Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/1 sah. 26—30
  • Patyşa ruhanylaryň adamzada berýän berekedi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Patyşa ruhanylaryň adamzada berýän berekedi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • WADA EDILEN «PATYŞA RUHANYLAR»
  • TÄZE ÄHTIŇ AGZALARY PATYŞA RUHANYLAR BOLÝAR
  • PATYŞA RUHANYLAR ADAMZADA BEREKET BERÝÄR
  • PATYŞA RUHANYLAR MAKSADYNA ÝETÝÄR
  • Siz patyşalar we ruhanylar bolarsyňyz
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/1 sah. 26—30

Patyşa ruhanylaryň adamzada berýän berekedi

«Siz... saýlanan nesil, patyşa ruhanylar, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz» (1 PET. 2:9, TD).

DÜŞÜNDIRIP BILERSIŇIZMI?

  • Ýehowa patyşa ruhanylar barada ilkinji sapar haçan wada berdi?

  • Patyşa ruhanylar täze ähte görä, nädip saýlandy?

  • Patyşa ruhanylar adamzada nähili bereketler berýär?

1. Näme üçin «Rebbiň naharyna» Ýatlama agşamy hem diýilýär we ol näme maksat bilen bellenilýär?

BIZIŇ ERAMYZYŇ 33 ýylynyň 14-nji nisanynda agşam Isa 12 resuly bilen iň soňky gezek Pasha baýramyny belledi. Isa haýynlyk eden Iuda Iskarioty iberenden soň, «Rebbiň nahary» diýen täze baýramçylygy girizýär (1 Kor. 11:20). Isa iki sapar: «Muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Bu baýramçylyk bize Isanyň eden işlerini, esasanam, biziň üçin janyny gurban edendigini ýatladýar (1 Kor. 11:24, 25). Bütin dünýäde Ýehowanyň Güwäçileri bu tabşyryga gulak asyp, her ýyl Ýatlama agşamyny belleýärler. 2012-nji ýylda ýewreýleriň kalendary boýunça 14-nji nisanda, ýagny 5-nji aprelde, sişenbe güni gün batandan soň Ýatlama agşamy belleniler.

2. Isa çörek we şerap barada näme diýdi?

2 Isanyň şol gün aýdan sözlerini şägirdi Luka iki aýatda şeýle jemledi: «Çöregi aldy-da, şükür etdi, ony döwüp, şägirtlere berip: «Bu Meniň siziň üçin berlen bedenimdir, muny Meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi. Şonuň ýaly, agşamlyk naharyndan soň hem, bir käsäni alyp, şeýle diýdi: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym» (Luka 22:19, 20). Resullar Isanyň aýdan sözlerine nähili düşündi?

3. Isanyň çörek we gan barada aýdan sözlerine şägirtleri nähili düşündiler?

3 Resullar Iýerusalimdäki ybadathanada ruhanylaryň mal gurbanlaryny berýändigini bilýärdi. Şol gurbanlar Ýehowany razy etmek we günäleriň ötülmegi üçin berilýärdi (Lew. 1:4; 22:17—29). Şol sebäpli Isa bedenimi siziň üçin berýärin, ganymy siziň üçin dökýärin diýende, resullar onuň kämil janyny gurban berjekdigine düşünýärdi. Onuň gurbany mal gurbanlaryndan has gymmatlydy.

4. Isanyň: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen Täze ähtdir» diýmegi näme aňladýar?

4 Isanyň: «Bu käse Meniň siziň üçin dökülen ganym bilen berkidilen Täze ähtdir» diýmegi näme aňladýar? Resullar Ýeremiýanyň täze äht barada aýdan pygamberligini bilýärdi (Ýeremiýa 31:31, 33-nji aýatlary okaň)a. Isa-da şol täze äht barada aýdýardy. Bu täze äht Ýehowanyň Musa arkaly beren kanunyna derek berildi. Bu iki ähtiň näme baglanyşygy bar?

5. Äht kanuny ysraýyllylara nähili mümkinçilik berdi?

5 Dogrudan-da, iki äht hem biri-biri bilen baglanyşykly. Ýehowa ysraýyllar bilen äht baglaşyp, şeýle diýdi: «Siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklasaňyz, ähli halklaryň arasynda siz Meniň Öz saýlan halkym bolarsyňyz, çünki tutuş zemin Meniňkidir. Siz Meniň üçin ruhanylar bolup hyzmat edýän, Maňa bagyş edilen mukaddes halk bolarsyňyz» (Müs. çyk. 19:5, 6). Ysraýyllylar bu sözlere nähili düşündiler?

WADA EDILEN «PATYŞA RUHANYLAR»

6. Äht kanuny haýsy wadany berjaý etmelidi?

6 Ysraýyllylar «ähtiň» nämedigine düşünýärdi, sebäbi öň Ýehowa Nuh we Ybraýym bilen äht baglaşypdy (Gel. çyk. 6:18; 9:8—17; 15:18; 17:1—9). Ýehowa Ybraýym bilen äht baglaşyp: «Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriňden pata alarlar» diýip, wada berdi (Gel. çyk. 22:18). Ýehowa şu wadany berjaý etmek üçin Äht kanunyny baglaşdy. Şu ähtiň esasynda Ysraýyl «ähli halklaryň arasynda saýlanan halk» bolmalydy. Näme maksat bilen? Olar Ýehowa üçin «patyşa ruhanylar» bolmalydy.

7. Mukaddes Ýazgylardaky «patyşa ruhanylar» diýmek näme aňladýar?

7 Ysraýyllylar patyşalaryň we ruhanylaryň kimdigini bilýärdi. Emma gadymy döwürde Ýehowanyň islegi bilen diňe Melkisedek hem patyşa, hem ruhany bolupdy (Gel. çyk. 14:18). Äht kanunyna görä, Ýehowa halklardan diňe ysraýyllylara «patyşa ruhanylar» bolmaga mümkinçilik berdi. Soňra Mukaddes Ýazgylara görä, olar hem patyşa, hem ruhany bolup bilýärdiler (1 Pet. 2:9).

8. Hudaýyň bellän ruhanysy näme edýärdi?

8 Elbetde, patyşa höküm sürýärdi. Emma ruhany näme edýärdi? Ýewreýler 5:1-de şeýle diýilýär: «Her bir baş ruhany, günäleriň tölegine sylaglar hem gurbanlar hödürlär ýaly, adamlar arasyndan saýlanyp, Hudaýa degişli zatlarda olara wekillik etmek üçin bellenýär». Ýehowanyň bellän ruhanysy halkyň wekili bolup, Hudaýyň huzurynda durýardy. Şeýle-de ruhany Ýehowanyň wekili bolup, halka Hudaýyň kanunyny öwredýärdi (Lew. 10:8—11; Mal. 2:7). Şeýdip, ruhany günäli adamlary Hudaý bilen ýaraşdyrýardy, ýagny Hudaýa ýakynlaşdyrýardy.

9. a) Ysraýyllylar «patyşa ruhanylar» bolar ýaly näme etmelidi? b) Näme üçin Ýehowa ysraýyllylaryň arasynda käbirlerini ruhany edip belledi? ç) Näme üçin ysraýyllylar Äht kanunyň astynda «patyşa ruhanylar» bolup bilmeýärdi?

9 Äht kanuny boýunça ysraýyllylaryň «ähli halklar» üçin patyşalar we ruhanylar bolmaga ajaýyp mümkinçiligi bardy. Emma olar munuň üçin bir zady etmelidi. Hudaý olara: «Siz Meniň sözüme boýun bolup, Meniň ähtimi saklamaly» diýdi. Olar Ýehowa «boýun bolup» bilerdimi? Olar Hudaýa doly gulak asyp bilmeýärdi (Rim. 3:19, 20). Ine, şol sebäpli Ýehowa ysraýyllylaryň arasynda käbir adamlary ruhany edip belledi. Şol ruhanylar patyşa bolup höküm sürmän, adamlaryň günäsi üçin gurbanlar berýärdi (Lew. 4:1—6:7). Ruhanylar öz günäsi üçin hem gurban berýärdi (Ýew. 5:1—3; 8:3). Ýehowa şol gurbanlary kabul etse-de, olar ysraýyllylaryň günäsini doly ýuwup bilmeýärdi. Şol sebäpli-de, olar garraýardy hem-de ölýärdi. Ruhanylar Äht kanuny astynda hatda akýürekli ysraýyllylary hem Hudaý bilen doly ýaraşdyryp bilmeýärdi. Pawlus resul: «Öküzleriň, erkeçleriň gany bilen günäleriň aýrylmagy mümkin däldir» diýdi (Ýew. 10:1—4). Ysraýyllylar Musanyň kanunyny doly berjaý edip bilmeýändigi üçin gargyş astyndady (Gal. 3:10). Şol sebäpli olar başga halklar üçin patyşa ruhanylar bolup gulluk edip bilmeýärdi.

10. Äht kanunynyň maksady nämedi?

10 Onda ysraýyllylar Ýehowanyň wada berşi ýaly, hiç haçan «patyşa ruhanylar» bolup bilmezmi? Olar Äht kanuny astyndaka Ýehowa ýürekden gulak assalar-da, «patyşa ruhanylar» bolup bilmez. Näme üçin? (Galatýalylar 3:19—25-nji aýatlary okaň). Muňa düşünmek üçin Äht kanunynyň maksadyny bilmeli. Äht kanuny olary ýalan taňrylara sežde etmekden goraýardy. Şeýle-de Kanun olaryň günälidigine we baş ruhanysynyň berýän gurbanyndan has uly gurbanyň gerekdigine düşünmäge kömek edýärdi. Kanun olaryň «terbiýeçisi» bolup, «mesh edilen» Isa Mesihi kabul etmäge taýýarlaýardy. Emma Mesih gelende, Ýeremiýanyň pygamberlik edişi ýaly täze äht berdi. Isa Mesihi kabul edenler, täze ähtiň agzalary bolup, «patyşa ruhanylar» bolmalydy. Geliň, olaryň nädip «patyşa ruhanylar» bolýandygyny bileliň.

TÄZE ÄHTIŇ AGZALARY PATYŞA RUHANYLAR BOLÝAR

11. Isa nädip başga adamlara-da, «patyşa ruhanylar» bolmaga ýol açdy?

11 B. e. 29-njy ýylynda nasyraly Isa Mesih boldy. Ol 30 ýaşlarynda suwda çokundyrylyp, Ýehowanyň tabşyran wajyp ýumşuny ýerine ýetirmäge taýyndygyny görkezdi. Ýehowa şonda oňa: «Bu Meniň söýgüli Oglum» diýip, ýag bilen däl-de, mukaddes ruh bilen mesh etdi (Mat. 3:13—17; Res. iş. 10:38). Şeýdip, Hudaý Isany ähli iman edýän adamlara Baş ruhany we geljekki patyşa edip belledi (Ýew. 1:8, 9; 5:5, 6). Şeýlelikde, Isa başga adamlara-da, patyşalar we ruhanylar bolmaga ýol açdy.

12. Töleg gurbany nämä ýol açdy?

12 Isa Baş ruhany hökmünde oňa iman edenleriň günäleri bagyşlanar ýaly, nähili gurban bermelidi? Isa Ýatlama agşamyny girizende, öz kämil janyny berjekdigini düşündirdi (Ýewreýler 9:11, 12-nji aýatlary okaň). B. e. 29-njy ýylynda Isa Baş ruhany hökmünde mesh edilip, tä ölýänçä synaldy we gulak asmagy öwrendi (Ýew. 4:15; 5:7—10). Ol direlenden soň, göge galyp, Ýehowa töleg gurbanyň bahasyny hödürledi (Ýew. 9:24). Şondan bäri Isa töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň Ýehowanyň öňünde «töwellaçysy» bolup, olara ebedi ýaşaýşa umyt bilen Hudaýa gulluk etmäge kömek edýär (Ýew. 7:25). Şeýle-de töleg gurbany arkaly täze äht güýje girýär (Ýew. 8:6; 9:15).

13. Täze ähtiň agzalary nähili bereket alar?

13 Şeýle-de täze ähtiň agzalary mukaddes ruh bilen mesh edilmelidi (2 Kor. 1:21). Olara ýehudylar we başga milletli adamlar degişlidi (Efes. 3:5, 6). Täze ähtiň agzalary nähili bereket alar? Birinjiden, olaryň günäleri doly bagyşlanýardy. Ýehowa şeýle pygamberlik etdi: «Men olaryň ýazyklaryny we günälerini bagyşlaryn hem mundan beýläk ýatlamaryn» (Ýerem. 31:34). Ikinjiden, Ýehowa olaryň günäsini bagyşlaýardy we olar «patyşa ruhanylar» boldy. Petrus mesh edilen mesihçiler barada: «Siz özüňizi tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmäge saýlanan nesil, patyşa ruhanylar, mukaddes millet, Hudaýa degişli halksyňyz» diýdi (1 Pet. 2:9, TD). Petrus resul Ýehowanyň Ysraýyla Kanun berende aýdan sözlerini ýatlap, şol sözleriň täze ähtiň agzalaryna degişlidigini aýtdy (Müs. çyk. 19:5, 6).

PATYŞA RUHANYLAR ADAMZADA BEREKET BERÝÄR

14. Patyşa ruhanylar nirede gulluk eder?

14 Patyşa ruhanylar nirede gulluk eder? Birinjiden, olar ýerde ruhany hökmünde topar bolup, gulluk edýärler. Olar Hudaýyň wekili hökmünde adamlara Ýehowanyň «şöhratly işlerini» yglan edýärler we ruhy taýdan iýmit berýärler (Mat. 24:45; 1 Pet. 2:4, 5). Olar ölüp, direlenden soň, gökde Mesih bilen patyşalyk we ruhanylyk borjuny doly ýerine ýetirerler (Luka 22:29;1 Pet. 1:3—5; Ylh. 1:6). Ýahýa resul görnüşde Ýehowanyň tagtynyň golaýynda ençeme ruhy şahsyýetleri görýär. Olar: «Öz ganyň bilen bizi her taýpadan, her dilden, her halk we her milletden Hudaýa satyn aldyň» diýip, «Guza» «täze aýdym» aýdýarlar (Ylh. 5:8—10). Ýahýa başga bir görnüşde patyşalar barada şeýle diýdi: «Olar Mesihiň ruhanylary bolup, Onuň bilen bile müň ýyl höküm sürer» (Ylh. 20:6). Olar Mesih bilen bile patyşa ruhanylar bolup, adamzada bereket berer.

15, 16. Patyşa ruhanylar adamzada nähili bereketler berer?

15 144 müňler ýer ýüzünde ýaşaýan adamlara nähili bereketler berer? Olar Ylham kitabynyň 21-nji babynda gökdäki şäher Iýerusalim hem «Guzynyň aýaly» hökmünde suratlandyrylýar (Ylh. 21:9). Şol babyň 2—4-nji aýatlarynda: «Men öz adamsy üçin taýýarlanan bezegli gelin ýaly, Gökden Hudaýyň ýanyndan aşak inip gelýän mukaddes şäher täze Iýerusalimi gördüm. Gökden bir batly sesiň şeýle diýenini eşitdim: «Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar. Olar Onuň halky bolar, Hudaýyň Özi-de olaryň arasynda bolar. Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölüm, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» diýilýär (Ylh. 21:2—4). Gör, nähili ajaýyp bereketler! Ölüm bolmasa, diýmek, gözýaş, agy, ýas, agyry-da bolmaz. Şeýlelik-de, Hudaýa wepaly adamlar kämil bolup, Hudaý bilen doly ýaraşar.

16 Patyşa ruhanylaryň başga-da berjek bereketleri barada Ylham 22:1, 2-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Perişde maňa şäher köçesiniň ortasynda Hudaýyň we Guzynyň tagtyndan çykýan bulgur ýaly dury ýaşaýyş suwunyň derýasyny görkezdi. Derýanyň iki tarapynda on iki hili miwe öndürýän, her aý miwesini berýän ýaşaýyş agajy bardy. Agajyň ýapraklary milletlere şypady» (Ylh. 22:1, 2). Şol zatlaryň kömegi bilen «milletler» Adam atanyň miras goýan bikämilliginden doly gutular, ýagny şypa tapar. Hakykatdan-da, «öňki zatlar aradan aýryldy».

PATYŞA RUHANYLAR MAKSADYNA ÝETÝÄR

17. Patyşa ruhanylar 1000 ýylyň ahyrynda näme maksadyna ýeter?

17 Patyşa ruhanylar 1000 ýyllygyň ahyrynda ýer ýüzünde ýaşaýan adamlary kämillige ýetirer. Şonda Baş ruhany hem Patyşa Isa Mesih kämil ynsan maşgalasyny Ýehowa tabşyrar (1 Korintoslylar 15:22—26-njy aýatlary okaň). Şeýdip, patyşa ruhanylar öňünde goýlan maksadyna ýeter.

18. Patyşa ruhanylar maksadyna ýetenden soň, Ýehowa olara näme iş tabşyrar?

18 Şondan soňra Ýehowa patyşa ruhanylara näme iş tabşyrar? Ylham 22:5-de: «Olar ebedilik höküm sürer» diýilýär. Eýsem, olar kimiň üstünden höküm sürer? Injilde bu barada hiç zat aýdylmaýar. Olar baky ýaşar, ýagny hiç haçan ölmez. Şeýle-de olar bikämil adamzada kömek edip, tejribeli bolany üçin, mundan beýläk-de patyşalar hökmünde Ýehowanyň islegini ebedi berjaý ederler.

19. Ýatlama agşamyna baran adamlar nämäni ýatlarlar?

19 Biz 2012-nji ýylyň 5-nji aprelinde sişenbe güni Isanyň ölüminiň Ýatlama agşamyny bellemek üçin ýygnanyşanymyzda, Mukaddes Ýazgylaryň şu taglymatlaryny ýadymyza salarys. Mesh edilen mesihçileriň ýerde ýaşaýan galyndysy hamyrmaýasyz çörekden hem gyrmyzy şerapdan dadyp, täze ähte gatnaşýandygyny görkezerler. Mesihiň töleg gurbanynyň şol nyşanlary olara beýik hormatyň we Hudaýyň ebedi niýetinde uly jogapkärçiligiň berlendigini ýatladar. Adamzat maşgalasyna bereket berýän patyşa ruhanylar üçin, geliň, Ýehowa Hudaýa çuňňur minnetdar bolalyň!

a Ýeremiýa 31:31. Ýehowa diýýär: «Ine, şeýle günler geler — men Ysraýyl we Ýahuda öýi bilen täze äht baglaşaryn. 33. Men kanunymy olaryň ýüreklerine guýaryn. Men olaryň Hudaýy bolaryn, olar hem meniň halkym bolar».

[29-njy sahypadaky surat]

Patyşa ruhanylar adamzada ebedi bereketler berer

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş