Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/1 sah. 21—25
  • Ýehowa ýürekden gurban beriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa ýürekden gurban beriň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GÜNDE BERILÝÄN GURBANLAR
  • ÝEHOWANYŇ ISLEGINIŇ DURMUŞYŇA TÄSIR EDIŞI
  • SEŽDE BILEN BAGLY GURBANLAR
  • BIZ BERÝÄRIS WE ALÝARYS
  • MINNETDARLYGYŇYZY BILDIRIŇ
  • Hakykatyň esasyna düşünmegiň peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Siz Patyşalyk üçin nämelerden geçersiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowa sežde etmek şatlygyňa şatlyk goşýar
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Musa pygamberiň üçünji kitabyndan näme öwrenýäris?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/1 sah. 21—25

Ýehowa ýürekden gurban beriň

«Her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb (Ýehowa) üçin ýürekden işläň» (KOL. 3:24).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz gündeki işlerde Ýehowa nädip hormat goýup bileris?

  • Hudaýa sežde edenimizde, nähili gurbanlary bermeli?

  • Biz Ýehowa näme berip bileris?

1—3. a) Isa töleg gurbanyny berensoň, Ýehowa bizden hiç hili gurbanlary talap etmeýärmi? Düşündiriň. b) Şu günler gurban babatda nähili soraglar ýüze çykýar?

ÝEHOWA I asyrasyrda halkyna Isanyň töleg gurbany arkaly Musanyň kanunyny ýatyrandygyny aýtdy (Kol. 2:13, 14). Indi Ýehowa ýewreýleriň ýüzlerçe ýyllap beren mal gurbanlaryny we sadakalaryny getirmegi talap etmeýärdi. Musanyň kanuny Mesih gelýänçä, «terbiýeçi boldy» (Gal. 3:24).

2 Emma bu mesihçileri gurbanlar gyzyklandyrmaýandygyny aňlatmaýar. Petrus resul: «Isa Mesih arkaly Hudaýyň halaýan ruhy gurbanlaryny hödürläň» diýdi (1 Pet. 2:5). Şeýle-de Pawlus resul özüni Hudaýa bagyş eden mesihçileriň tutuş durmuşyna «gurban» diýdi (Rim. 12:1).

3 Diýmek, mesihçiler bir zadyny berip ýa-da bir zadyndan geçip, Ýehowa gurban berip bilýärler. Ýehowanyň ysraýyllylardan nähili gurbanlary talap edendigini bilip, biziň hem gurbanlarymyzy Hudaýyň kabul etjekdigine nädip ynanyp bileris?

GÜNDE BERILÝÄN GURBANLAR

4. Gündeki işlerde nämäni unutmaly däl?

4 Bize her gün edýän işlerimiziň Ýehowa gurban bermek bilen baglydygyna düşünmek kyndyr. Öý işleri, mekdepdäki okuw, dünýewi iş, zat satyn almak we ş. m. zatlar Hudaý bilen gatnaşygymyza täsir etmeýän ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma sen özüňi Ýehowa bagyş eden bolsaň ýa-da tizden bagyş etmekçi bolsaň, gündeki işleriň Hudaý bilen gatnaşygyňa täsir edýändigini unutma. Biz 24 sagat, ýagny gije-gündiz mesihçi bolanymyz üçin durmuşyň ähli pudagynda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýermeli. Pawlus resul: «Her näme etseňiz, adamlar üçin däl-de, Reb üçin ýürekden işläň» diýdi (Koloseliler 3:18—24-nji aýatlary okaň).

5, 6. Özümizi alyp barşymyza we geýnişimize näme täsir etmeli?

5 Mesihçiniň gündeki işleri mukaddes gulluga degişli däl. Emma Pawlus resulyň «ýürekden işläň» diýeni durmuşymyz barada oýlandyrýar. Biz mundan näme öwrenip bileris? Biz hemişe özümizi gowy alyp baryp, salykatly geýinýärismi? Ýa-da biz kämahal bolşumyzdan ýa-da egin-eşigimizden utanyp, özümiziň Ýehowanyň Güwäçisidigimizi aýtmaga çekinýärismi? Biz hiç haçan beýle etmeli däl! Biz Hudaýyň beýik adyna ysnat getirmek islemeýäris (Iş. 43:10; 2 Kor. 6:3, 4, 9).

6 Dürli ýagdaýlarda ähli zatlary Ýehowa üçin ýürekden etmek islegi, özümizi alyp barşymyza nähili täsir edýändigine seredeliň. Makalany okanymyzda, ysraýyllylaryň Ýehowa iň gowy gurbanlary bermelidiklerini unutmalyň (San. 18:29).

ÝEHOWANYŇ ISLEGINIŇ DURMUŞYŇA TÄSIR EDIŞI

7. Özüňi Hudaýa bagyş etmek näme?

7 Sen Ýehowa özüňi bagyş edip, gowy karara geldiň. Sen bütin ömrüňe Ýehowa gulluk etjekdigiňe söz berdiň. Diýmek, islendik ýagdaýda we belli bir karara geleniňde, Hudaýy birinji orunda goýýarsyň (Ýewreýler 10:7-i okaň). Sen Ýehowanyň görkezmesini agtarmagyň we oňa eýermegiň gowy netije berýändigine göz ýetirensiň (Iş. 48:17, 18). Hudaýyň halky mukaddes we bagtly, çünki tälim berýän Ýehowadan görelde alýar (Lew. 11:44; 1 Tim. 1:11).

8. Näme üçin biz Ýehowanyň ysraýyllylaryň gurbanlaryny mukaddes hasaplandygyny unutmaly däl?

8 Ýehowa ysraýyllylaryň berýän gurbanlaryny mukaddes hasaplaýardy (Lew. 6:25; 7:1). Ýewreý dilinden «mukaddes» diýlip terjime edilen söz aýry tutulmagy ýa-da diňe Ýehowanyňkydygyny aňladýar. Biz Ýehowanyň gurbanlarymyzy kabul etmegini islesek, dünýädäki hapa zatlardan gaça durmaly. Biz Ýehowanyň ýigrenýän zatlaryny söýmeli däl (1 Ýahýa 2:15—17-nji aýatlary okaň). Diýmek, biz Hudaýyň huzurynda hapa bolmaz ýaly, erbet adamlar bilen gatnaşmakdan we ýaramaz zatlardan gaça durmaly (Iş. 2:4; Ylh. 18:4). Şeýle-de biz hapa we ahlaksyz zatlara seretmeli däl we olar barada arzuw-hyýal hem etmeli däl (Kol. 3:5, 6).

9. Näme üçin biz adamlara ýagşylyk etmeli?

9 Pawlus resul mesihçilere: «Ýagşylyk etmegi, baryňyzy beýlekiler bilen paýlaşmagy unutmaň. Çünki Hudaý şu hili gurbanlary halaýandyr» diýdi (Ýew. 13:16). Biz ýagşylyk edip, adamlara kömek etsek, Ýehowa edýän işlerimizi görüp, gurbanymyzy kabul eder. Şeýtmek bilen, biz mesihçidigimizi subut ederis (Ýahýa 13:34, 35; Kol. 1:10).

SEŽDE BILEN BAGLY GURBANLAR

10, 11. Ýehowa wagzymyza we seždämize nähili garaýar we bu bize nähili täsir etmeli?

10 Biz adamlara «umydymyzy ykrar» edip, ýagşylyk edýäris. Sen her bir mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärsiňmi? Pawlus resul: «Hudaýa elmydam öwgi gurbanlaryny, Onuň adyny ykrar edýän dodaklaryň miwesini hödürlemelidigini» aýtdy (Ýew. 10:22; 13:15; Hoş. 14:2). Bu bize hoş habary köpräk we ökde wagyz etmek hakynda oýlanmaga kömek edýär. Bu babatda bize Gulluk duşuşygy hem ýardam edýär. Biz wagyz işiniň we resmi däl ýagdaýda güwälik etmek ýaly «öwgi gurbanlarymyzyň» Hudaýa sežde etmek bilen bagly bolany üçin, şol gurbanlardan iň gowusyny hödür etmeli. Her kimiň ýagdaýy biri-birinden tapawutlansa-da, näçe wagt wagyz edýändigimiz, Ýehowanyň berýän ruhy zatlaryna minnetdarlygymyzy görkezýär.

11 Biz öýde ýa-da ýygnakda Ýehowa yzygider sežde edýäris. Sebäbi Ýehowa muny bizden talap edýär. Biz indi sabat güni, Iýerusalime baýramçylyga gitmeli diýen kanunlary berjaý etmesek-de, şol kanunlardan käbir zatlary öwrenip bileris. Biz her gün köp işleri etsek-de, Hudaý bizden Mukaddes Ýazgylary öwrenmegi, doga etmegi we ýygnak duşuşyklaryna barmagy talap edýär. Mesihçi är maşgalasy bilen maşgala okuwyny geçmäge jogapkärli (1 Sel. 5:17; Ýew. 10:24, 25). Şonuň üçin özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men Hudaýa has gowy sežde etmäge çalyşýarynmy?»

12. a) Ysraýyllylaryň ýakan buhurlaryny şu günler nämä meňzetse bolar? b) Dogalarymyzy nädip buhur kimin edip bileris?

12 Dawut patyşa Ýehowa: «Dogam huzuryňda tüsse kimin bolsun» diýdi (Zeb. 141:2). Sen näçe gezek we näme barada doga edýändigiň hakynda oýlansaň, gowy bolardy. Ylham kitabynda «mukaddesleriň dogalary» buhura meňzedilýär. Kabul edilýän dogalar hoşboý ys kimin Ýehowa ýetýär (Ylh. 5:8). Gadymy döwürde ysraýyllylar buhury gowy taýýarlap, Ýehowanyň gurbanlyk sypasynda yzygider ýakýardylar. Ýehowa buhury diňe görkezmesine görä ýakanlarynda, kabul edýärdi (Müs. çyk. 30:34—37; Lew. 10:1, 2). Şeýlelikde, biz hem Ýehowanyň isleýşi ýaly doga etsek we dogany mukaddes hasaplasak, ol dogalarymyzy eşider.

BIZ BERÝÄRIS WE ALÝARYS

13, 14. a) Epafrodit we Filipidäki dogan-uýalar Pawlus üçin näme etdi? Pawlus muňa nähili garady? b) Biz Epafroditiň we Filipidäki dogan-uýalaryň göreldesine nädip eýerip bileris?

13 Biziň bütindünýä wagyz işini goldamak üçin berýän pulumyz kän bolsa-da, az bolsa-da, gurban etdigimiz bolýar (Mar. 12:41—44). Birinji asyrda Filipidäki ýygnak Pawlusyň aladasyny edip, Epafrodit arkaly Pawlusa biraz pul iberýär. Filipililer Pawlusa birnäçe gezek jomartlygyny görkezipdi. Doganlar Pawlusa sowgat ibermek bilen, onuň köpräk wagyz etmegini isleýärdi. Pawlus bu sowgada nähili garady? Ol oňa: «Hoşboý ys, Hudaýyň halajak gurbany» diýdi (Filipililer 4:15—19-njy aýatlary okaň). Pawlus resul filipilileriň eden ýagşylygyna ýürekden minnetdar boldy we bu Ýehowa-da ýarady.

14 Şu günlerem bütindünýä wagyz işi üçin berýän sowgatlarymyz Ýehowa örän ýaraýar. Şeýle-de biz Hudaýyň patyşalygyny birinji orunda goýsak, Ýehowa imanymyzy berkitjekdigini we gündeki gerekli zatlary berjekdigini wada berýär (Mat. 6:33; Luka 6:38).

MINNETDARLYGYŇYZY BILDIRIŇ

15. Biz näme üçin Ýehowa minnetdar bolmaly?

15 Ýehowa minnetdar bolmaga birnäçe sebäpler bar. Eýsem, biz her gün ýaşaýyş sowgady üçin, oňa minnetdar bolmaly dälmi? Ol bize ýaşaýyş üçin iýmit, eşik, jaý we howa ýaly ähli zerur zatlary berýär. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardan dogry bilim aldyk we iman edip, gelejege umydyz bar. Ýehowa biziň Ýaradyjymyz bolandygy we ähli zatlary berýändigi üçin, oňa sejde etmeli we ýakymly öwgi gurbanlaryny bermeli (Ylham 4:11-i okaň).

