günlerem ene-atalar hem-de ýaşy bir çene ýeten dogan-uýalarymyz ýaşlara Ýehowanyň guramasy arkaly eden işleri barada gürrüň berip biler.

«GADAGAN EDILEN DÖWRI AGZYBIRLIGI SAKLAMAK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:

  • Awstriýadaky filial wagyz işi gadagan edilen käbir ýurtlardaky dogan-uýalara nädip kömek etdi?

  • Şol ýurtlardaky dogan-uýalar imanda nädip berk durdular?

  • Rumyniýadaky köp wagyzçylar näme üçin Ýehowanyň guramasyndan aýryldylar we yzyna nädip dolandylar?

  • Şu wakalar imanyňyzy berkidýärmi?

Suratlar: «Gadagan edilen döwri agzybirligi saklamak» diýen wideodan parçalar. 1) Kartada Gündogar Ýewropadaky wagyz işi gadagan edilen ýurtlar görkezilen. 2) Kitap çap edýän mimiograf maşyny. 3) Rumyniýadaky dogan-uýalar bir-birini gujaklaýar.

Berk imanly gartaşan dogan-uýalaryň ruhy baýlygyndan köp zatlary öwreniň!

Ýygnagyňyzda diňe ýaňy-ýakynda suwa çümdürilen wagyzçylar köp bolsa näme?! JW.ORG saýtynyň «Edebiýatlar» bölümindäki «Wideolar» diýen ýerde uzak wagtlap Ýehowa gulluk eden dogan-uýalaryň başyndan geçirenleri hakynda wideolar bar. Şeýle-de «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksindäki» «Ýehowanyň Şaýatlarynyň terjimehaly» diýen bölümden berk imanly gartaşan dogan-uýalarymyz hakda okap bilersiňiz.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş