HUDAÝYŇ SÖZÜNDÄKI HAZYNALAR | 3 MUSA 8, 9
Ýehowanyň ak pata berýändiginiň subutnamasy
Ilkinji sapar ýakma gurbanlygy Harun bilen ogullary ruhany bellenende berildi. Şonda Ýehowa gökden ot inderip, gurbanlygy kül etdi. Ýehowanyň gurbanlygy ýakmagy ruhanylary goldaýandygyny we olardan razydygyny görkezýärdi. Ysraýyl halky Ýehowanyň ruhanylary goldaýandygyny görüp ruhlandylar. Şu günler şan-şöhrata eýe bolan Isa Mesih Ýehowanyň baş ruhanysy bolup gulluk edýär (Ýew 9:11, 12). 1919-njy ýylda Isa saýlanan mesihçileriň kiçi toparyny «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» edip belledi (Mat 24:45). Ýehowanyň wepaly hyzmatkäre ak pata berýändigi, goldaýandygy we olardan razydygy nämeden görünýär?
Güýçli yzarlamalara garamazdan, wepaly hyzmatkär ruhy iýmiti wagtly-wagtynda berýär
Pygamberlik edilişi ýaly, hoş habar «bütin ýer ýüzüne» wagyz edilýär (Mat 24:14)
Wepaly hem paýhasly hyzmatkäri nädip ýürekden goldap bileris?