Hakykatyň esasyna düşünmegiň peýdasy
«(Siz) kanunda bilim we hakykatyň esasyna eýesiňiz» (RIM. 2:19).
1. Pawlusyň Musanyň kanuny barada aýdan sözlerine düşünmek näme üçin peýdaly?
EGER Pawlus resulyň ylhamly hatlary bolmadyk bolsa, onda Musanyň käbir kanunlarynyň manysyna düşünmek kyn bolardy. Meselem, Pawlus Ýewreýlere ýazan hatynda Isanyň bir gezekde hemişelik gurban beren «sadyk Baş Ruhanydygyny» düşündirýär. Şol töleg gurbana iman eden adamlar Hudaý bilen ýaraşyp, «ebedi gutulyş» gazanýarlar (Ýew. 2:17; 9:11, 12). Şeýle-de ol çadyryň «asmana degişli zatlaryň nusgasydygyny» aýtdy. Isa Musanyň Kanunyndan «has oňat ähtiň» töwellaçysy boldy (Ýew. 7:22; 8:1—5). Pawlus resulyň Musanyň käbir kanunlaryny düşündirmegi şol wagtky mesihçilere köp kömek etdi. Biz hem onuň sözleri barada oýlansak, Hudaýyň eden ähli ýagşylyklaryna minnetdarlygymyz artar.
2. Ýewreý mesihçileriň nähili mümkinçiligi bardy?
2 Pawlusyň hat ýazan rimli mesihçileriniň käbiri öňler Musanyň Kanuny boýunça ýaşan ýewreýlerdi. Olar Musanyň Kanuny bilen tanyş bolup, Ýehowa we onuň adyl prinsipleri barada «bilimiň we hakykatyň esasyny» gowy bilýärdiler. Olar Musanyň Kanunynyň esasy hakykatlaryna düşünip, ony söýýärdiler. Şeýlelikde, gadymy döwürde ýaşan wepaly ýehudylar ýaly, olar hem başga milletlere Ýehowa barada esasy hakykatlary öwredip bilerdi (Rimliler 2:17—20-nji aýatlary okaň).
ISANYŇ TÖLEG GURBANYNYŇ «KÖLEGESI»
3. Gadymy ýehudylaryň beren gurbanlary barada öwrenmek näme üçin peýdaly?
3 Biz Ýehowanyň niýetine düşünmek üçin hakykatyň esasyny bilmeli. Musanyň kanunyndaky prinsipler häzir hem peýdaly. Şol sebäpli-de, geliň, gurbanlar we sadakalar barada käbir kanunlara seredeliň. Şol gurbanlar kiçigöwünli ýehudylary Mesihiň gelmegine taýýarlapdy we Hudaýyň talaplaryny düşündiripdi. Ýehowanyň gullukçylaryndan edýän esasy talaplary hiç haçan üýtgemeýär. Eger biz Hudaýyň ysraýyllara gurbanlar we sadakalar barada beren kanunyna seretsek, mukaddes gullugymyzy has gowy amala aşyrmaga kömek eder (Mal. 3:6).
4, 5. a) Musanyň kanuny Hudaýyň halkyna nämäni ýatladýardy? b) Hudaýyň gurbanlar baradaky kanuny näme aňladýardy?
4 Musanyň köp kanunlary ýehudylara günälidigini ýatladýardy. Meselem, ynsan jesedine degen her bir adam özüni tämizlemelidi. Munuň üçin şikessiz gyzyl sygyr gurban berilmelidi. Ruhany sygry öldürip, otda ýakmalydy, soňra külüni alyp, «tämizlik suwuny» taýýarlamalydy. Adam hapalanandan soň üçünji hem ýedinji günleri şol suwdan sepinip, özüni tämizlemelidi (San. 19:1—13). Şeýle-de ýehudylara ähli adamlaryň kämilsiz hem günäli dogulýandygy ýatladylýardy, sebäbi çaga dogran aýal birnäçe wagtlap hapa hasaplanýardy we günäsi üçin gurban bermelidi (Lew. 12:1—8).
5 Ýehudylar günäsini ýuwmak üçin başga-da köp ýagdaýlarda mal gurbanlaryny bermelidi. Olar muňa düşünseler-de, düşünmeseler-de, çadyrda, soňra bolsa, ybadathanada beren gurbanlary Isanyň kämil gurbanynyň «kölegesidi» (Ýew. 10:1—10).
GOWY NIÝET BILEN GURBAN BERIŇ
6, 7. a) Ysraýyllylar nähili gurban bermelidigi barada oýlananda, nämäni unutmaly däldi we bu nämäni görkezýärdi? b) Biz özümize nähili soraglar bermeli?
6 Ýehowa ysraýyllylardan şikessiz, ýagny kör, maýyp we ýarawsyz bolmadyk mal bermegi talap edýärdi (Lew. 22:20—22). Ysraýyllylar Ýehowa «önümleriniň» we hasylynyň «iň oňadyny» bermelidi (San. 18:12, 29). Iň gowy sadaka berilmese, Ýehowa kabul etmeýärdi. Ysraýyllylaryň hödürleýän gowy mal gurbanlary Isanyň arassa we birkemsiz töleg gurbanyny aňladýardy. Bu Ýehowanyň adamlary günäden we ölümden halas etmek üçin iň gowy we örän gymmatly gurban berjekdigini görkezýärdi (1 Pet. 1:18, 19).
7 Eger adam Ýehowanyň eden ýagşylyklarynyň gadyryny bilse, begenip, iň gowy zadyny berýär. Ol nähili gurban berjekdigini özi çözse-de, iň gowy gurban berilmese, Hudaýyň halamajakdygyny bilýärdi. Eger ol şikesli maly gurban berse, onda gurban bermegi wajyp saýmaýandygyny we Hudaýyň ondan köp zady talap edýändigini görkezerdi (Malaki 1:13-i okaň)a. Bu bizi Hudaýa gulluk edişimiz barada oýlandyrmaly. Özümize şeýle soraglary bereliň: «Men Ýehowa näme üçin gulluk edýärin? Men Hudaýa iň gowy zatlarymy berýärinmi? Men Hudaýa nähili we näme niýet bilen gulluk edýärin?»
8, 9. Ysraýyllylaryň nähili niýet bilen gurban berendiginden näme öwrenýäris?
8 Ysraýylla Ýehowa minnetdarlygyny bildirip, meýletin gurbanyny ýa-da Ýehowanyň razylygyny gazanmak üçin ýakma gurbanyny berende, höwes bilen iň gowy malyny bermek aňsatdy. Şu günler biz Musanyň kanunynda agzalan gurbanlary bermesek-de, Ýehowa gulluk etmek üçin wagtymyzy, güýjümizi, serişdelerimizi sarp edýäris. Pawlus resul umydymyz barada «ykrar edýän dodaklaryň miwesini» we «ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy» Hudaýa ýaraýan gurbanlar diýdi (Ýew. 13:15, 16). Biz Ýehowa gowy niýet bilen gulluk edip, beren ähli zatlaryna minnetdarlygymyzy bildirýäris. Biz hem ysraýyllylar ýaly, Hudaýa nähili niýet bilen we näme üçin gulluk edýändigimizi barlamaly.
9 Käbir ýagdaýlarda Musanyň kanunyna görä, adamdan günäsi we ýazygy üçin gurban bermek talap edilýärdi. Seniň pikiriňçe, şeýle talap edilýän gurbanlary höwes bilen bermek kyndymy? (Lew. 4:27, 28). Eger adam Ýehowa bilen dost bolmak islese, onda kyn bolmazdy.
10. Biz dogan bilen ýaraşmak üçin nähili «gurbanlar» bermeli?
10 Şu günler biz hem bilmän ýa-da oýlanman bir zat diýip, doganyň göwnüne degmegimiz mümkin. Şonda ynsabymyz ezýet berip biler. Biz Ýehowany razy etmek islesek, ýalňyşymyzy düzetmek üçin elimizde baryny ederis. Şeýle ýagdaýda dogandan ýürekden ötünç soramaly. Eger biz agyr günä etsek, ýygnak ýaşulularyna ýüz tutmaly (Mat. 5:23, 24; Ýakup 5:14, 15). Dogana ýa-da Hudaýa garşy günä etsek, günämiz bagyşlanar ýaly tagalla ederis. Biz şeýle «gurbanlar» bermäge taýyn bolsak, ynsabymyz arassa bolup, Ýehowa we doganymyz bilen gowy gatnaşykda bolarys. Şonda Ýehowanyň bize iň gowy zatlary isleýändigine göz ýetireris.
11, 12. a) Salamatlyk gurbany näme? b) Salamatlyk gurbanyndan näme öwrenip bileris?
11 Şeýle-de Musanyň kanunynda salamatlyk gurbanlary barada hem aýdylýar. Salamatlyk gurbany adamyň Ýehowa bilen gowy gatnaşykdadygyny görkezýärdi. Adam salamatlyk gurbanyny berende, malyň etini maşgalasy bilen, belki, ybadathananyň aşhanasynda iýendir. Etiň bir bölegini maly gurban beren ruhany we ybadathanada gulluk edýän başga ruhanylar alýardy (Lew. 3:1; 7:31—33). Salamatlyk gurbanyny berýän adam Hudaý bilen gowy gatnaşykda bolmagy isleýärdi. Onuň maşgalasy, ruhanylar hem-de Ýehowanyň özi bir saçakdan iýip, gowy gatnaşykdan şatlanýardy.
12 Adam salamatlyk gurbanyny berende, Ýehowany saçak başyna çagyran ýaly bolýardy. Ýehowa şeýle çakylygy kabul etse, bu onuň üçin uly hormatdy! Ol, dogurdanam, şeýle hormatly myhmana iň gowy zady hödürlemek isleýärdi. Salamatlyk gurbany Musanyň kanunyndaky hakykatyň esasy bolup, Isanyň ajaýyp töleg gurbany arkaly ähli adamlaryň Ýaradyjy bilen ýakyn we gowy gatnaşykda bolup bilýändigini görkezýärdi. Şu günler biz Ýehowa gulluk edip, güýjümizi we serişdämizi gaýgyrmasak, onuň dosty bolarys.
HUDAÝYŇ HALAMAÝAN GURBANLARY
13, 14. Ýehowa näme üçin Saul patyşanyň gurbanyny kabul etmedi?
13 Adam gowy niýet bilen gurban berende, Ýehowa ony kabul edýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda käbir gurbanlary Hudaýyň kabul etmändigi aýdylýar. Näme üçin şol gurbanlary Hudaý halamady? Geliň, iki mysala seredeliň.
14 Şamuwel pygamber Saul patyşa Ýehowanyň amalekleri ýok etmeli wagtynyň gelendigini aýdýar. Pygamber Saula amalekleriň hemmesini we olaryň mallaryny öldürmelidigini aýdýar. Emma Saul ýeňiş gazanansoň, esgerlerine amalekleriň patyşasy Agagy öldürmäň diýdi. Şeýle-de Saul Ýehowa gurban bermek üçin iň gowy mallary öldürmeýär (1 Sam. 15:2, 3, 21). Şonda Ýehowa näme etdi? Saul gulak asmandygy üçin patyşalygyny elinden aldy (1 Samuel 15:22, 23-nji aýatlary okaň)b. Biz mundan nähili sapak edinip bileris? Hudaý gurbanlarymyzy kabul eder ýaly, onuň tabşyryklaryny berjaý etmeli.
15. Işaýanyň günlerinde özüni erbet alyp barýan ysraýyllylaryň Ýehowa beren gurbanlary nämäni görkezýärdi?
15 Işaýa kitabynda-da şuňa meňzeş mysal bar. Işaýanyň günlerinde ysraýyllylar Ýehowa gurbany göz üçin berýärdiler. Olaryň özlerini gowy alyp barmandyklary üçin Ýehowa olaryň gurbanlaryny kabul etmedi. Hudaý ysraýyllylara şeýle diýdi: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn... Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir». Olaryň getiren gurbanlaryny Hudaý näme üçin halamadyka? Hudaý olara şeýle diýdi: «Näçe dileg etseňiz-de, sizi diňlemerin; elleriňiz gana boýalypdyr. Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň» (Iş. 1:11—16).
16. Hudaý nähili gurbanlary kabul edýär?
16 Ýehowa toba etmedik adamlaryň gurbanlaryny kabul etmeýärdi. Emma Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmäge ýürekden tagalla edýän adamlaryň dogalaryny we sadakalaryny kabul edýärdi. Musanyň kanunynyň esaslary adamlara günälidigine we günäsiniň ötülmegine mätäçdigine düşünmäge kömek edýär (Gal. 3:19). Olar Musanyň kanunyna düşünenlerinde, günäsine toba edip, Ýehowanyň bagyşlamagyny isleýärdiler. Şu günler biz hem diňe Isanyň töleg gurbany arkaly Ýehowanyň günämizi bagyşlaýandygyny unutmaly däl. Biz Isanyň töleg gurbanynyň wajypdygyna düşünip, ýürekden minnetdar bolsak, Ýehowa «razy bolar» ýaly, gulluk etmek üçin elimizden gelenini ederis (Zebur 51:17, 19-njy aýatlary okaň).
ISANYŇ TÖLEG GURBANYNA IMAN EDIŇ!
17—19. a) Biz Ýehowa Isanyň töleg gurbany üçin minnetdarlygymyzy nädip bildirip bileris? b) Indiki makalada nämä serederis?
17 Hudaýyň gadymy döwürde ýaşan wepaly gullukçylaryndan tapawutlykda, biz Ýehowanyň niýetleriniň diňe «kölegesini» görmek bilen çäklenmeýäris (Ýew. 10:1). Gurbanlyk barada kanunlar ýehudylara Hudaý bilen gowy gatnaşykda bolmak üçin näme etmelidigini öwredýärdi. Munuň üçin olar Hudaýa minnetdar bolup, iň gowy gurban bermelidi we günäsiniň ötülmelidigine düşünmelidi. Şu günler bolsa, biz Injil kitabyndan Ýehowanyň Isanyň töleg gurbany arkaly günäni we ölümi hemişelik aýyrjakdygyna düşünýäris. Hudaý töleg gurbany arkaly günälerimizi bagyşlaýar we biz häzirem päk ynsaply bolup bilýäris. Hakykatdan-da, töleg gurbany Ýehowanyň ajaýyp sowgadydyr! (Gal. 3:13; Ýew. 9:9, 14).
18 Töleg gurbanynyň peýdasyny görmek üçin diňe onuň manysyna düşünmek ýeterlikli däl. Pawlus: «Biz iman bilen aklanar ýaly, kanun Mesih gelýänçä, biziň terbiýeçimiz boldy» diýip ýazýar (Gal. 3:24). Biz imanymyzy iş ýüzünde görkezmeli (Ýakup 2:26). I asyrasyrda ýaşan ýehudy mesihçiler hakykatyň esasyna düşünýärdiler. Sebäbi Musanyň kanunyny bilýärdiler. Indi Pawlus olary bilýän zatlaryna görä, hereket etmäge höweslendirýärdi. Şeýtseler, olar adamlara öwredýän prinsipleri boýunça ýaşardylar (Rimliler 2:21—23-nji aýatlary okaň).
19 Häzirki mesihçiler Musanyň kanunyny berjaý etmeseler-de, Ýehowanyň halaýan gurbanlaryny berýärler. Indiki makalada bu barada gürrüň ederis.
a Malaki 1:13. Goşunlar Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: «Siz: «Bu nähili kyn!» diýip, äsgermezlik bilen iňirdeýärsiňiz. Ýehowa şeýle diýýär: «Siz mejburlyk bilen alnan, maýyp we ýarawsyz mallary sowgat berýärsiňiz. Muny eliňizden kabul etmek, maňa ýararmy?»
b 1 Samuel 15:22. Şonda Samuel şeýle diýdi: «Ýakma gurbanlary we beýleki gurbanlar Ýehowanyň sözüne gulak asmak ýaly, Ony begendirýärmi? Gulak asmaklyk gurbanlardan gowudyr, tabyn bolmaklyk goçlaryň ýagyndan gowudyr. 23. Pitne — pal atmak ýaly günädir, tekepbirlik bolsa, jadygöýlük we butparazlyk ýalydyr. Sen Ýehowanyň sözüni ret edeniň üçin, Ol hem seni patyşa bolmaz ýaly ret eder.
[17-nji sahypadaky sitata]
Ýehowanyň esasy talaplary hiç haçan üýtgemeýär
[18-nji sahypadaky surat]
Sen Ýehowa haýsy goýny gurban berersiň?
[19-njy sahypadaky surat]
Biz Ýehowanyň halaýan gurbanyny bersek, ony razy ederis