HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 1—3
Gurbanlyklar näme üçin berilýärdi?
Musa pygambere berlen kanuna görä, ysraýyllardan mal gurbanlaryny ýa-da sadakalary bermek talap edilýärdi. Şol gurbanlyklar Ýehowanyň göwnüne ýarap, Isa Mesihiň öz janyny gurban berjekdigini aňladýardy (Ýew 8:3—5; 9:9; 10:5—10).
Gurbanlyk berilýän mallaryň sagdyn hem-de şikessiz bolşy ýaly, Isa hem kämil janyny gurban etdi (1Pe 1:18, 19; daşky sahypadaky surata serediň).
Ýakma gurbanlyklaryň tutuşlygyna Hudaýa berilmegi Isanyň bütin jany-teni bilen özüni Ýehowa bagyş edendigini görkezýärdi.
Adamlar Hudaý bilen parahat gatnaşykda bolmak üçin parahatlyk gurbanlyklaryny berýärdiler. Edil şonuň ýaly, Ýatlama agşamynda nyşanlardan dadýan saýlanan mesihçiler hem Hudaý bilen parahatlykda bolýarlar.