MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa halkyny goraýar
Ilkinji Pasha baýramy ýatdan çykmajak wakady. Müsürlileriň ähli nowbaharlarynyň ýogalan gijesi faraon Musa: «Baryň, halkymyň arasyndan ýok boluň! Ysraýyllaryň baryny alyň-da, gümüňizi çekiň! Aýdyşyňyz ýaly, gidip, Ýehowa sežde ediň» diýdi (2Ms 12:31). Hawa, Ýehowa halkyna hemişe kömek edýär.
Geçen asyrdaky taryhymyza ser salsak, Ýehowa öz halkyna görkezme berendigini we gorandygyny bilýäris. Muňa aýdyň subutnama: baş edaramyzyň muzeýindäki «Ýehowanyň adyny göterýän halk» atly sergi.
«WORWIKDÄKI MUZEÝIMIZE SYÝAHAT: „ÝEHOWANYŇ ADYNY GÖTERÝÄN HALK“» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, ŞU SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
Ýehowanyň gullukçylary Mukaddes Kitaba bolan imanyny ösdürmek üçin 1914-nji ýyldan haýsy guraly ulanyp başladylar we ol nähili üstünlik getirdi?
1916—1918-nji ýyllarda Hudaýyň halky nähili synaglara uçrady we Ýehowa guramasyna gözegçilik edýändigini nädip görkezdi?
Ýehowanyň halky synaglara garamazdan nädip imanda berk durdy?
1935-nji ýylda Ýehowanyň halkyna nähili täze hakykat açyldy we olara nähili täsir etdi?
Ýehowanyň halkyna görkezme berip, olary gorandygy baradaky şu wideo imanyňyzy berkidýärmi?