16. Biz Isanyň töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy nädip bildirmeli?

16 Biz geçen makaladan Isanyň töleg gurbanynyň Hudaýyň adamlara beren gymmatly sowgadydygyny bildik. Bu sowgat Hudaýyň uly söýgüsini görkezýär (1 Ýahýa 4:10). Biz sowgada minnetdardygymyzy nädip görkezip bileris? Pawlus resul şeýle diýdi: «Mesihiň söýgüsi bizi mejbur edýär, sebäbi biri hemmäniň ugrunda öldi... hemmesi ölendir diýip hasap edýäris. Ol ýaşaýanlar artykmaç özleri üçin däl-de, olar ugrunda Ölen we Direlen üçin ýaşasyn diýip, hemmäniň ugrunda öldi» (2 Kor. 5:14, 15). Pawlusyň aýtmagyna görä, Hudaýyň merhemetiniň gadyryny bilsek, Hudaýa we Onuň ogluna hormat goýup ýaşarys. Biz Hudaýa hem Isa Mesihe gulak asyp, hoş habary yhlasly wagyz edip, şägirt taýýarlap, olara bolan söýgimizi we minnetdarlygymyzy bildirýäris (1 Tim. 2:3, 4; 1 Ýahýa 5:3).

17, 18. Käbir dogan-uýalar nädip iň gowy gurbanlary berýärler? Mysal getir.

17 Sen Hudaýa iň gowy öwgi gurbanlaryny bermäge çalyşýarmyň? Dogan-uýalaryň köpüsi Ýehowanyň eden ähli ýagşylyklary barada oýlanansoň, köpräk wagyz etmek we Ýehowanyň guramasynda başga-da işleri etmek üçin käbir özgerişler etdiler. Käbir mesihçiler ýylda bir ýa-da birnäçe aý kömekçi pioner, käbiri bolsa pioner bolup gulluk edýärler. Başga dogan-uýalar bolsa, Patyşalygyň gurluşyk işine gatnaşýarlar. Bular minnetdarlygymyzy bildirmegiň iň gowy usuly. Sen Hudaýa minnetdarlygyňy bildirmek üçin dogry niýet bilen gulluk etseň, berýän gurbanlaryňy Ýehowa kabul eder.

18 Mesihçileriň köpüsi Ýehowa minnetdarlygyny bildirýärler. Olaryň biri Morena. Ol Hudaý we durmuşyň manysy baradaky soraglara jogap tapmak üçin katolik dinine we başga dinlere ýüz tutupdy. Emma diňe Ýehowanyň Güwäçileri bilen Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçip başlanda, ruhy teşnesini gandyrdy. Morena Mukaddes Ýazgylardan alan bilimi üçin, Ýehowa örän minnetdardy, sebäbi özüni bagtly duýýardy. Ol bar güýji bilen Hudaýa gulluk edip, oňa minnetdarlygyny bildirmek isledi. Ol suwda çokundyrylandan soň, derrew kömekçi pioner bolup gulluk edip başlady, soňra pioner boldy. Häzir Morena uýa 30 ýyldan bäri doly wagt gulluk edýär.

19. Nädip Ýehowa iň gowy öwgi gurbanlaryny berip bileris?

19 Elbetde, Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň köpüsi ýagdaýy sebäpli pioner bolup gulluk edip bilmeýär. Emma biziň ruhy gurbanlarymyz kabul ediler ýaly, Ýehowa gulluk etmek üçin elimizde baryny etmeli. Biz hemişe Ýehowanyň adyny göterýändigimizi ýatda saklap, Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerip, özümizi gowy alyp barmaly. Biz Hudaýyň niýetini amala aşyrjakdygyna iman edýäris. Biz ýagşylyk edip, hoş habaryň wagyz edilmegine ýardam edýäris. Şeýdip, Ýehowanyň biziň üçin eden ähli zatlaryna ýürekden minnetdardygymyzy bildirýäris. Geliň, mundan beýläk hem Ýehowa ýürekden gurbanlar bereliň.

[25-nji sahypadaky sitata]

Ýehowanyň ýagşylygy iň gowy öwgi gurbanlaryny bermäge seni höweslendirýärmi?

[23-nji sahypadaky surat]

Sen her mümkinçilikden peýdalanyp wagyz edýärmiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş