Tejribeli wagyzçylardan öwreniň
Biz, dogrudan-da, ýygnakdaky tejribeli wagyzçylary gymmat saýýarys. Olaryň käbiri köp ýyldan bäri Ýehowa gulluk edýärler. Beýlekiler bolsa, az wagtyň içinde tejribeli boldy. Şol wagyzçylar soňky günlerde wagyz etmek we şägirt taýýarlamak işinde Isanyň mesihçiler ýygnagynda nähili ýolbaşçylyk edýändigine göz ýetirdiler (Mat. 28:19, 20). Olar Hudaýa gulluk edenlerinde «iň üstün gudrat» arkaly durmuşynda her hili kynçylyklara we synaglara döz geldiler (2 Kor. 4:7). Biz şol çydamly wagyzçylardan köp zatlary öwrenip bileris. Olar öwrenen zatlaryny başgalar bilen paýlaşyp, şatlyk tapýarlar (Zeb. 71:18). Şol sebäpli biz olardan öwrenmek üçin mümkinçilik gözlemeli. Muny nädip edip bolarka?
Wagyzda. Elbetde, täze we tejribesi az wagyzçylar ökde wagyzçy bolar ýaly öwrenmeli. Olar tejribeli wagyzçylaryň nädip gulluk edýänine syn edip, köp zady öwrenip biler (2015-nji ýylyň fewral aýynyň 15-ine çykan «Garawul diňi» žurnalynyň «Yhlasly wagyz ediň» atly makalasynyň «Wagyzçy bolanlara kömek ediň» diýen sözbaşynyň 3-nji abzasyna serediň). Olar bilen gullukda hyzmatdaşlyk etmegiň näme peýdasy bar?
Siz tejribeli wagyzçyny gulluga çagyryp bilersiňizmi? Eger ol gartaşan bolsa, onda Mukaddes Ýazgylar okuwynyň birini onuň öýünde geçirip bilersiňiz. Okuw geçireniňizden soň, ondan size peýdaly boljak zatlara üns berendigini we maslahat soraň.
Onuň bilen bile wagtyňyzy geçiriň. Tejribeli wagyzçy bilen ýakyndan tanyşmak üçin, onuň bilen bile wagtyňyzy geçiriň. Ony maşgala okuwyna çagyryp, onuň bilen gürrüňdeş boluň. Ol gartaşan bolsa, onda maşgala okuwyny onuň öýünde geçirip bilersiňizmi? Ondan hakykata nädip gelendigini soraň. Ol nähili bereketleri aldy? Ýaşaýan ýeriňizde nähili ösüşleri gördi? Ýehowa gulluk edip, nähili şatlyk tapdy?
Paýhasly bolup, olardan köp zada garaşmaň. Biziň ählimizde bolşy ýaly, köp ýyldan bäri gulluk edýän wagyzçylaryň hem gullukda her hili ukyby bolýar (Rim. 12:6—8). Belki, olaryň käbiri gartaşandyr, şol sebäpli olaryň gullukda ýa-da başga meselelerde ýagdaýlary çäkli bolýar. Muňa garamazdan, biz olardan köp zatlary öwrenip bileris. Sebäbi olar Ýehowa wepaly gulluk edip, tejribeli boldular.