Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w12 15/1 sah. 31—32
  • Geçmişden galan hazynalary saklaýarys

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Geçmişden galan hazynalary saklaýarys
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Sözbaşylar
  • «MAŞGALA ALBOMYMYZ» WE «MIRASYMYZ»
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/1 sah. 31—32

Arhiwimizden

Geçmişden galan hazynalary saklaýarys

ÝEHOWANYŇ halkynyň ruhy taýdan baý mirasy bar. Bu barada biziň diňe bir edebiýatymyz däl, eýsem Hudaýa bolan seždämiz, wagyz işimiz we taryhymyz bilen bagly suratlar, hatlar, şaýatlaryň bellikleri we başga zatlar güwä geçýär. Näme üçin şeýle zatlary saklamaly we geçmişi ýatlamaly? Mysal üçin, gadymy Ysraýylda maşgalabaşylar ogullary «Hudaýa umyt baglar» ýaly, olara Ýehowanyň tabşyryklaryny we ajaýyp işlerini gürrüň bermelidi (Zeb. 78:1—7).

Gadym döwürden bäri Hudaýyň niýetini amala aşyrmakda arhiwiň uly ähmiýeti bar. Meselem, Iýerusalimdäki ybadathanany dikeltmäge duşmanlar päsgel berjek bolanda, Midiýanyň paýtagty Ekbatanadaky arhiwiň ýazgylaryna ýüz tutanlarynda, Kir patyşanyň gurluşyk işine rugsat berendigi hakyndaky dokumenti tapdylar (Ezra 6:1—4, 12). Şeýlelikde, Hudaýyň islegine görä, ybadathana dikeldildi. Luka hem Injili ýazanda, «başyndan hemmesini üns bilen barlaşdyryp», arhiwdäki maglumaty ulanypdy (Luka 1:1—4).

Ýolbaşçylyk maslahaty hem guramamyzyň taryhy bilen içgin gyzyklanýar. Ruhy mirasy saklap, dokumentleşdirmek we täze nesle galdyrmak barada Ýolbaşçylyk maslahatynyň bir agzasy: «Geçmişini bilmedigiň gelejegi bolmaz» diýdi. Şol sebäpli, Bruklinde (Nýu-Ýork, ABŞ) bütindünýä baş edarada Ýazyjylar komitetiniň ýolbaşçylygynda ýazyjylar bölüminiň arhiwi döredildi.

«MAŞGALA ALBOMYMYZ» WE «MIRASYMYZ»

Wagtyň geçmegi bilen, käbir zatlar könelýär. Biziň köpümiz maşgalamyzyň taryhy barada köpräk bilesimiz gelýär. Şu günler ýazyjylar bölüminiň arhiwinde baý we köpelýän mirasymyzy saklamak hem-de ulgamlaşdyrmak üçin uly iş alnyp barylýar. Arhiwde saklanylýan suratlara «maşgala albomymyz» diýse bolar. Arhiwiň hazynalaryna irki edebiýatlarymyz, ýazga geçirilen gyzykly wakanyň gürrüň berlişi, şeýle-de ýatlar ýaly başga-da dürli zatlar degişli. Bu zatlar — «maşgala mirasymyz» bolup, bize guramanyň taryhyna has gowy düşünmäge we ruhy maşgalamyzyň gelejegine ynamly bolmaga kömek edýär.

Biz sizi «Arhiwimizden» diýen täze bölüm arkaly ýazyjylar bölüminiň arhiwi bilen tanyşmaga çagyrýarys. Bu bölüm «Garawul diňinde» (ýygnak üçin sanynda) yzygiderli çap ediler. Meselem, biz indiki sanda suratly hekaýany çap ederis. Onda şeýle soraglara jogap berler: «tigirli şapak» näme? Ony kim, haçan we näme maksat bilen ulandy?

Maşgala albomyndaky ýaly, arhiwdäki ýygnalan zatlardan, biz özümiz we bizden öň ýaşan dogan-uýalaryň gökdäki Atamyza gulluk edip, imany, mertligi, şatlygy, kynçylygy barada köp zatlary bileris. Şeýle-de arhiwden Ýehowanyň halkyna beren görkezmesini we goldawyny bileris (Kan. tag. 33:27). Biz guramanyň taryhyny saklamak üçin edýän tagallamyza Ýehowanyň ak pata berjekdigine we onuň islegini berjaý eder ýaly has jebisleşip, agzybir boljakdygymyza ynanýarys.

[31-nji sahypadaky surat/çarçuwa]

Arhiwde alnyp barylýan işler

Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar, DVD we başga materiallar taýýarlananda ýazyjylar, suratçylar, barlag geçirijiler we başga işgärler arhiwi ulanýarlar. Arhiwde filiallardan, Beýteliň bölümlerinden, ýygnaklardan, aýratyn adamlardan we dünýewi guramalardan alnan dürli taryhy maglumatlar ýygnalýar we saklanylýar. Arhiwde şu aşakdaky işler edilýär:

Materiallary ýygnamak we taýýarlamak. Arhiwe hemişe täze üýtgeşik zatlar ýygnalýar. Olaryň köpüsini Ýehowa ençeme ýyl gulluk edýän dogan-uýalar sowgat etdiler ýa-da berdiler. Şol materiallary deňeşdirip, derňesek taryhymyza we bizden öň ýaşan dogan-uýalara has gowy düşüneris.

Katalogyň düzülişi. Ýazyjylar bölüminiň arhiwinde müňlerçe dürli zatlar bar. Olaryň käbirine ýüz ýyldan gowrak wagt boldy. Zatlar daşky görnüşi we möçberi bilen tapawutlanýar. Olaryň hemmesini gelejekde ulanar ýaly, kataloga girizmeli.

Bejeriş we saklaýyş işleri. Köne kitaplary we döwülýän zatlary ussatlyk bilen bejerýärler we saklaýarlar. Dokumentleri, suratlary, gazetden kesilip alnan bölekleri, kino we surat plýonkalary, audioýazgylary elektron görnüşine geçirilýär. Bu taryhy gymmat saýylýan asyl nusgany däl-de, elektron görnüşindäki kopiýalary ulanmaga ýardam edýär.

Abat saklamak we ulanmak. Arhiwdäki materiallar ýitmez, ýagtylykdan we çyglykdan zaýalanmaz ýaly, belli bir tertipde hem-de gerekli şertlerde saklanylýar. Biziň geçmişimizi ýatladýan hazynalary tapmak aňsat bolar ýaly, arhiwdäki zatlaryň ählisi maglumat bazasyna girizilýär.

[32-nji sahypadaky suratlar]

1. «Ýaradylyşyň fotodramasy» barada afişa. 2 Edebiýatlara ýazylanlaryň spisogy. 3. Sesi güýçlendirýän turbaly maşyn. 4. 15-nji aprel 1912-nji ýylda çykan «Garawul diňiniň» daşy. 5. Türme dokumentlerinde J. F. Ruterford barada bellik. 6. Mikrofon WBBR. 7. Patefon. 8. Kitaplar üçin çemedan. 9. Şahsy ýazgylar. 10. J. F. Ruterfordyň telegrammasy.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş